|

Beýik halypa

Beýik halypa BEÝIK HALYPA

Tanyş bol,
Wladimir Wladimirowiç.
Sowetler iliniň
Türkmen ülkesi
Ýadansyň,
Jeýhunyň
suwundan
bir iç.

Suw bolsa
bu ýerleň
ömür halkasy
törümde açykdyr
ýagşy myhmana,
güler ýüz,
süýji söz,
hezzetimiz bar.
Hödürmiz saçakdyr
Myssyk ak nana,
Hurşa mätäçlik ýok, —
süýt, etimiz bar.
Öýlermiz gat-gatdyr,
örän ýagtydyr,
Depseň yranmazdyr
içiniň goşy.
Tekjeler boş däldir,
kitap tagtydyr.
Synla sen,
bag bezýär
töwerek-daşy.
Häzir tüýs
iýmişiň bişen wagtydyr.
Suw ýaly
maşyn dur,
gezeýin diýseň,
Aýna dek
sürçek ýol,
özi gezdirýär.
Bu hezzet,
wada däl,
gadyr nagtydyr.
Bulary bezýan hem
esas bir zat bar:
Hersi bir taryhdyr,
ýazaýyn diýseň
Hawa,
ol taryhda
beýik adyň bar:
Agzybir,
bir dogan,
biz bir maşgala.
Herimiz
bir-bire
ömürlik hossar,
Käýişmek,
ýaraşmak…
bular başga-la…
Bu zatlaň barysy
geljegmniz diýip,
Sen öňden görüpdiň,
edipdiň ynam.
Täzäni wasp etdiň,
hak işi söýüp,
Şekilden bezediň
onuň ýolunam.
Hemme zat
sil kimin
akyp dur dynman.
Kät bir
käýerde
döreýär dykyn.
Durmuşyň gämisi
gaýda hem synman,
Böwüsýär gomlary,
goraýar hakyn.
Sen oňat bilýänsiň
dykynlar baryn
Göreşiň süpürip,
gidişin öňe.
Çendan bir
göräýýäň
bir pikriharyn,
Süýtde
gan görşüň deý
seretseň siňe.
Daýhanlaň
ýaplaryn arçaşy ýaly,
Geljegiň
ýollaryn
ol “ekiz taýy” –
Partiýa arçaýar.
Leniniň ýoly
Giňeýär,
uzalýar,
ýyl geldik saýy.
Bu zatlar
ozaldan
aýandy saňa, —
Leninden öwrendiň,
sen jeň barýarka.
Partiýalyk kitaplaň
ýüz tom oňa
Bagş etdiň
kommunizm
gurlup ýörýärkä.
Biz okap,
göreşip,
düşünýäs muňa,
Garşyda
ullakan
duşman barýarka
Proletar şahtadan,
iň jümmüşinden
Kommunizme gelse, —
sen durşuň bilen
Goşgular äleminiň
süýr depesinden
Kommunzime
özüňi okladyň,
girdiň.
Onsuz
hiç söýgi hem
ýok maňa diýdiň.
Eý, ussat,
bu dünýäň pelsepesinden,
Hol barýan ýaşulyň
ýemsemesinden
Ýa ýalta goňşynyň
zeýrenmesinden
Ýa-da
bir şahyryň
şaňňy sesinden
Söz açsak,
gürrüňmiz
uzar-da gider.
Ol şahyr
şol öňki
mydarda gider.
Bagbanlar
her ýylda
üzüm kesende,
Iň sagat,
saýyrdyň
çybygyn goýýar.
Hordasyn aýyrsaň,
sagy ösende,
Öňküden oňat hem
kän getir diýýär.
Bagyşla,
sen bizi,
goňşy bagynda
Hordasy,
ortasy,
gowsy hem ösýär.
Tankytçy dostlarmyz
edil çagynda
Ýa dymýar,
ýa baryn
bir täçden asýar.
Ol hakda
sen ozal
köp gürrüň etdiň.
Gür berip,
biziň hem
illere ýetdiň.
Hak sözüň
waspyny
bar ile eltdiň.
Al-Gyzyl baýdagy
has belent tutduň.
Biz ony
geçirdik
otly tupandan,
Gagarin
ýer berip
oňa asmandan,
Ýyldyza ýetirdi
Sowet ýyldyzyn.
Aýa hem
düşürdik
onuň saýasyn.
Dünýäde
ilki biz
edip Aýa syn,
Açyp
oň ebedi
nykaply ýüzün,
Belledik
dag,
deňiz,
düzün,
joýasyn.
Seniň hem
mertebäň
belende münýä,
Şan-şöhrat
seždedir
ýörän ýoluňa.
Öz aýdyşyň ýaly,
“başga bir dünýä”
Wagtyndan
ir gitdiň,
gezjek halyňa.
Girdaby
keç goýduň
ömür salyňa.
Suratkeşlik edip,
ýazjak halyňa,
Göreşde,
ýaryşda
ozjak halyňa…
Bilmedik,
haýsy güýç
gopardy seni.
Beýle ir
aradan
apardy seni.
Bir sebäp-säw bilen,
gaýyp bolsadyň,
Gagarin,
Titowlar
tapardy seni, —
Ne gudrat
görkezýär olar,
bilsediň.
Şonda hem
gaýrylaň
çüýrük samanyn
“Mata bazarynda”
jellap halanyn
“Göwhere barabar”
hödürlänlerden,
Her sözüň
halk üçin
müň iş bitirýär.
Belki,
ol heniz hem
gaýdýar bärden, —
Müň işde
müň dürli
paýhas getirýär.
Dogryçyň dosty ýok
diýse-de nakyl,
Ömürlik
dost saňa
bar dogry akyl.

Durdy HALDURDY.

“Edebiýat we sungat” gazeti, 20.07.1963 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle