|

Beýik Jogap / kindiwanja kyssajyk

Beýik Jogap / kindiwanja kyssajyk BEÝIK JOGAP

Ol ýetginjeklikden şol ýeke-täk, iň beýik Jogaby gözledi.
Ilki kitaplardyr mugallymlaryndan.
Soň durmuşdan.
Ahyrynda-da öý-öwzaryny, dogan-garyndaş, oba-ilini terk edip, şol ähli sowallaryň ýalňyz Jogabynyň gözleginde, sergezdan bolup ýören “Hüw-Hak” derwüşe öwrüldi.
Ýollary sökdi.
Dag-derýalardan, çöllerden aşdy.
Onuň ýaşlygam, ýetişenligem, ortaýaşam… ýat ülkeleriň çaň-kirşenine garylyp, ýitip gitdi.
Ahyry bir günem, “yhlasa-myrat” diýleni, ony Jogap küýseýän ýüregi, bir belent dagyň bilindäki gowagyň öňüne eltdi. Şol gowagyň garaňkylygynda-da özüniň şunça ýyllap agtaran Beýik Jogabynyň ýaşaýandygyny ol jany-teni, tutuş durky-düýrmegi bilen syzdy.
Ol çensiz uzaga çeken, ummasyz horlukdyr-hunabadan doly gözleginiň tamamlananyna ynanmaýan dek, gowaga girip bilmän, öňünde sadylla bolup durdy. Birdenem gowagyň tümlügine bakdy-da, pessaý dillendi:
-Men seni gözledim…
Demsalym dymansoň, tümlükden owaz geldi:
-Näme üçin?!… Hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle