|

Berekediñ açary

Berekediñ açary

BEREKEDIÑ AÇARY
    
Her bir işde haýyr bar. Özümize bagly ýa-da bagly bolmadyk ýagdaýlar, bolup geçýän wakalar durmuş öwrümleri bilen sazlaşyp, ykbalymyzy emele getirýär. Käte bolýan wakalaryň, öwrümleriň dartgynyna baglanyp, olaryň diňe bir durmuşymyzdaky synaglaryň biridigini unudýarys. Ynsanyň şahsyýet hökmünde kemala gelmegi üçin ençeme kötel we kynçylykly ýollardan geçmegi kanunalaýykdyr. Taryhda güýçli döwletleri döredip, ile adalatly baş bolan han, soltanlary, begleri ýetişdirmegi başaran halkymyzyň, ata-babalarymyzyň bu babatda çuňňur pähim-parasada ýugrulan görelde mekdebi bar. Gadymy türkmen döwletleriniň han-soltanlary öz çagalarynyň terbiýesiniň, ylym-bilim başarnyklarynyň juda ýiti bolmagyna uly üns beripdirler. Türkmen hanlarynyň, serdarlarynyň çagalaryny terbiýelemek üçin mugallymlar — atabegler bolupdyr. Atabegler çaga ýaşlykdan söweş tilsimlerini, hat-sowady, dünýä ylymlaryny, her bir ýagdaýdan baş alyp çykmagy jany-teni bilen öwredipdirler. 
Häzirki wagtda ýaşlaryň dünýäniň soňky gazanan tehnologiýalardan baş çykarýan, dürli dillere erk edip bilýän sowatly adamlar bolup ýetişmekleri üçin birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine düşünsek, maşgalamyz, halkymyz, galyberse-de, özümiz üçin bähbitli işleri bitirmegi başararys. Ýetmek isleýän menzilimize çenli ençeme gezek yza gaýdyp-da bileris, netije gazanman-da bileris, emma esasy zat — ruhdan düşmezlik, ýan bermezlik. Şu ýerde zehinli şahyrymyz G.Ezizowyň şu goşgy setirlerini mysal getirmek isleýän: 

«Näme diýse, şony diýsin özgeler, 
Meniň bu meselä öz garaýşym bar: 
Adam ýalňyşýarmy, diýmek, özgerer, 
Diýmek, oňa soňra ösüş garaşýar!» 

Zähmetiň soňunyň rehnetdigini tekrarlaýan rowaýatlaryň birinde beýan edilişine görä, bir baý gazanan baýlyk, tyllalaryny ogullaryna deň-derman paýlamak isläpdir. Onuň üç ogly bar eken. Baý bir gün irden ogullarynyň üçüsini hem ýanyna çagyryp, ömür puryjasynyň azalandygyny, özüniň gyzyldan gymmatly bolan mirasynyň bardygyny, şony-da ogullarynyň arasynda synag geçirip, mynasyp ogluna bermek isleýändigini aýdypdyr. Ýigitler kakalaryna näme şertiniň bardygyny aýtmagyny sorapdyrlar. Şonda baý: «Men size üç käri teklip edýärin, siz şol hünärleriň biri bilen meşgullanyp bir ýylyň dowamynda netije gazanmaly. Olar şeýle, birinjisi, syýahatçylyk. Paýyna syýahatçylyk düşen ýigit bir ýyllap şäher-kentlere syýahat edip, gören-eşiden geň-enaýy zatlaryny beýan etmeli. Ikinjisi, ussaçylyk. Bir ýylyň dowamynda ymaratçylaryň binalary bilen bäsleşip biljek bir bina gurmaly. Üçünjisi bolsa, meniň iň gowy görýän kärim, bagbançylyk. Ýagny, bir meýdan çemesi ýeri sürüp, tekizläp, bir ýylyň dowamynda baldaklary gül açyp duran bag ýetişdirmeli» diýip, ogullaryna ýüzlenipdir. Ogullarynyň ulusy: «Men-ä syýahatçylygy saýlaýaryn, bagbançylyk meniň elimden geljek zat däl» diýipdir. Ortanjysy-da: «Onda menem özümi bagbançylyga rowa görüp bilmen, şu ýaşyma çenli ençe kitaplaryň gatyny açyp, ylym öwrenen halyma, bagbançylyk maňa başartmaz» diýipdir. Gezek kiçi ogluna gelipdir: «Kaka, seniň ýaşlykda meşgullanan käriň bolan bagbançylygy men saýlaýaryn» diýipdir. Wagt geçip, wadalaşylan gün ýetip gelýär. Ogullarynyň üçüsi-de jemlenişip, kakalarynyň şertini berjaý edişlerini amal eden işlerinde görkezipdirler. Şonda kiçi ogul bir ýyl mundan ozal oturdan baglaryny görkezip: «Agalar, men ýer sürüp ýörkäm, üç sandyk altyn-kümüş tapdym, indi bolsa olary siz bilen paýlaşmagyň wagty geldi. Men munça altyn-kümşe bir özüm eýe bolup bilmen» diýipdir. Şol pursat ogullarynyň ulusy we ortanjysy kakalarynyň zähmetiň agyr şertini saýlan ogluna baýlygyny bermek isländigine göz ýetiripdirler. 
Kakalary bolsa ogullarynyň zähmetsöýerlik bilen bitiren işlerine guwanýandygyny aýdypdyr. Käriň bihaly ýokdur. Azap bilen çekilen zähmetiň höziri diňe bereketdir. Halal zähmet bolsa ähli bolçulygyň, baýlyk-hazynanyň açarydyr. 
 
Göwher HYDYROWA.

Edebi makalalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle