Bir çarlagy agladypsyñ…
Bir çarlagy agladypsyñ…

Soñ bir jeren öler ir-säher çagy…
Ýangyç beketlerne giden ulagdan
Akyp barýan ýaşylröwüş gözýaşlar
Sarkýar haýsydyr bir yşkyñ gözünden…
Suwuñ ukysy ýok!
Suw düýşi bilmez!
Düşürsinler meni seniñ ýüzüñden.
Arzanja peýnirdir porsy meý bilen
Gaýgy-gam, ýakymsyz ýatlama bilen
Öýlänçi deý geçip gitdi ömrümiz.
Ýogsa, kesip taşlaýsammy goşarmy,
Arzan päki bilen,
Ger oñlasañyz?…
Şol wagt iñlärin çaga mysaly
Arzan düşen söýgülere bulaşyp
Poha batyp galan hokgabaz ýaly
Yşkbazlañ iriñli ýaralaryndan
Jerhet akar, şöhwet akar pörsüldäp
Jerhet garym-gatym bolar şöhwete
Ikiýüzli hyýanata ulaşyp…
Aýrylşan aşyklar tapar gijäni
Garpyşaryn ýene köçeme-köçe.
Dyrnaklarmy böwse-böwse çykarlar
Meniñ aýgyrlygym ýene, gör, nije…
Sen ýüregme batan aýna gyýçagy
Barha çümüp barýañ ynjy paýradyp.
Ne bar bolup bar biz,
ne ýok bolup ýok.
Ne salama duşýas,
ne ýitip gidýäs,
Ýagyş ýagdy, ikimizem duýmadyk!
Sen-ä maña tarap,
Men saña tarap,
gaçaýmasak. Irde-giçde barybir
Garyşarys seniñ bilen durmuşa.
Señ aýañda mahmal tutyñ külkesi
Meñ saçyma güýz şapagy garyşa…
Bir nätanyş zenan aýdym aýdanda,
Biziñ adymyzy ýat eder geçer
Kimler şanymyza içer, lül bolar.
Soñra… soñra bir gün ýatdan çykarys
Ornumyzda agyr argynlyk galar…
Bir çarlagy agladypsyñ,
dur, indi…
Bu bolşumyz çagañkydan gowy däl,
Olam öz janyna eder kast indi.
Küçük ISGENDER.
Terjime eden: Has TÜRKMEN. Goşgular