|

Biparh kişä

Biparh kişä

BIPARH KIŞÄ

Galp kişiñ galplygyn bilibem durkañ,
Jogabyn nämüçin beribilmeýäñ?
Çöwjeýär üstüñe,
                                  berip dur jeza,
Näme üçin ýürekde saklaýañ yza?
Şo pille jogabyn bermänliginden,
Gysylyp-gowrulyp derlänligiñden,
Utanýañ, 
                   gultunýañ,
                                         dymandan bolup,
Asyl-ha gowy däl,
                                   ýamandan bolup.
"Gahar-duşman!" diýip, köşeşýäñ şeýdip,
"Ýanyna barmaryn — diýýärsiñ — gaýdyp!"
"Näkes bilen näkes bolmazlyk gowy",
Hem ýadyña salýañ birgiden ýowy.
Gödeklik ilkinji iş guraly oñ,
Ýüregi doñ, 
                       puşman etmesi ýok soñ.
Çykylmasa eger onuñ öñünden,
Bogular köp kişi tozan-çañyndan.
Ol päliýamanyñ bermän jogabyn,
Hany bu durmuşda alan sogabyñ?
Sen şeýdip il-güne etdiñ ikilik,
An-ha, ol hanjarly barýar dykylyp.
Ol garaw görmänsoñ,
                                           hiç bir kişiden,
Razy ol öz edýän gara işinden.
Şo sebäpli günäkäri sen onuñ.
Henizem bir pille, 
                                   eñ,
                                            yzyndan eñ!
Tut ebşitläp ýakasyndan betpäliñ.

■ BU NÄMEDEN ALAMAT?!

Ynha, sen köçeden barýañ,
Eliñde-de ýüküñ bar.
Garaşmaýan ýeriñden,
Çyksa iki huligan.

Ýumruklaryn çeneşip,
Ýagdyrsalar melamat.
Hiç kim goldaw bermese,
Bu nämeden alamat?!

Ýa eýelän wezipesi,
Özüñden has ulurak ~
Bir kişini tanap ýörsüñ,
Özem ýabygorlurak.

Agyr güni il-güne,
Ýetmez ondan delalat.
Edeni öñünden geçýär,
Bu nämeden alamat?!

Degme maña, degmen saña,
Sen sag, men-de salamat.
Ine onuñ boluşy,
Bu nämeden alamat?!

Allaýar ÇÜRIÝEW.

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle