Bir pursat barada (Hekaýa)
Keýt ÇOPIN,
amerikan ýazyjysy
Hanym Mallardyň ýüregagyrysynyň bardygy sebäpli, adamsynyň ýogalandygy baradaky habary aýtmak juda kyn düşdi.
Muny oňa aýal dogany Jozefin gorky bilen ýuwaşjadan aýdyp ugrady. Şol wagt ýanýoldaşynyň ýakyn dosty Riçard hem olaryň ýanyndady. Demir ýol betbagtçylygy we aradan çykanlaryň sanawynda Brentli Mallardyň adynyň bardygy baradaky anyk maglumaty eşidende, Riçard gazet bölümindedi. Şonda ýakyn dosty barada alan gynançly habaryna ynanman ikinji hatyň gelerine garaşdy, soňra bolsa ajy hakykata özüni ynandyrmaga çalyşdy.
Köp wagt geçmänkä bu barada kän adam eşitdi, emma hanym Mallard ýarawsyzlygy sebäpli mundan bihabardy. Ol habary eşideninden uýasynyň gujaklap aglamaga durdy. Birsalymdan özüne geleninden soň, ol özüniň ýeke galmak isleýändigini aýtdy. Jozefin bilen Riçard otagdan çykdy.
Mallard açyk penjiräniň garşysyndaky giň oturgyçda otyrdy. Bahar paslydy, ol öýüň öňündäki ýagşa ezilip agaçlary synlady. Howadan ýagşyň jana ýakymly ysy gelýärdi. Aşaky köçeden zat satyp ýören söwdagäriň, kimdir biriniň aýdym aýdýan sesi, baglaryň şahasyndaky serçeleriň jürküldisi ýuwaşlyk bilen gulaga ilýärdi. Penjireden mawy asman, günbatara tarap barýan bulutlar görünýärdi.
Ol birnäçe wagt kellesini oturgyja arkasyny goýup, gymyldaman oturdy. Soňra bokurdagy dolup, çaga ýaly aglamaga başlady.
Hanym Mallard ýaş, owadan, güýçli aýaldy. Ýöne indi onuň gözlerine seredeniňde şol mawy asmanyň garaňkylygynyň bardygy duýulýardy. Onuň seredişi akyly ýerindäki adamyňka meňzänokdy.
Ol nämedir bir zadyň pikirini edip, şo zadyň bolaryndan gorkýardy. Bu näme bolup biler?! Muny onuň özem bilenokdy. Emma ol ony ýuwaşjadan süýşýän bulutlardan, gulagyna eşidilýän seslerden, howanyň ysyndan, daş-töweregini gurşap alan reňklerden duýýardy. Ol özüni biynjalyk edýän duýgularyny ysgynsyz elleri bilen itip, olardan halas bolmaga çalyşdy.
Haçan-da demi-demine ýetmän özüni ýitirip ugranda, ol: «Halas ediň, halas ediň!» diýip pyşyrdady. Onuň bir nokada dikip oturan gözleri barha ýitelýärdi. Ýürek urşy çaltlanyp, gan aýlanyşy ýokarlanýardy. Onuň hyýalynda uzak ýyllaryň aňyrsynda galan bagtly pursatlary janlanýardy. Ol oňa gaýtadan dolanmak isläp ellerini uzatdy.
Hanym Mallard adamsyny diýseň söýýärdi. Indi ol onsuz näme işlär?!
Şol pursat uýasy Jozefin geldi-de, gapynyň öňünde dyzyna çöküp, ýalbarmaga başlady.
— Luiz, gapyny aç! Haýyş edýän, gapyny aç! Birden saňa bir zat bolaýmasyn, haýyş edýän, gapyny aç!
— Git, meň ýagdaýym gowy.
Şol wagt onuň göz öňünde adamsy bilen bolan günleri janlandy. Ýene şeýle pursatlaryň bolup biljegi barada oýlandy. Ol ömrüniň uzak bolmagy we adamsynyň dolanyp gelmegi üçin öz ýanyndan doga okady.
Soňra ýuwaşlyk bilen ýerinden turdy-da gapyny açdy hem-de uýasyny söýget edinip, basgançakdan aşak düşdi. Olara aşakda Riçard garaşýardy.
Birdenkä kimdir biri ýuwaşlyk bilen gapyny açdy. Brentli Mallard syýahat üçin niýetlenen kiçijik torbasyny, saýawanyny göterip içerik girdi. Ol heläkçiligiň ýüze çykan ýerinde ýokdy, hatda näme bolanyndanam bihabardy. Jozefin çirkin sesini edip gygyrdy. Riçard bolsa gapyda hiç zada düşünmän duran dosty Brentlini Luize görkezmäge çalyşýardy.
Emma Riçard gijä galypdy.
Lukmanlar hanym Mallardyň ýürek keseli sebäpli aşa şatlygy göterip bilmändigini, şonuň üçinem ony ömürlik ýitirendigini aýtdylar…