Bihepbäniñ ýyl hasaby / satiriki hekaýa
Bihepbäniñ ýyl hasaby / satiriki hekaýa

18 ýaşda
Ejemiñ aýagyna ýykylyp ýalbarmaly. Birneme müzzeräýmelem. Soñra ol kakama aýtmaly. Kakam direktoryñ ýanyna barmaly. Şeýdip, 10-ny gutarmaly. Attestat almaly.
20 ýaşda
Kakam bilen ýokary okuw jaýlarynyñ birine girmeli…
21 ýaşda
Döwlet ekzamenleri maña başartmaz. Iñ gowusy, bir bahanajyk tapyp, okuwdan çykmaly. Syrkawlan bolaýyn ýa biri bilen süsüşeýin. Şeýtsem okuwdan şol bada gyrakladarlar.
25 ýaşda
Ejeme igenmeli. Öýe içip gelmeli. Ýaban ýatmaly. «Oglum, saña näme gerek?» diýdirmeli. Ýok, ýok geplemän kösäp, özleri añar ýaly etmeli.
28 ýaşda
Iki çagaly aýalymy taşlap, öýden çykyp gitmeli. Paýtagtdan üç çagaly aýaly ärinden aýryp almaly.
29 ýaşda
«Žiguli» edinmeli. Soñky alan aýalymy çagalary bilen taşlap, başdaşymyñka göçüp barmaly.
30 ýaşda
Başdaşymyñ howlusyny ýigrimi bäş müñe satyp, ony paýtagta göçürip getirmeli. Wremýankada kireýne oturmaly.
31 ýaşda
Şol ýigrimi bäş müñi äpişgäni açyp, gije özüm ogurlamaly. Ýörän ýerlerime nas sepmeli, milisioneriñ owçarkasy kerah bolsun. Yrsarap, başdaşymy taşlap, bir ýerlerik sumat bolmaly. Iki aýalyñam alimentinden gizlenmeli.
60 ýaşda
Oh! Wah! Pensiýa çykmaly. Ýadyma düşmändir. Hany iş stažy? Hany zähmet depderçesi?
Tapdym! Oglanlarymdan aliment alaýyn. Eger kömek etmeseler, olaryñ tüýs näletkerde bolduklary. Iş ýerlerine arza ýazaýyn. Kanun bar arkamda!
Gurbangylyç HYDYROW. Satiriki hekaýalar