Bir adamyñ emirden at dileýşi hakynda hekaýat
Bir adamyñ emirden at dileýşi hakynda hekaýat
Bir kes şeýle diýdi emire garap:
«Bir at beräýmeseñ, meñ halym harap.
Özüñiz bilýäñiz bu uzak ýoly,
Gerek ol öýüme aşarym ýaly».
Emir diýdi: «Şol bolsa bar geregiñ,
Çal aty al, goý, derdiñe ýarasyn!»
«Haýyşym: şony bir berme, hökümdar,
«Är gorkan ýerinden» diýen nakyl bar.
Ömrüñ uzak bolsun, mertebäñ belent,
Götin ýöreýär ol, gylygna belet».
«Ondan gözüñ gorkan bolarly, meger,
Beýle bolsa, ters öwür-de sürüber.
Häkimleñ içinde (dogrymy diýsem)
Şol ata çalymdaş azmy nä eýsem?
Boluşlarna görä ýöredip ýörüs,
Biz-ä derdimize ýaradyp ýörüs…» Goşgular