|

Bir gyza

Bir gyza BIR GYZA

Gam-gussaly pursatda men lirany unutdym,
Hyýallarym gursakda ýanmady hiç alawlap.
Ýaşlyk serpaýy bilen meñ genim uçup gitdi,
Ýapyldy ýürek ýoly ýuwaş-ýuwaşdan sowap.
Ýene sizi çagyrdym, eý, ýazymyñ gülleri,
Siz bolsa uçýardyñyz ümsümligiñ astynda.
Dostluk, söýgi, umyt, hesret waspynda
Gezip, men poeziýa tagzym edýärdim.
Söýgi tolgunmasy, hijranyñ dagy
Goşulyşyp meniñ çuññur oýlarma,
Tokaýdan daglara tarap gidýärdi.

Haýp! Men ýene agyr ýüküñ astynda,
Sowuk uka özüm bilmän baş goşdum.
Şatlykdan, ylhamdan gaçdym, aslynda
Gözüm ýaşly, şöhrat bilen hoşlaşdym.
Birdenem ýyldyrym peýkamy ýaly
Ýandy sönen ýüregimde ýaşlygym.
Kalp oýandy, dirildi,
Ýene söýgä, umyda, şatlyk, gama birigdi.

Bar zat täzeden gülläp, durmuş ýene tolkunyp,
Tebigatam bu bagta şaýat boldy ýañadan.
Özüm erkana duýdum, ýüregimde yşk lowlap,
Bir gyz ýykylan göwnüm abat etdi, abadan.
Öwgi-alkyş Hudaýa, söýgä bolsa şöhrat-şan!
Ýene şirin heñ bilen seniñ ýanyña barýar!

A. S. Puşkin

Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle