| |

Bir gün duza — müñ gün salam…

Bir gün duza — müñ gün salam… BIR GÜN DUZA — MÜÑ GÜN SALAM…

Bir gün duza - müñ gün salam...

Türkmen halk ertekileriniñ birinde çöl-beýewanda ýaş ýigit goýun bakyp ýörkä, onuñ goşunyñ ýanyna çuw-ak sakgally ýaşuly gelýär. Çopan tañry salamyny berýär. Almaýar. Saglyk-amanlyk soraşýar. Jogap bermeýär. Çaý-çörek, nahar berýär. Iýme kemini goýmaýar. Ýaşuly ugramakçy bolýar. Ýaş ýigit: «Hiç bolmanda, adyñyzy aýdyñ» diýýär. Onda ýaşuly: «Men — Ezraýyl. Janyñy almaga geldim. Eden hyzmatyñdan göwnüm çag bolup, häzirlikçe janyñy almaýyn» diýýär. Çopan: «Janymy haçan aljagyñyzy aýdyñ?» diýýär. Ezraýyl: «Öýlendirerler. Toý tutular. Nika gyýylar. Ak tutynyñ añyrsyndaky ak gelniñ ýanyna girmekçi bolup işikden ätläniñde janyñy jähenneme ibererin» diýip, jogap berýär.
Ýaş ýigidi ene-atasy öýermekçi bolýar. Birnäçe gezek razyçylyk bermeýär. Türkmen ýigidi-dä, sebäbini sorasalar-da, kelam agyz söz aýtmaýar. Ahyry ene-atasynyñ sözüni alýar. Öýlenýär. Toý tutulýar. Nika gyýylýar. Gelin oturan öýe girmekçi bolanda, görse, Ezraýyl öñünde häzir bolup dur. Ýaş ýigit: «Siz meniñ elimden duz-tagam datdyñyz. Allatagala: «Duzdan hormatly zat ýok» diýipdir. «Ýaradanyñ emrini ýada salyñ» diýýär. Ol Hudaýdan habar tutýar. «Çopanyñ duzuny dadan bolsañ, o ýigide uzak ýaş berilýär» diýen owaz eşidilýär. Ýaradanyñ emrine görä, Ezraýyl ynsanyñ elinden duz datmaly däl bolara çemeli. Duzuñ keramaty älem ýüzündäki musulmanlara ýaýraýar. Şeýdibem, «Bir gün duza — müñ gün salam» diýen nakyl döreýär.

Tatar ÜÝŞMEKOW.

# «Guwanjymyz» makalasyndan bölek. Halk döredijiligi we rowaýatlar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle