|

Bilipdir

Bilipdir BILIPDIR

Gam-gussasyz çagalygmy
tapmaryn,
Tapman senem ene ýabyň
boýundan.
Birçak biz çagakak, her dürli
gurjak
Ýasardyk eýlenen, gyzgylt
toýundan.
Dolsa-da, gurjakdan şowhunly
güzer,
Diýerdiň sen: “Ýene birin ýasaly!”
Şol gün sen ýasadyň bir garry
aýal,
Küýkerip durdy ol eli hasaly.
Menem ýasapdym bir keltejik
goja,
Durdy olam bir goltugy pişekli.
Ýylgyryp hem: “Özüňizm-eý ol?”
diýip,
Sorapdy bir otdan gelýän eşekli.
“Ýok, ýok” diýip, gygyrşypdyk
şonda biz,
Gidiberdi olam diýip: “Bor onda”.
“Hawa” diýip jogap beren
bolsagam
Boljak eken şol eşekliň soragna. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи