Bir gün bu şäheri otlar meñ yşkym…
Bir gün bu şäheri otlar meñ yşkym…

Bir gün bu şäheri otlar meñ yşkym,
Ýalyn sypar binalaryñ başyny.
Ýol-ýodalar özûn büräp ýapraga,
Asmanam gysganar injek ýaşyny.
Çirkizer guşlaryñ perin-ganatyn,
Bägülleñ ýañagyn daglap geçerin.
Şemiñ alowyna dözmeýşi deýin
Oduma çydaman aglap geçerin.
Ýanaryn!
Howruma endirär ýyldyz,
Gökden höwür tapman Zemine akar.
Söýsem uly söýgi bilen söýerin,
Gowsy men ýanmaýyn, özümi ýakar.
* * *
"Maña bir damja gözýaşyñ suraty gerek"
M.Hudaýberdiýew
Maña bar gerek zat ýekeje damja,
Dury damja, mañlaýym dek tagamy.
Ýanyp öz ömrüni soñlan şem kimin,
Alawlamak dertlerimiñ täk emi.
Teselli bor körük bolan kalbyma,
Heser beslär goşgularmyñ setirin.
Ýanyp ýüregimiñ garalan ýerin
Melhemlejek şol damjany getiriñ.
Ýeke damja — bary-ýogy bir damja,
Garamyk gözlerden insin syrygyp.
Siñip ýüregimiñ gyzyl törüne,
Hasrat sumat bolsun bir ýan syrylyp.
06.07.2017.
* * *
Köýen çörek ýaly ne goýup bilýän,
Ne-de ýoldaş edip bilýän ýanyma.
Güne guran ýaprak deýin ýaldyrap
duran "janym üfläp goýber janyña".
Ýogsa tebil tapyp tebsirän janym
Gyýym-gyýym etjek dostlañ hilesi.
Eger duşurmasa dözümli ykbal,
Sesiñ ýetdiginden gygyryp çagyr
Çözülsin ýazgydyñ çolan pilesi.
Çagyr, giñ şãheriñ köçelerinde
Bizden başga tanyş-biliş, dost-ýar kän.
Goý, görsünler telwas edip barýanym,
Ýöne çagyr gözleriñi ýummankañ.
Birden menem ýetip bilmän ýanyña,
Bulutlardan gözýaşymy ýollasam.
Ýyldyrym ýetirse meniñ perýadym,
Ýûregme sygdyryp bilmän aglasam,
"Ejiz eken" diýip pikir etme sen,
Bu haýyrdyr, belki, saña ýetmesem
30.08.2017 1:20.
* * *
Kuýaşyñ şöhlesi terk eder şähri,
Tümlûk gaplar binalaryñ depesin.
Baglary buz bürär, gunçalar gülmez
Şäher kynlyk bilen alar nepesin.
Zaryn bakar müñ monjukly asmana,
Haraý bolmaz gözel görkli Aýdanam.
Kuýaş şöhlesini gizlär şäherden,
Ýylgyrmaz şähere ýaşmakly dañam.
Göwni galar (gyýylmagam ãhtimal),
Ömûr dowam eder tünüñ içinde.
Şãher küýsär Günüñ tylla şöhlesin,
Kuýaş ýiter eken serden geçende. Goşgular