|

Belentlik hakynda ballada

Belentlik hakynda ballada BELENTLIK HAKYNDA BALLADA

Dostum, familiýadaşym Öwez Nuryýewiň ýadygärligine

Professor däldi, doktoram däldi,
Ýaňy alyp kandidatlyk diplomyn,
Öz işine gümra bolup ýördi ol,
Kitap bilen baglapdy öz ykbalyn.

Soňlaman goýmazdy bir iş başlasa,
Galdyrmajak bolardy kem-kössüni.
Garşydaşyn hak söz bilen ýenjerdi,
Hak söz bilen söýerdi çyn dostuny.

Biri gereklese, özi gelerdi,
Ýokdy oň gözlenip tapylan wagty.
Ömür ýylgyrmadyk ýaly bolardy,
Goňşusynyň gaşy çytylan wagty.

Sähel zada gozganmazdy ýerinden,
Gozgandymy, topulardy bat alyp.
Ula, kiçä garardy bir göz bilen,
Elmydama hemrasydy sadalyk.

Onuň ýaşamagy derwaýyslykdy…
Arman, bu durmuş-da, nätjek, bolýa-da…
Gysga ömri bilen belentlik hakda
Ýazyp gitdi bir ajaýyp ballada.

Balladalar bolsa unudylmaýarlar,
Olar soň-soňlaram okalýar ahyr.
Undulmaz seniňem mähriban dostuň,
Galamyňy çeýnäp oturma, şahyr!

Italmaz NURYÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle