Beýtulmukaddes Selaheddin Eýýubydan soñ nämüçin haçparazlara berildi?
Beýtulmukaddes Selaheddin Eýýubydan soñ nämüçin haçparazlara berildi?

Altynjy haçly ýörişleri
Selaheddin Eýýuby Beýtulmukaddesi (Ierusalimi) halas edenden soñ bu ýagdaý hemişelik dowam etmändir. Kän wagt geçmänkä haçparazlar bilen düýpli çaknyşyga girilmezden şäher yzyna gaýdyp berilipdir.
Taryha «Diplomatiki haçly ýörişi» diýip giren we Beýtulmukaddesiñ gaýtadan günbatarlylaryñ eline geçmegine sebäp bolan ýöriş biri-birinden täsin hadysalar bilen doly. Hemme zatdan ötri haçparazlaryñ başynda musulman dosty, hatda käbirleriniñ aýtmagyna görä musulman bolan Fridrih II bardy.

Fridrih II
Birnäçe musulman alymyny howandarlygynda saklan, yslama dahylly hemme mukaddeslikleri goragy astyna alan bu korol öñki haçparaz korollarynyñ birine-de meñzemeýärdi.
Onuñ duşmany eýýuby soltany El-Kämil bilen dostluklg gatnaşygy bolsa taryhda uly yz galdyrypdy.
Meşhur geografiýaçy alymlardan El-Idris ýaly adamlar Fridrih II-niñ penakärligindäki alymlaryñ diñe biridi.
Geliñ, bu täsin haçly ýörişe we diplomatiki kanallar arkaly haçparazlaryñ eline geçmegine ýakyndan ser salalyñ.
• Nemes imperatory Fridrih II we eýýuby soltany El-Kämiliñ dostlugy
Fridrih II Sisiliýada dünýä inipdi.
Italiýada ýerleşen bu ýarymadada iki asyr çemesi wagt ýaşan yslam döwleti gurlupdy.
Ebu Abdylla el-Karani, Ebu Said ibn Ybraýym, Ebu Bekir es-Sikilli, Ibn Abi Usaýbiýa, meşhur pelsepe daşyny gözleýji Ibn el-Muaddib Sisiliýanyñ ýetişdiren saýlama alymlaryndandy.
Fridrih II bir ýandan Sisiliýadaky yslam jemgyýetine uly simpatiýa bilen garan bolsa, beýkeki bir ýandan warwarlyklary bilen tapawutlanan haçparaz korollaryndan zyýada duşmany Selaheddin Eýýubynyñ mukaddes ýerlerde döreden üýtgeşmesine haýran galýardy.
Nemes korolynyñ yslama duýan gyzyklanmasy we musulmanlara bolan hoşniýetli garaýşy eýýuby soltany El-Kämil bilen ikitaraplaýyn ynanyşma we bilesigelijilige öwrüldi.
Iki hökümdaryñ biri-birleri bilen alşan hatlary asyrlar boýy garpyşyp gelen iki medeniýetiñ biri-birini açmagyna getirdi.
Ibn Wasyl bularyñ arasyndaky hatlaryñ degişliligini şu sözler bilen habar berýärdi:
«Imperator bilen El-Kämiliñ arasyndaky hat alyşmalar dürli ugurlar boýunçady we bu hatlarda imperator El-Kämile hikmet ylmynyñ, geometriýanyñ, matematikanyñ meseleleri hakynda soraglary berýärdi.

Fridrih II
Fridrih II birnäçe ýewropa diliniñ ýany bilen arap dilinde-de suwara gepläp bilýärdi. Ol Ibn Roşt, El-Kindi ýaly beýik alymlaryñ kitaplaryny Napoli uniwersitetinde günbatar dillerine terjime etdirip Renessansyñam düýbüni tutdy.
Ibnül-Furat ýaly görnükli arap taryhçylary Fridrih II-niñ yslama girendigini, emma eýeleýän wezipesi sebäpli muny aç-açan yglan edip bilmändigini öñe sürüpdi.
Günbatar dünýäsiniñ iñ üýşmendiriji meseleleriniñ başynda Fridrih II-niñ musulman hökmünde kapyrlaryñ arasyna goşulandygyna esaslanýardy. Şular ýaly tutaryksyz gep-gybatlaryñ ýaýramagyndan soñ Fridrih II-niñ Sisiliýadaky musulmanlara basyşy güýçlendirmegi bolsa, gapma-garşylykly sorag alamatlarynyñ döremegine sebäp bolýardy.
Imperator Beýtulmukaddese ýakynlaşdygysaýy musulmandan has jogapkärçilikli ýagdaýda yslamyýete çemeleşen bolsa, ýene şol adam öz ýurdunda musulmanlary zalymlarça öldürip, yslamyýetiñ öñüne böwet basmaga synanyşýardy.
Musulmanlar frontunda bolsa hiç hili täze üýtgeşme ýokdy. Hemişe bolşy ýaly Beýtulmukaddesiñ hojaýynlary özara tagt dawalary bilen ber-başagaýdylar.
Eýýuby soltany El-Kämiliñ Fridrih II-ä ýakynlaşmagynyñ iñ uly sebäbi-de şudy.
Beýtulmukaddes asyrlarboýy şu sebäpden basybalyjylaryñ golastynda galypdy. Indem bir musulman soltany häkimiýet ugrundaky söweşinde üstün çykmak üçin haçparaz hökümdaryna özüne goldaw bermek şerti bilen Beýtulmukaddesi wada berýärdi.
Beýtulmukaddesi soltan El-Kämiliñ dogany El-Muazzam elinde saklaýardy. Soltan şäheriñ özüne uly howp hasaplaýan doganynyñ elinde bolanyndan haçparazlaryñ hökmi astynda bolanyny gowy görýärdi.
Beýtulmukaddesiñ emiri El-Muazzam bolsa bu hapa söwdalaşygyñ garşysynda şu haty ýollady: «Hojaýynyña aýt, men başgalary ýaly däldirin, (olara görkezip biljek) diñe gylyjym bardyr».

Papalyk we nemes imperatory
• Nemes imperatory hatybizar edilýär
Bütin bu bolup geçýän wakalaryñ dowamynda nemes imperatorynyñ prosese düýpden çemeleşmegine takat getirip bilmedik Watikan goşun toplap Beýtulmukaddesiñ üstüne ýöriş etmegi meýilleşdirýär.
Fridrih bu bimahal ýörişi oñlamasa-da, goşuny bilen ýola çykdy, ýöne syrkawlady.
Rim papalygy şundan soñ garaşylmadyk karara gelip, imperatory hatybizar (aforoz) etdi:
«Aç-açan ýagdaýda imperator Fridrihiñ aforoz edilendigini yglan edýäris. Sebäp ol bellenen wagtda deñizi aşmady, ol ýere kesgitlenen pul mukdaryny ibermedi, mukaddes ýerlere ýardam etmek üçin ol ýerde iki ýyllyk çykdajylarynyñ ýerini doljak müñ esgeri ugratmady, ylalaşyk şertnamasyndaky şu üç maddanyñ talaplaryny bozdy. Şoñ üçin özüniñem razylaşyşy ýaly aforoz edildi».
Hatybizar edilendigine garamazdan Fridrih II Gündogar ýörişine çykypdyr we ilki Kipri golastyna alyp, Palestinanyñ üstüne gaýdypdyr. Rim papasy muña garamazdan ony hatybizar etmek hakdaky kararyny ýatyrmandyr.
Haçparaz goşun bölümleri iki aýry orda bolup Palestinany basyp almaga girişipdir. Rim papasynyñ adyndan hereket edýän goşunlar ýakyp-ýumrup, talap öñe süýşen bolsa, Fridrih II has ünsli öñe süýşýärdi we eýýubylar bilen diplomatiki gatnaşygyny kesenokdy.
Beýtulmukaddesiñ emiri El-Muazzamyñ aradan çykmagy ähli hasaplary we deñagramlylygy üýtgedip taşlapdyr.
Bu üýtgeşmeden soñ El-Kämil günbatarlylara Beýtulmukaddesi bermegi wada berendigine puşman edipdir, emma onuñ bu hyýanaty sebäpli iki uly haçparaz ordasy musulman ýurtlaryñ serhedine gelip ýetipdi.
Elbetde, Fridrih II üçinem işler ugruna gitmändir, çünki ol 1228-nji ýylda Ýafanyñ üstüne gaýdan wagtynda Rim papalygy Sisiliýadaky oña degişli birnäçe galany we şäheri eýelemäge başlapdy.
Şular ýaly bulam-bujarlyklar bolup durka eýýuby soltany El-Kämil diñe öz hökümdarlygyny gorajak bolup musulmanlar ücin masgaraçylykly Ýafa şertnamasyny baglaşypdyr.
Ýafa şertnamasy bilen Beýtulmukaddes, Bethlehem, Nazareth şäherleri, Montfort, Toron galalary bilen birlikde Jelile sebiti we Saýdantñ bir bölegi haçparazlaryñ ygtyýaryna berildi.
Başgaça aýdanda, ýeke gylyç gyndan çykarylmazdan ugrunda ýüz müñlerçe şehit berilen Beýtulmukaddes haçparazlara altyn şakäsede mürähet edildi.
Şertnamada musulmanlaryñ peýdasyna bolan maddada bellenilişi ýaly Beýtulmukaddesde «Kubbetüs-Sähra» we «El-Aksa» metjitleri bilen «Haremi-Şerif» musulmanlaryñ elinde galýardy we musulmanlar islän wagty, hiç bir tölegsiz bu ýerlere gelip bilýärdi.
Ahyrynda 1229-njy ýylyñ 17-nji martybda Fridrih II Beýtulmukaddese girip, özüni şäheriñ koroly diýip yglan etdi. Ol şähere aýak basanda Selaheddin Eýýubynyñ ýörelgesine eýerip, musulmanlara uly hormat-sylag edipdi.
Ibn Wasylyñ aýtmagyna görä, metjite gezek gelende ýanyndaky popyñ eli Injilli musulmanlaryñ mukaddes ybadathanasyna girmäge synanyşanda, şeýle sözler azgyrylypdy:
— Haýyn! Sen näme alyp getirýäñ bäri! Ant içýärin, şu ýerik siziñ biriñiz rugsatsyz gelse gözüni oýaryn. Biz soltan El-Kämiliñ gullarydyrys we şoña boýun egýäris. Soltan bu buthanalar üçin bize nähili merhemet etdi, sizem bolşuñyz bilen hetdiñizden aşmañ!
Her niçik bolanda-da, nähili aklamaga synanyşylsa-da, Selaheddin Eýýubynyñ mirasy Beýtulmukaddes indi musulman ýolbaşçylaryñ emelsizligi sebäpli elden giden şäherdi.
Eýýubylar bu hadysadan soñ kän wagt geçmänkä mongollaryñ gazabyna uçrap taryhdan syrylyp-süpürilup aýrylan bolsa, Beýtulmukaddes türki halklaryñ gul edilip satylan çagalaryndan düzülen mamlýuk goşunlary tarapyndan halas edilipdi we sebitdäki ähli haçparaz galyndylaryñ ýoguna ýanylypdy.
Mehmet MAZLUM ÇELIK / @MMazlumcel
celikmehmedmazlum@gmail.com
Penşenbe 26.12.2024 ý. Taryhy makalalar
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.