|

«Bilseň gülüm zorluk bilen söýdürmen…»

"Bilseň gülüm zorluk bilen söýdürmen…" «BILSEŇ GÜLÜM ZORLUK BILEN SÖÝDÜRMEN…»

Bilseň gülüm zorluk bilen söýdürmen
ýa-da seni öwüp, ýalan söz bilen.
Gaýta-gaýta saňa söýýän diýdirmen,
düşündirseň razy diňe göz bilen.

Ýa gaýtalap senden posa almaryn,
ýeterlik maňa ýekeje posaň.
Posa alyp gujaklabam durmaryn,
razy men eliňi tutupjyk dursam.

El tutuşyp durmagyň gelşikligi ýok.
Söz tapyşman seredişip dursak bor,
Eger wagta berilmedik bolsa çäk,
ömür boýy degip durjak gursaklar…

Remezan MÄMETGURBANOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle