|

Betbagtlyk

Betbagtlyk BETBAGTLYK

Betbagtlyk

Geçen ýylyñ statistiki görkezijileri ýurdumyzda 54 müñ ýaş çatynjanyñ nikalaşandygyny we 21 müñ är-aýalyñ aýrylyşandygyny habar berýär. Munuñ özi gorkunç görkeziji.
Öýlenenleriñ takmynan 40%-i aýrylyşypdyr.
Öñler bu görkeziji 25-30%-den geçmezdi we aýrylyşýanlaryñ ýylyñ-ýylyna köpelmegi, maşgalalaryñ dargamagy hiç kimi ynjalykdan gaçyranok. Aýrylyşýanlar köplenç dürli sebäpleri bahana edýär: «Häsiýetimiz gabat gelenok», «Gaýynenem bilen oñşamok», «Il deñinde eklänok, saklanok», «Ärim içýär», «Aýalym naharam bişirip bilenok» we ş.m. Iñ soñunda-da biwepalyk bar.
Azerbaýjanda öñden gelýän bir adat bar, özem bu adat diñe bizde däl, başga birnäçe ýurtlarda-da bar: durmuş gurmak isleýänler belli bir wagta çenli adagly bolýar, beýtmek bilen düýp maksat ýaşlaryñ biri-birlerini tanamagy, biri-birlerine öwrenişmegidir. Nädip, iki ýyllap adagly gezen wagtlary-ha gül-bilbil bolup, durmuş gurandan soñ alty aýyñ içinde-de biri ary, biri gül bolup bilýärkä? Güzerany bahana edýän bolsalar-a, eger arada söýgi bar bolsa, biri-birini çyn ýürekler söýýänler gury sogandyr bir döwüm çörek iýibem agzybir ýaşap bilýärler. Moskwa hem bir günde gurulmandyr-a. Her gijäniñ yzynda gündizi-de bar. Durmuş bir bolşuna gitmeýär. Sabyrly bolmak gerek.
Ýagny ýokarda sanap geçenlerimiñ birem aýrylyşmaga sebäp bolup bilmez.
Öñler-ä brazil seriallary, yzyndanam öz telewideniýämyz ahlagymyzy bozdy, şeýdibem halkyñ öýüni-ojagyny ýykdylar. Ekranda öz doganynyñ aýalyny alyp gaçan bihepbäniñ däl-de, ýa bolmasa bäş çagasyny taşlap aýdymçy bolmagyñ ýa-da ejesidir gyzyl ýüzli iki erkek doganyny taşlap wezipeli erkekler bilen gezmegiñ haýu-höwesi bilen Bakuwa gelen şahyrasumagyñ däl-de, uruşda iki aýagyndan jyda düşen ärini goltugyna girip aýlaýan, uruşda iki gözüni aldyryp kör bolup gelen gahryman ýigide durmuşa çykýan merdana aýal-gyzlarymyzyñ obrazy janlandyrylmalydyr.
Ugur-ýol bilýänlerimiz ýagdaý şular ýaly bolup gitse, Azerbaýjanda jemgyýetiñ ahlagy doly bozulyp gitjegini gowy bilýändirler. Maşgalalary, öý-ojaklary dargaýan ýurduñ geljegi-de garañkydyr.

Nijat NOWRUZOGLY,
ýazyjy.

«Adalat» gazeti, 15.02.2024 ý.

Betbagtlyk
Jemgyýetçilik tankydy
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle