Bir pursadyň hekaýaty (Hekaýa)

Keýti Çopin,
amerikan ýazyjysy
Hanym Mallardyň ýürek keselinden ejir çekýändigini bilip, adamsynyň aradan çykanlygy baradaky habary mümkin boldugyça ýuwaşlyk bilen aýtmak üçin ähli tagallalar edildi.
Oňa aýal dogany Josefina her hili yşaratlar bilen bolan wakany bölek-bölek edip gürrüň berdi. Adamsynyň dosty Riçards hem onuň ýanyndady. Haçan-da, demir ýol heläkçiligi baradaky maglumat alnanda, ol hem gazetiň redaksiýasyndady we Brentli Mallardyň ady «ýogalanlaryň» sanawynyň 1-nji setirinde durdy. Ol diňe ikinji telegramma arkaly munuň hakykatdygyna ynandy we bu gynançly habary aladaçyl, duýguçyl dostuna ýetirmek üçin howlukdy.
Adamlaryň köpüsi bu habary eşitse-de, ol eşitmändi we bu gussaly habary hiç hili kabul edip bilmedi. Ol birdenkä aýal doganynyň gujagynda aglamaga başlady. Haçan-da, hasrat tupany sowlandan soň, onuň ýeke özi otagyna gitdi. Çünki ol ýeke galmak isleýärdi.
Açyk penjiräniň garşysynda rahat, giň oturgyç bardy. Bedenini biynjalyk edýän we kalbyna agram salýan fiziki ýadawlykdan soň, ol oturgyçda oturdy. Öýüniň öňündäki açyk meýdanda bahar durmuşy bilen dem alýan agaçlary gördi. Ajaýyp ýagşyň ysy howada bark urýardy. Köçäniň aşak tarapyndaky söwdagär bolsa, harytlaryna seredip aglap durdy.
Uzakdan kimdir biriniň aýdýan aýdymy eşidilýärdi we sansyz garynjalar bassyrmada jyňňyrdaşýardy. Bir bärde, bir aňyrda görünýän günbatar bulutlaryň üstünde gök asmanyň bölekleri görünýärdi. Ol oturgyja kellesini ýaplap hereketsiz oturdy hemem ýatmazdan ozal aglaýan çaga ýaly, gözýaşyny dowam edýärdi.
Onuň açyk asuda ýüzünde sussupeslik, ýöne sähelçe-de bolsa güýç-kuwwat görünýärdi. Ýöne indi onuň gök asmanyň nokatlarynyň birine seredýän gözleri öçügsilenipdi.
Bu ýerde nämedir bir zat oňa ýakynlaşýardy we ol gorky bilen garaşýardy. Bu nämekä? Bilmedi, ol ony howsala we gozgalaňa saldy. Ýöne ol asmandan süýnüp özüne tarap gelýän sesleri, hoşboý ysy, howanyň ýüzüni dolduran reňkleri duýdy. Indi onuň eginleri birdenkä galyp, soňra aşak egildi. Ol özüne ýakynlaşýan zady tanamaga başlady we näçe güýçsüz hem bolsa, ony öz inçejik elleri bilen urmaga çalyşdy.
Soňra onuň ýarym açyk dodaklaryndan sähelçe pyşyrdy eşidildi. Ol ony gaýtalady: «Mugt! Mugt! Mugt!» Öňki howaýy bakyşdyr gorky indi gözlerinden ýitipdi. Olar birden janlandy. Onuň ýürek urşy çaltlanýardy, damaryndan akýan gan bütin bedenini gyzdyryp, rahatlandyrýardy.
Haçan-da, ol ölüme duçar edilen mylaýym elleri, özüne diňe söýgi bilen sereden mähriban ýüzi hereketsiz gören wagty, ýene-de aglajagyny bilýärdi. Ýöne şol ajy pursatdan soň, özüne degişli ýyllaryň uzyn üznüksiz hataryny gördi. Salamlaşmak üçin ol olara elini uzatdy. Indi öňümizdäki ýyllarda onuň ýanyny tutup duran adam bolmaz. Ol indi diňe özi üçin ýaşar.
Jozefina ýapyk gapynyň öňünde dyza çöküp, gapyny açmagy haýyş etdi. «Luiza, gapyny aç! Haýyş edýän, gapyny aç! Özüňi heläklärsiň. Luiza, edýäniň näme? Hudaýyň haky üçin gapyny aç!».
Gapydan Luizanyň: «Git, men özümi heläklemen» diýen sözleri eşidildi.
Onuň geljekki günleri göz öňüne geldi hem-de derrew uzak ömür dileg etdi. Edil düýn hem ol ömrüň uzak bolup biljekdigi barada pikir edipdi. Ol ahyrsoňy ýerinden turdy we aýal doganynyň ýüregedüşgünç haýyşyndan soň, gapyny açdy. Onuň gözlerinde howsalaly dabara bardy we ol özüni Ýeňiş hudaýy ýaly alyp barýardy. Ol jigisiniň bilinden tutup, bilelikde basgançakdan aşak düşdüler. Riçards olara aşakda garaşýardy.
Kimdir biri açar bilen gulpy towlap, gapyny açdy. Birneme hapalanan sumkasyny we saýawanyny sowukganlylyk bilen göterip, Brentli Mallard içerik girdi. Ol heläkçiligiň bolan ýerinden uzakda bolup, bu işden habary hem ýokdy. Ol birdenkä Jozefinaň çirkin sesine, Riçardsyň bolsa aýalynyň nazaryndan sowmak üçin çalt hereket edenine aňk-taňk boldy. Emma Riçards gijä galypdy.
Haçan-da, lukmanlar gelende, onuň begenç sebäpli ýürek keselinden ýogalandygyny aýtdylar.
