|

Beýik bilen pes

Beýik bilen pes BEÝIK BILEN PES

Beýik bilen pes

Boý alan daragt ygyşagynda,
Gögeripdir görebilmez bir gyzgan.
Gara net ot alyp oñ gursagynda
Kemterlik edipdir ýerdäki yzgar.

Gözi gidip goñşusynyñ boýuna,
Şeýle hyýal getiripdir küýüne:

— Boýy gurmuş, kesilsedi kökleriñ,
Görsedim şahalañ gurap galanyn,
Menem beýdip oturmazdym bökdenip,
Deñiñden öterdim seniñ ýalagyñ.

Çapyp oda ýaksadylar «jesediñ»,
Menem hezil edip baksam keseden… —

Wagt ötüp daragtyñ egilip başy,
Sogruldy kökleri. Bu niçik ahwal?!
Daragtyñ astynda serilip «läşi»
Ýatyr hälki gyzgan. Gör niçik ykbal!

Haýyr rüstem geler elmydam şere,
Beýikleñ «Jesedem» ýükdür peslere.

■ GIJIGEN YLHAM

Şeýle boldy. Orta ýaşly birisi,
Bir ajap sungata edende höwes.
Geçdiler daşyna, bolşuny geñläp:
— Kyrk ýaşdan soñ dutar öwrenmek hebes.

— Boljak oglan başdan belli bolýandyr,
— Bu ýaşdan soñ gurjak niçiksi binýat?
…Älaýt, walla, onda altmyş ýaşdan soñ
Niçik ussat boldy Rabindranat?!

1979.

* * *

Bu gün ähli zada çekýäs atanak.
«Täze döwre täzeçillik ýaraşar»
Şeýle gep bar geçmişini atan ok,
Gelejekden beterrägne garaşar.

Bir aýakdan sürmelimi hemmäni,
«Düýn biri şeýlemi — barysy gende».
Oýlanalyñ, syndyrýasmy kelläni,
Hat-da dört-bäş ýara bolanda tende.

Aýanlym, Adalat — müdimi isleg,
Ynsaba, Wyždana hem Paýhasa — täç.
Ýöne özün «täzeçillige» besläp,
Şerraýlyk edýänden ediñ ätiýaç.

1987.

Gurban REJEBOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle