Bir soragyñ ýigrimi ýyllyk sütemi »Gerdişi keç gahba pelek elinden…»
Bir soragyñ ýigrimi ýyllyk sütemi ''Gerdişi keç gahba pelek elinden…''
ELINDEN…»
— Otuz ýedinji ýyl basa-baslyk başlandy. Atabaýew, Aýtakow, Gurban Sähedow, Sähetmyradow we başga-da gaty kän tanyş-biliş tutuldy.
Bir gün edarada işläp otyrdym. O wagtlar men «Türkmenbirleşigiň» partorgy. «Partiýanyň şäher komitetinde ýygnak bar. Şoňa gatnaşmaly» diýdiler. Bardym. Ýygnagy Merkezi Komitetiň sekretary Anna Muhammedowyň özi alyp barýar. Ol şonda özüniň Moskwa, Staliniň ýanyna barşy hakda gürrüň berdi. Onuň gürrüňi, ýalňyşmasam şeýleräkdi: Staliniň ýanyna girmek üçin kabulhanasynda üç gün oturýar. Üçünji günüň agşamsy, gijara ol oň bilen gürleşmäge wagt tapýar. Özüniň Türkmenistan Kommunistik bolşewikler partiýasynyň Merkezi Komitetiniň birinji sekretarydygyny aýdýar. Ol şonda:
— Näme üçin Eýran, Owgan serhedinden basmaçylar geçýär? — diýip soraýar.
Anna Muhammedowam basmaçylaryň garşysyna berk göreşýändiklerini aýdýar.
Soň ol Atabaýewiň Moskwa gelende zol-zol Rykowyň ýanyna barýandygynyň sebäbini soraýar. Anna Muhammedowam «Hojalyk meselelerini çözmek üçin» diýip jogap berýär. Şondan soň Stalin oňa başga sowal bermän, «Bar ötägit» diýipdir.
Anna Muhammedow ýagdaý bilen tanyşdyryp, çykyş edip bolandan soň, adamlar geýdirilişip ugradylar. Şonda GPU-nyň başlygy çykyş edip:
— GPU-nyň ýerzemininde halk duşmanlarynyň 250-si ýatyr. Ertire çenli bu san hasam köpelse gerek — diýdi.
Dogrudanam, ýygnakda oturan enkewedeçiler köpdi. Bir oňa seredýäler, bir muňa seredýäler. Ertesi gördük weli, aktiwde oturanlaryň ençemesiniň basylandygyny eşidip galdyk.
Noýabryň ýa 21-di ýa-da 22-sidi, meň yzymdanam Bolşakow familiýaly sülçi geldi. Şo wagt işdedim…
Söhbetdeşimiň terjimehalyndan setirler
Familiýasy — Baýramow, ady — Bäşim. 1902-nji ýylda Köşi obasynda doglan.
1919-njy ýylda partiýa hataryna giripdir.
1919 — 1920-nji ýyllar — komsomolyň Poltorask uýezd komitetiniň jogapkär sekretary.
1920 — 1921-nji ýyllar — komsomolyň Türkmen oblast komitetinde jogapkär işgär.
1921 — 1922-nji ýyllar — Moskwada Gündogar zähmetkeşleriniň kommunistik uniwersitetiniň studenti.
1923 — 1926-njy ýyllar — Daşkendiň Orta Aziýa uniwersitetiniň rabfagynyň(1) okuwçysy.
1926 — 1927-nji ýyllar — partiýanyň Kerki okružkomynyň(2) jogapkär sekretary.
1927 — 1930-njy ýyllar — «Türkmendöwletneşirýatynyň» müdiriniň orunbasary.
1930 — 1931-nji ýyllar — Gökdepe raýispolkomynyň(3) başlygy.
1937-nji ýyla çenli hem TSSR4 Sosial-üpjünçilik halk Komissarlygynyň we «Türkmenbirleşigiň» sistemasynda jogapkär wezipelerde işleýär.
Söhbetiň dowamy
Hawa, kabinete giren Bolşakowy görüp, nämäň-nämedigini bada-bat göz ýetirdim. Ol mendäki partiýa guramasyna degişli ähli dokumenti aldy. Ýanymda rabfagy gutaranly- gym hakda diplomym, partbiletim bardy, onam aldy. Soňam maşyna mündürip, türmä äkitdi. Türmede birnäçe gün ýatdym. Aşgabadyň gaýraky türmesinde. Soň soraga çagyrdylar. O jaýda-ha Aýtakowa sorag edip durlar, bu taýda-da menden. Meni tutup getiren Bolşakow menden sorag edýär. Aýtakow boýun alanok. «Ýalan — diýýä — hemmesi». Şeý diýip durdy weli — «Ýok, gol çekersiň» diýip sülçiň gazaply sesini eşidýän. Olam «Çekmen» diýýä. Şo wagtam iki sany soldaty çagyrdylar. Olar Aýtakowy urup başladylar. «Wah, wah» diýdi pahyr. Äkidenlerinde meň üstümden geçip gitdi, şonda ol maňa garap «Bäşim!» diýdi. Menem «hä» diýdim. Oňa deňiç çykaryp äkitdiler. Menden sorag edip oturan Bolşakow howumy basjak bolup: — Gördüňmi? — diýdi.
— Gördüm. Näme, urasyň gelýämi? Ur! — diýdim. Soň ol:
— Aýdan zatlaňňy bolşy-bolşy ýaly, üýtgetman ýazdym diýdi.
Ol ýazan zadyny ýeter-ýetmez görkezen boldy. — Göremok — diýdim.
— Galmagal etme. Ýaňkylary çagyryn — diýdi. Onýança-da gapydan harby eşikli adam girdi. Ýüzüne bir seretdim weli, tanyş ýüz…
___________________________
1. Рабфак – рабочий факультет.
2. Окружком – окружной комитет.
3. Райисполком — районный исполнительный комитет.
4. TSSR — Türkmenistan Sowet sosialistik respublikasy. Taryhy makalalar