Bir halyfyñ Leýlä beren sowaly hem ondan alan jogaby hakynda hekaýat
Bir halyfyñ Leýlä beren sowaly hem ondan alan jogaby hakynda hekaýat
Halyf Leýlä diýen: «Kaýsyñ sen diýip,
Dagda, düzde entäp ýörmegi haýp.
Men-ä bakyp seniñ görk-görmegñe,
Geñ galýan oñ Mejnun bolup ýörmegne».
Leýli oña beren şeýle jogaby:
«Bilseñ, herki zadyñ bardyr sebäbi.
Daşdan, içden känem bolsa synlaýan,
Meniñ görküm diñe Mejnuna aýan.
Şoñ boýnunda meñ yşkymyñ webaly,
Bir şol maña iki dünýä wepaly.
Kim-baý, kimler-döwüm nana zar bolar,
Kimleñ gözi açyk, añy kör bolar.
Kime akyl-paýhas-göwün hoşlugy,
Kimler saýlap alar dälibaşlygy.
Hakykat hemişe göýä bir çapar,
Ynamy güýçlileñ gapysyn kakar.
Öwrülip öz bähbidiniñ guluna,
Guwanyp baýlygna-mal-u-puluna,
Ýörenlere geñdir Mejnunyñ haly,
Her kime dogrudyr öz saýlan ýoly.
Kynçylykdan gorkup, añsada bakan
Durmuşda ahyry utulýar eken.
Synla gökde ganat gerýän bir guşy,
Kölegesi — oñ ýerdäki görnüşi.
Hiç many ýok guşuñ kölegesinde,
Sen ony uzak gün kowalasañ-da,
tutaryn diýp, asla etmegin hyýal,
Çünki ol — kölege, guşuñ özi däl.
Sen ony kowalap, bilmäñsoñ tutup,
Öldürerin öýdýäñ ýaýdan ok atyp.
Bir ok goýman, boşatsañ-da okdanda,
Kölge — gaýyp bolar, guşam — asmanda. Goşgular