|

Bilýärin men baky ter şygyrlary…

Bilýärin men baky ter şygyrlary…

Bilýärin men baky ter şygyrlary...

Bilýärin men baky ter şygyrlary,
Olarda danalaň paýhasy  kändi.
Haýýama mydama baş egip ýörün,
Ol –şahyrdy, ýöne ordenli däldi.

Şu günki goşgular sowuk görünse,
Hem olaň hiline agyrsa janym,
Hafyza baş egýän, sebäbi onuň
Mirasyndan ysy gelip dur nanyň.

Täze ýyly garşy alanda iller,
Wagty saklap, bosagadan ätlemän,
Täze ýyl bolmazdy — diýip könäniň
Beren süýji miwelerni ýatlaýan.

Loik ŞERALY,
täjik şahyry.

Terjime eden: Ahmet Mämmedow. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle