|

Belarus şahyrlaryndan parçalar

Belarus şahyrlaryndan parçalar BELARUS ŞAHYRLARYNDAN PARÇALAR

• ÝERIÑ NALYŞY

Tisginip gidýärin gulagma ilip,
Ene watan meni çagyrýar her dem.
Oragyñ sesi dek, ýüregmi bölüp,
Eşdilýär ol owaz şol uzak ýerden.

Çeşmeleriñ syçrap akýan gözýaşy,
Eñräp ahyr hasrat çekýän derýalar.
Mawy kölleñ sessiz çytylan gaşy,
Duşman hakda maña habar berýärler.

Gördüm bu jahana ajal sepelän,
Garakçylañ ganly göreçlerini.
Adamzadyñ kanunlaryn depelän
Şol wagşy ordanyñ aç leşgeriniñ.

Şeýle güýç berseler: etlerin kesip,
Etsedim zarbymdan elener ýaly.
Men topragym, seniñ hasratyñ egsip,
Göreşlerde saña güýç berer ýaly.

Ene watan, eşidýärin perýadyñ!
Men bu gün kalbymyñ kasamyn aýdyp.
Saña wada berýän, men señ zürýadyñ,
Ýesirlikde uzak galmarsyñ beýdip.

Diñleýärin seniñ başy gowgaly,
Tokaýlaryñ güwläp duran seslerin.
Edil günortanyñ ak Güni ýaly,
Kändir seniñ otdan gaýtmaz esgeriñ.

1941.

• BAHARDA

Bahar şemalyna müñ mukam ýasap,
Şygyrdaşýar ýaş derekleñ ýapragy.
Maña welin bu dünýäde gerek zat
Ene meýdanymyñ mährem topragy.

Bu ýerde ümsümlik salyp dur ýada
Äpet çynar gümmezini asmanyñ.
Şeýle bir mylaýym bady-sabada
Bu giñ meýdanynda Özbegistanyñ.

Onda bolsa meniñ Belorussiýam,
Eziz halkym çekýär agyr gussany.
Galyp aşagynda aýylganç gaýañ
Gök meýdanlar ýada salýar hassany.

Bilýän onda gamçysyny bulaýlap,
Höküm sürýänini şol gara ýeliñ.
Çagalar giñ ýola nazaryn aýlap,
Diýýändir: «Basymrak, basymrak geliñ»

Ah, ejir çekýändir ol ýerde galan,
Eziz ülkäm, ýöne dolanar döwran.
Goý, haraba, goý kül bolsun binalañ,
Saña ýetse bolýar bu goja göwräm.

Erkinlik berilse, sag bolsa janym,
Gelmişekler ýok edilse bu taýdan,
Meniñ Witbam, Swisloçym, Nemanym,
Onsoñ men ýene-de bagtly adam.

Goý, zemin çöwrülip, galsyn astynda
Gülle atan faşist seniñ döşüñe.
Mymyk şemal ösýär bahar paslynda
Ene watan, girýäñ her dem düýşüme.

Ýakub KOLAS.

• ARZUW

Uly ildir ýüregimiñ guwanjy,
Uly ildir tagam-duzuñ hümmeti.
Şondadyr ömrümiñ hazyna-genji,
Şondadyr ömrümiñ gadyr-gymmaty.

Uly il baş atsa köñül sazyna,
Ylham berse çermän wagty bilegim.
Şüdür maña egsilmejek hazyna,
Şüdür meñ dünýede ýeke dilegim.

Watan, gülle, gel gün-günden joşa sen,
Halkymyzyñ döwran bolsun sürjegi.
Ilim-günüm uzak-uzak ýaşasyn,
Iliñ-günüñ gowy bolsun görjegi.

Ýol gözlediñ tümlüklerden güneşe,
Başyn egmez ýaly garyplar baýa.
Bütin ömrüm bagyş ederin bu işe,
Hem gulluk ederin şeýle Hudaýa.

Rahatlygy, bagty üçin Watanyñ,
Doganlarym siziñ üçin söweşde
Saýlaryn ýollaryñ iñ bir hataryn,
Ölsem armanym ýok,
Bardyr ol başda.

Ýanka KUPALA.

• «BU EZIZ TOPRAGA BAGLYLYGYM HAK…»

Bu eziz topraga baglylygym hak,
Berýozañ köki dek,
Dubuñ köki dek.

Bu ösýän şemala
Gulak salyp dur:
Ol meniñ ýüregmiñ
Gürsüldisidir.

Derýa kenarynyñ
Çygyna bakyñ!
Ol şatlyk gözýaşy
Didämden akan.

Derýalar, tokaýlar
Aýdym aýdýar.
Egnim bulutlara
Degip gaýdýar.

Ähli töwerekde
Bagt görýärin.
Älemgoşar üste
Güne barýaryn.

Petrus BROWKA.

• «BAGT MYDAM BIR HILIDIR…»

Bagt mydam bir hilidir,
Uly iliñ bagty hem
Señki-meñki ýalydyr.

Ol duz bilen başlanar,
Ol bugdaýdyr meýdanda
Ýañy orlup başlanan.

Bagt dökülýän derde bar,
Hakykata, dostluga
Guwanylýan ýerde bar.

Ol bugdaý başagynda.
Hem öz eziz topragyñ
Asmannyñ aşagynda.

Aýdymda, ýagşy sözde.
Ine, şular bolmasa
Bagt bolmaz ikimizde.

• PARTIZANYÑ ÖLÜMI

Gök pürleriñ arasynda
Akyp ýatyr dury çeşme.
Gülle degen partizanyñ
Dodaklary suwa teşne.

Ýarasyndan akýar gany
Gök otlary eze-eze…
Ýatyr pälwan ýowuz okuñ
Awusyna döze-döze.

Ýatyr ýigit, juwan ýigit
Gözlerine duman inip…
Ah, şo suwdan bir içsedi,
Bir içsedi, şondan ganyp

Gök otlary garbaýar ol
Boş salgymy garban ýaly.
Bu ysgynsyz göwresiniñ
Gozganara ýol mejaly.

Ajap çeşme, dury çeşme,
Gel ýanyna juwan merdiñ.
Gurbat bersin bedenine
Her bir damjañ, her owurdyñ.

Oñ göwnüne sowuk çeşme
Gerip oña göwüslerini.
Ylgap geldi, alyp geldi
Derman abyköwserini.

Sandyraýan eller bilen
Teşne ýigit, haşlap-haşlap,
Içişi dek çaga wagty,
Içdi ondan goşawuşlap.

Oñ göwnüne şu pursatda
Teşneligi birden gandy…
Pürler däl-de, pyşyrdaýan
Ak saç ene, mähribandy.

Kirpiginde çyg buldurap,
Eşitdi oñ mährem sözün.
Eda bilen «eje…» diýip,
Soñ ömürlik ýumdy gözün.

Ales STAWER.

• IKIMIZ

Men saña duşupdym ýaş mahalyñda,
Ýaş mahalymda.
Sen meniñ bagtyma zemin bolupdyñ,
Men seniñ bagtyña deñiz bolupdym.

Bedeniñ ümmülmez deñiz guçanda,
Sen özüñe ýol gözläpdiñ geregim.
A men zemin tokaýlarnyñ içinden,
Agtaryp gezipdim seniñ ýüregiñ.

Sen tolkunýan giñ deñiziñ içinde
Ýol tapmadyñ, gider ugruñ bilmediñ.
Men azaşdym gür tokaýlañ içinde,
Seniñ ýüregiñi tapyp bilmedim.

Sen näm üçin şonda zemin ýerine
Derýa bolmadyñ?
Şonuñ üçin seni tolkunlaryma
Garyp bilmedim.

Men näm üçin şol tokaýlañ içinden
Ýaşlygymda ýalyn bolup geçmedim?
Men näm üçin şol tokaýlañ üstünden
Ýaşlygymda ak guş bolup uçmadym?

Ýaşlygymyz geçip gitdi ezizim,
Indi men şol öñki sarymeñiz däl.
Meniñ öñki deñizligim henizem,
Ýöne öñki güwwüldeýän deñiz däl.

Öñki batly-batly tolkunlar hany,
Indi ol tolkunlar görülýär.
Köñlüme teselli — synlaýan seni,
Añyrsy tokaýly kenar görünýär.

Men-ä deñiz, senem zemin henizem,
Bizi bir-birekden aýryp bilen ýok.
Gunça dodaklarym, meniñ ezizim,
Näzik aýaklañdan aýryp bilemok.

Ýatyryn men saña ýagşylyk diläp,
Köpdür gursagymda suratyñ gören.
Men indi señ aýnañ, başyñ silkeläp,
Maña bakyp sünbül saçlaryñ daran.

Arkadiý KULEŞOW.

• «GATY GÖRME, GAHARLANMA EZIZIM…»

Gaty görme, gaharlanma ezizim,
Seýran edýäñ diýip ilden illere.
Ýüregim küýseýär doganlarymy,
Görsem diýip düşýän uzak ýollara.

Diñe öz bagyñy wasp etmek azdyr,
Hasam azdyr baglanmaklyk bir güle.
Bir gül däl, müñ gül bar giñ Watanymda,
Hersi müñ joşgun biýr saýrak bilbile.

Meñ ähli baglara barasym gelýär
Hem gözel ülkämden salam aýdasym.
Meniñ aýdymlarym belent ýañlanar
Doganlam köp bolup goşsalar sesin.

Ýewdokiýa LOS.

Goşgulary terjime edenler Mämmet SEÝIDOW bilen Ahmet GURBANNEPESOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle