|

Bilmedim

Bilmedim BILMEDIM

Ömür sürdüm, bu ömüriň saly baryn bilmedim,
Dost tutundym, men dostlaryň aly baryn bilmedim.

Ýürek käte joşa gelse, onuň tabyn bilmedim,
Bir gözele aşyk boldum, asla taýyn bilmedim.

Ýigit çykdyn, öýli boldum, kem rysgally bolmadym,
Daş et, maýda zatlar üçin il ryswasy bolmadan.

Bugdaý nanyn iýip ösdüm, arpa nanyn bilmedim,
Söýdüm ili, ilden uly arka baryn bilmedim.

YNANMAÝAN

Il-gününe wepasy ýok
Şol “dürdäne” ynanmaýan.
Günäsin özgä ýükleýän
Şol “merdana” ynanmaýan.

Höwürtgesin taşlap giden
Hiç bir guşa ynanmaýan.
Ýürekde kine saklaýan
“Adyl” kişä ynanmaýan.

Sähralarda ýaýnamaýan
Elguşlara ynanmaýan.
Ýeňil-ýelpaý serpaý atýan
Durmuşlara ynanmaýan.

Ynanmaýan zanny ýoga,
Hem özünden talapsyza.
Ynanmaýan men talant diýip,
Gygyrýan her talantsyza.

***

Goýuň meni peýwagtyma,
Size şatlyk eçileýin.
Kaýyl bolup öz bagtyma,
Öz agyma ezileýin.

Kä sähranyň jümmüşine,
Kä gideýin daga tarap.
Öz ilimiň ýollaryny
Gideýin, ýüregme sarap.

Uzak-uzak menzillerden
Dolanaryn bir gün ýene.
Dagdan eňerin sährama,
Saçlarym oýnadyp ýele.

Şonda gujak açyň maňa,
Şonda giňden gujak geriň.
Goý, gujaklap garşy alsyn,
Gidemde ellerin seren. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle