Belent şahsyýet boluñ
Belent şahsyýet boluñ

Ýüregimden önen gudrat —
Ýañaklary bägüllerim…
Ýene size wesýet edýän
gyzlarym hem ogullarym.
Döwletiñiz — manadyñyz
artsyn — dursun her ýyl saýyn.
Emma manat diýen zada
çakdan aşa bolmañ maýyl.
dünýädäki bar manady
ýygan adam ýokdur entek.
Hannas bolmañ, husyt bolmañ,
iýmez-içmez karunlar dek.
Maşynyñyz täze bolsun,
köne bolsun dost-ýaryñyz.
Kesellemäñ! Her ýyl artsyn
kuwwatyñyz — mydaryñyz.
Maşyndan-da, manatdan-da,
dost-ýardan-da, kuwwatdan-da
zyýat zat bar, perzentlerim,
diñläñ birdem, pikir beriñ.
Boluñ belent bir şahsyýet,
belentligi ediñ niýet.
Gujur bilen ädim ädiñ,
…emma belent boljak nädip?
Ýokdur size salgy berjek,
giñ ýollarym — şaýollarym.
Ol ýollary günde gözläñ,
gyzlarym hem ogullarym.
Allaberdi HAÝYDOW. Goşgular