Bende Aly
Bende Aly
BENDE ALY
Bende Alynyñ durmuşy barada hiç hili maglumat ýok diýen ýalydyr. Ujypsyzja bolan maglumata görä, ol Gyzyletregiñ Garadegiş, Teñli, Gudri diýen obalarynda ýaşapdyr. Şahyryñ haçan dünýä inip, näwagt aradan çykanlygy hem belli däl. Onun hakyky ady Anna Aly bolup, Bende Aly onuñ edebi lakamydyr. Bende Aly öz ömrüni çarwaçylyk bilen ötüripdir. Muny şahyryñ "Çarwanyñ güni gurasyn" diýen şygryndan jem görmek bolýar. Ol öz maşgalasyna azyk satyn almak üçin Gürgene gidýär. Gürgende oturýanlar şahyrdan çarwanyñ ýagdaýyny soraýarlar. Anna olara ýokarky şygry bilen jogap beripdir. Şahyryñ birnäçe goşgusyny 1927-nji ýylda Gyzyletrek raýonynyñ Baýathajy obasyndaky mekdebiñ mugallymy Allamyrat Gulmämmedow ýazyp alypdyr. Ol şol ýazgysynda Anna Aly mundan elli ýyl ozal ýaşap geçen diýip belläpdir. Bende Aly sowatsyzlygy zerarly, öz şygyrlaryny ýazyp bilmändir. Onuñ halkyñ dilinden ýazylyp alnan şygry bolsa bäş sany. Ol şygyrlar TYA-nyñ golýazmalar fondunda saklanylýar.[1]
Bende Alynyñ bize gelip ýeten eserleriniñ mukdary juda az bolany üçin, şahyryñ döredijilik ugry, işlän temalary hakda doly pikir ýöretmek kyn. Onuñ bize gelip ýeten eserleri söýgi we durmuşy temada döredilipdir.
Bende Alynyñ söýgi lirikasynyñ çeperçiligi hiç neneñ bolmasa-da, onuñ estetiki lezzeti şeýle güýçli däl. Taryplanýan şahsyýet umumy sözler arkaly wasp edilip, onuñ hakyky sypaty göz öñüne aýdyñ gelip bilmeýär:
Bakjanyñ çuñ bagybany saklawda gaýym sen gelin,
Batynyñ öldir meni keýmirli ýaýym sen gelin,
Huplaryñ hup zadasy — çeşmi humarym sen gelin,
Hak saña salmyş nazar, Merýemge taýym sen gelin.[2]
Şu getirilen bendiñ birinji setiriniñ manysy hem düşnüksiz, ol diñe kapyýa üçin getirilipdir. Emma şahyr käwagt öz eserlerine özboluşlylyk girizmeklige hem ymtylypdyr. Ine, şu özboluşlylyk girizmäge ymtylan ýerinde hem şahyryñ duýgusy ýüze çykypdyr:
Çeşmime röwşen beren, ýüz derde derman totyýa,
Gözleriñ jan algyjydyr, saçlaryñ sünbül syýa,
Bende Aly boldy menşur, ýary saklapdyr haýa,
Ahyry etgen jynun sen, şeýle zadym sen gelin.[3]
Bendiñ üçünji setirinden görnüşi ýaly, şahyr aşyklyk zerarly özüniñ ile gürrüñ bolandygyny aýdýar. Magşuk weli edepli, haýaly bolup, ol halk içinde abraý gazanýar. Emma şu tarypyny edýän bendimiziñ hem çeperçiligine kössi degýän, ýerine düşmedik "sen şeýle zadym" ýaly umumy sözler bar.
Bende Alynyñ halk arasyna giñ ýaýran çeperçilik taýyndan oñat şygyrlarynyñ biri-de durmuşy temadaky "Garasar bilen aýdyşyk" goşgusydyr. Şygyrda hakyky durmuş görkezilip, waka dogry suratlandyrylypdyr. Onuñ dialog üsti bilen berilmegi has hem şowly çykypdyr. Eger şahyr pikiri diñe öz adyndan beren bolsa, eserde şeýle güýi konflikt döremezdi we gahrymanlaryñ häsiýeti açylmazdy.
"Ujal-ujal gözlediñ ençe dänämi iýdiñ". Bu ýerde daýhan garasara öz algysyny subut edýär we oña günä ýükleýär. Emma garasar daýhana ýöne ýerden ýalbarmaýar. Ol hem özüniñ günäsizdigini beýan edýär we daýhany töhmetçi hasaplaýar:
Alyp iýsem dänäñi, zäher bolsun janyma,
Zerre bolsa ýazygym, öldür razy ganyma,
Ynanmaz sen sözüme, aýandyr Subhanyma,
Ýaman atga galmagyl, goýber meni, adamzat.[4]
Esere gatnaşýan gahrymanlardan daýhan öz ekinine bolan guwanjyny beýan edýär we şol guwanjyna garasaryñ şikest ýetirendigini aýdýar:
Niçe kowdum gitmediñ, gelip gonduñ ekine,
Aýrylmadyñ üstümden, goýganyñ barmy mende.[5]
Eser boýdan-başa dialog bilen berilýär. Sözleriñ ýerbe-ýer getirilmegi, pikiriñ yzygiderliligi, artykmaç epizodlaryñ, detallaryñ bolmazlygy şygryñ çeperçiligine ýardam beripdir we şahyryñ gahrymanlaryñ suratyny dogry çekip bilmegine getiripdir. Bende Aly bu eserini durmuşa uzak wagtlap syn etmeklik bilen, liriki oýlanma esasynda döredipdir. Şol oýlanma arkaly hem okyjyda durmuşa bolan estetiki lezzeti oýarmak isläpdir. Durmuş öz bolşunda dogry beýan edilende, ol okyjyda estetiki lezzeti oýandyryp bilýär. Ine, şahyr şu maksady hem göz öñünde tutupdyr. Emma şygrynda dialektika hem ýüze çykman durmandyr.
Halk arasynda ýörgünli aýdym edilip aýdylýan "Gyzyl gül" atly şygyr gem Bende Alynyñkydyr diýlen pikir bar. Şygryñ soñy bolsa Gulbende ady bilen tamamlanýar. Emma bu şygry Bende Aly şahyra bermeklige doly esas ýok.
________________________________
[1] Inw. 43, 642, 81, 369, 931, 825, 1902, 1749, 267.
[2] Inw. 642, F. 81.
[3] Şol ýerde.
[4] Inw. 81.
[5] Şol ýerde.
A.Nurýagdyýew.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly