Bir alym dostumyň haýyşy bilen ýazylan goşgy
Bir alym dostumyň haýyşy bilen ýazylan goşgy

Ýatyr sende Hoja Ahmet Ýasawy,
Ol şygyr pälwany — Türküstan şiri.
Şoň üçinem enaýy sen, ajap sen,
Eý, Gazak sährasy, gözellik piri.
Seni wasp etmedik şahyr ýok, meger,
Sen dälmidiň şahyry-da döreden.
Gazak-türkmen gardaşlygy ýaşasyn,
Goraweri ýaman gözden Yaradan!
16.06.2024. Goşgular