Belki…
Belki…
Ýol üstünde ýatan ýelek,
Gaçyp galdyň haýsy guşdan?!
Ol guş biziň obalymy?!
Gelipmidi
Ýa-da daşdan?!
Belki ony duýman durka,
Çirtmek bilen tutandyrlar?!
Belki ony duýman durka,
Keman bilen atandyrlar?!
Belki ony duýman durka,
It ýa-da pişik awlandyr?!
Görgülijik
Janhowluna
Urnandyr
Hem-de aglandyr…
Belki…
Belki ýelek seni
Gaçyrandyr bezzat şemal?!
Hiç zat bolan däldir guşa,
Saýrapjyk ýörendir şumal… Çagalar edebiýaty