Bekgi Berdiýew
Bekgi Berdiýew
BEKGI BERDIÝEW
■ Epigraf ýerine:
TSSR Magaryf halk komisarlygynyň kollegiýasynyň çleni Bekgi Berdiýewiň Moskwa, «Hlopkoma» işe ugradylmazynyň öň ýany TSSR HKSniň başlygy Gaýgysyz Atabaýewiň TK/b/P MK ýazan hatyndan:
«Biz medeni we hojalyk güýçlerine adatdan daşary garyp. Şonuň üçinem işgärler paýlanylanda ýada merkezi edaralardan alnanda, ilki bilen, şu nazarýetden ugur alynmalydyr. Türmen milletiniň emele gelýän şu döwründe Magaryf halk komissarlygyna uly wezipeler degişlidir. Bu işlere dogry düşünýän ýeketäk adam bar. Olam Berdiýew. Şo sebäplem men onuň Moskwa işe ugradylmagyny unamok. Ony Magaryf halk komissarlygynyň ygtyýarynda goýmaly diýip hasap edýärin».
Sprawkadan: «Berdiýew Bekgi Emirowiç, 1897-nji ýylda Mary şäherinde doglan, türkmen, SSSRiň graždany, pomeşik maş galasyndan, ýokary bilimli, käriuniwersitetiniň mugallymy. Graždan urşy döwründe Zakaspide aklaryň hökümetinde azyk ministry, ak go şynyň hatarlarynda Gyzyl Goşunyň bölümlerine garşy aktiw göreşen».
…1932-nji ýylyň fewral-mart aýlarynda Türkmenistan SSR niň GPU-sy tarapyndan «Türkmen azatlygy» diýlip atlandyrylan milletçi kontrewolýusion gozgalaňçy guramanyň üsti açyldy diýlip habar berilýär («Türkmen azatlygy» diýen guramanyň aslynda bol mandygyny okyjylara öňünden aýdasym gelýär – A.Ç.). Bu gurama bilen baglanyşykly 34 adam jenaýata çekilip, tussag edilýär. 1932nji ýylyň 15nji ýanwarynda bolsa bu guramanyň baştutanlarynyň biri hökmünde Bekgi Berdiýew ele salynýar.
Derňelen işiň netijesinde guramanyň öz öňünde Sowet häkimiýetini ýykmak we Türkmenistanda hemde Orta Aziýada buržuaz döwletini döretmegi maksat edinip goýandygy belli edilipdir.
Sprawkadan: «Berdiýew «Türkmen azatlygy» milletçi kontrre wolýusion guramanyň çleni bolan döwründen guramanyň program masyny we taktikasyny, usullaryny işläp düzmäge aktiw gatnaşypdyr, ýokary okuw jaýlarynyň okuwçylarynyň arasynda kontrrewolýusion işi yzygiderli geçiripdir.
GUSyň başlygy we TSSR Magaryf halk komissarlygynyň kolle giýasynyň çleni hökmünde, ol Türkmen ylmyedebi jemgiýeti döredýär. Hakykatynda ol bu gurama perdelenip, «Türmen azatlygynyň»
işlerini amala aşyrypdyr. «Türkmen azatlygynyň» ýolbaşçylyrynyň tabşyrygy bilen, 1927-nji ýyldan tä 1931-nji ýyla çenli Berdiýew öz bek milletçileri bilen ýörite aragatnaşyk saklapdyr.
Türkmenistanda milletçilikli işi ýaýbaňlandyrmaga, «Türkmen azatlygyny» döretmäge 1926-njy ýylyň başlarynda Bakuwda açylan birinji türkologik gurultaý, soň türkologik komitetiniň plenumy ýar dam beripdir.
Gurultaýa gatnaşan TSSR-iň delegasiýasyny tutuşlygyna diýen ýaly milletçiler düzüpdir. Şol sanda Berdiýew, Pereňliýew, Geldiýew, Şamyradow, Gulmuhammedow we beýlekiler gurultaý günleri türk milletçileriniň wekilleri Çopan Zade, Köprüli Zade bilen gatnaşygy ýola goýupdyrlar. Türkmenistanda milletçiligi ösdürmegiň ýollary barada ýorite görkezmeleri alypdyrlar…».
Bu hakda günä ýöňkelýän A. Hojamberdiýew 1932-nji ýylyň 17-19-njy iýulynda edilen sorag döwründe öz eli bilen ýazyp, şeýle düşündiriş beripdir:
«…Berdiýew we beýleki milletçi elementlerriň Bakuwdaky birinji türkologik gurultaýy döwründe prof. Çopan Zade, prof. Köprüli we başga türkologazerbaýjanlar bilen geçirilen ýörite ýygnakda türk dillerini birleşdirmek liniýasy türkmen delegasyýasy tarapyndan doly goldaw tapýar. Şonda azerbaýjan milletçileri tarapyndan türkmen intelligensiýasynyň bu babatda hemme taraplaýyn goldanyljakdygy wada berilýär. Bu zatlar milletçi toparyň kontrrewolýusion ideýa laryny amala aşyrmakda öz wezipelerinden we her bir mümkinçilikden peýdalanýandygyna güwä geçýär. Türkmen delegasyýasynyň Baku maslahatlary hakda Moskwadan Aşgabada gelen badyna maňa Orazmyrat Şamyradow gürrüň berdi».
Günäkärlenýän O.M.Şamyradowyň 1932-nji ýylyň 1-nji dekabrynda sorag edilen döwründe beren görklezmesinden:
«Türkologik gurultaý, öýlerine gaýdyp gelensoň, milletçilik meýilli elementler üçin täze güýç, täze görkezmeler bilen milletçilikli, kontrewolýusion işe başlamaga itergi berdi. Olar munuň üçin ylmyedebi jemgiýete perdelendiler. Gurultaý olaryň başyny bir ýere jem lemäge şert döretdi. Biziň aşgabatly delegatlarymyz ine, şu niýet bilen yzlaryna dolanyp geldiler…»
Sprawkadan: «Bakuwda geçirilen türkologlaryň gurultaýyndan gaýdyp gelensoňlar, türkmen milletçileriniň ýolbaşçy ýadrosy Bekgi Berdiýew başlyklaýyn milletçi kontrrewolýusion guramany pygta landyrmak we onuň işini ýaýbaňlandyrmak ugrunda iş geçirýärler».
Günäkärleýin Orazmyrat Şamyradowyň görkezmesinden 1932-nji ýylyň 16njy dekabry:
«Delegatlar 1926-njy ýylda türkologlaryň gurultaýyndan gelmänkäler, şeýle hem Türkmenistanyň territoriýasynda ylmyedebi jemgyýet döredilmänkä dagynyk, bölekbüçek kontrrewolýusion we killer indi bir gurama birleşip, guramaçylykly iş alyp barýarlar…».
1932-nji ýylyň 17-nji iýulynda sorag edilende, günäkärlenýän Bektöre ylmyedebi jemgiýetiň işi barada has giňişleýin düşündiriş beripdir:
«1927-nji ýylyň başlarynda men Bekgi Berdiýewiň öýüne çagyryldym. Barsam, öý eýesinden başgada M.Geldiýew, Kerbabaýew, Orazmyrat Şamyradow, Pereňliýew we beýlekiler oturan eken.
Şol günki maslahatda Bekgi Berdiýew türkmenleriň medeniýet wekilleriniň bir ýere ýygnanyşlary, gysga wagtyň içinde degerli netije gazanyşlary ýaly, ylmyedebi jemgiýetiň hem döredilmegini nygtady. Şo ýerde oturanlaryň ählisi Berdiýewiň teklibini ikelläp goldadylar we ylmyedebi jemgiýete agza bolup girdiler.
Bu mesele çözülenden soňra Berdiýew ikilenç çykyş edip:
«Biziň hemmämiz hem pikirdeş adamlar. Biziň syýasy garaýyşlarymyz, platformamyz we maksadymyz ne kommunistik partiýanyň programmasyna, nede Sowet häkimýetiniň syýasatyna gabat gelýär. Şonuň üçinem biz özümiziň syýasy ugrumyzy we garaýşymyzy amala aşyr mak maksady bilen zerur guramaçylyk formalaryny tapmalydyrys.
Ylmyedebi jemgiýet dil, edebiýat, mekdep terbiýesi, kadrlar ýüze çykarmak meselesinde öz ugrumyzy ýöretmäge şert döretjek gurama bolar» diýip aýtdy.
B. Berdiýewiň pikiriçe, ylmyedebi jemgiýetiň öz içinde ýadro döretmek bilen, ol syýasy ýolbaşçylygy alyp barmalydyr. Onuň
çykyşyndan ýadronyň özenini milletçilik we sowetlere garşy meýilli türkmen milli intelligensiýasynyň wekilleri düzmelidigi belli boldy.
Maslahata gatnaşanlaryň ählisine Berdiýewiň ideýasy düşnükli. Mende olaryň bu ýygnaga öňden bäri taýýarlyk görendikleri ýaly täsir döretdi…».
Sorag edilende günäkärlenýän Kakajan Berdiýewiň görkezmesinden (1932-nji ýylyň 4-nji marty):
«1922-nji ýyldan soň, biz özbek kontrrewolýusion milletçi gu ramasynyň wekilleri bilen aýratynlykda milli kontrrewolýusion gura manyň MKsyny döretmek pikirine gelenimizden soň, Türkmenistan da şeýle guramany döretmäge girişdik.
1925-1926-njy ýyllarda bu guramany dörediji hökmünde esasan Bekgi Berdiýew çykyş etdi…
Bu guramaçylyk döwründe Bekgi Berdiýewiň öýünde köp ge zek ýygnanyşyldy. Şu döwürde esasan hem dörediljek «Türkmen azatlygy» guramasynyň MKsynyň maksady we wezipeleri, strukturasy, aşaky guramalary, özbek kontrrewolýusion guramasy bilen gatnaşyklarynyň formasy, Maşatdaky iňlis konsullygyna, Zaki Weli dow, Mustapa Çokaýew ýaly daşary ýurtda emigrasiýada ýorenlere bolan gatnaşyklar meselesine garaldy…».
Günäkärlenýän Burunow bolsa 1932-nji ýylyň 23-24-nji aprelin- de sorag edilende, şeýle görkezme beripdir:
«1926-njy we 1927-nji ýyllarda meniň öýümde Bekgi Berdiýew, Akmyrat Orazow, Bekjan Nazarow we başgalar ýygyýygydan du şyşdyk. Şo duşuşyklardaky gürrüňdeşliklerden Öwezbaýew bilen Bekgi Berdiýewiň Sowet häkimýetine bolan duşmançylykly garaýyşlary mesemälim boldy. Geçirilýän ähli çäreler tankyt edilýärdi we üstünden gülünýärdi. Sowady az daýhanlardyr işçileriň ýolbaşçy wezipelere çekilişine göwnüýetmezçilik edilýärdi. Sowet Russiýasy bilen buržuaz döwletiň arasyndaky urşuň hökmandygy, uruşdan soň gowy boljakdygy, sebäbi SSSRiň şol uruşda ýeňiljekdigi tekrarlanylýardy. Türkmen respublikasynyň döredilmegine garamazdan, onuň özygtyýarly däldigi, Türkmenistany türkmenler dälde, ýewropalylaryň dolandyrýandygy, olaryň hojaýynlyk satyp, edenini edip ýörendikleri hakda pikir ýöredýärdiler.
Bu pikir esasanam Bekgi Berdiýew bilen Öwezbaýew tarapy ndan ýöredildi».
Günäkärlenýan Kakajan Berdiýew 1932-nji ýylyň 22-23-nji fewralynda sorag edilende «Türkmen azatlygy» guramasynyň maksady hakda şeýle düşündiriş berýär:
«Guramanyň esasy maksady we wezipesi Angliýa bil baglamak bilen Orta Aziýanyň halklaryny Sowet häkimýetine tabyn bolmakdan azat etmekdir. Bu ideýany amala aşyrmagyň göreş taktikasy: öňünden taýýarlyk görmek bilen ýaragly gozgalaň – munda interwensiýanyň bolmagynyň ähtimaldygy göz öňünde tutuldy.
Ykdysady we syýasy taýdan Sowet häkimýetiniň geçirýän ähli çärelerine garşy halkyň arasynda agitasiýa ýöretmek. Dokumentlerdäki bu görkezmeler Türkmenistanyň çäginde tä 1931-nji ýyla çenli üýt gewsizligine galdy…»
1932-nji ýylyň 17-19-njy iýulynda günäkärlenýän Abdylla Hojamberdiýewiň öz eli bilen ýazan düşündirişinden:
«1927-nji ýylda bu guramanyň işgärleriň we ýaşlaryň arasynda alyp baran işleriniň maksady maňa aýdyň boldy: taktiki nuk daýnazardan hemem seresaplylygy elden bermän, guramanyň baştutany Bekgi Berdiýew ähli çlenleriň gatnaşmagynda guramanyň umumy ýygnagyny çagyrmady. Onuň planlary we metodlary bilen çlenleriň hemmesi tanyşdyrylmady. Diňe özüniň oňat tanaýan çlenlerine aýratyn tabşyryk berdi. Men guramanyň edebiýat, metbugat we pedagogika babatda alyp baran işleri bilen tanyş bolsamda, beýleki ugurlara beletçiligim ýok. Ýöne Bekgi Berdiýewiň, Geldiýewiň hem de Gulmuhammedowyň üsti bilen bu milletçilikli guramanyň metod lary bilen azdakände tanyş boldum».
Sprawkadan: «Bekgi Berdiýew « Türkmen azatlygynyň» üsti bilen özbek milletçi guramasy bolan «Milliistiklal» bilen gatnaşyk saklapdyr…»
Bu barada günäkärlenýän Şewki Bektöre 1932-nji ýylyň 7-nji iýulunda şeýle düşündiriş berýär:
«Daşkente gelmezinden öň Bekgi Berdiýewe özbek we gazak milletçileriniň wekilleri bilen gatnaşygy ýola goýmak nabşyrylýar. Ikimiziň aramyzda bolan gysga gürrüňdeşlikde B. Berdiýew özüniň diňe özbekler bilen (Münewer Kary, Fitrat, Baty, Çolpan, Alýawy) gatnaşygy ýola goýandygyny we olara Türkmenistanda kontrrewolýüsion guramasynyň döreilendigini habar berendigini aýtdy…»
Günäkärleýän Bekgi Berdiýewiň 1932-nji ýylyň 16-njy iýunynda sorag edilendäki görkezmesinden:
«Türküstandaky (belki, Türkmenistandyr – A.Ç.) ylmyedebi jemgiýeti meniň görkezmäm boýunça döredildi. Sowet häkimýetiniň ýoly bilen gidip, milli garaşsyz Türkmenistany döretmek bilen, men onuň üsti bilen, türkmen milli medeniýetini döretmek ideýasyny ama la aşyrmagy niýet edinýärdim. Muny sowet apparatynyň üsti bilen amala aşyrmalydygy barada biz soň gazak ýoldaşlarymyz bilen mas lahat edemizde şeýle pikire geldik.
Türkmen milletçi intelligensiýasynyň wekilleriniň topary ideýa ýolbaşçylygyny öz üstlerine aldylar: 1. Bekgi Berdiýew, 2. Muhammet Geldiýew…»
Sprawkadan: «Türkmen azatlygy» guramasy iňlis razwedkasy tarapyndan yzygiderli pul kömegini alypdyr».
Bu barada Kakajan Berdiýew 1932-nji ýylyň 22-23-nji fewralynda sorag edilende şeýle düşündiriş berýär:
«Üç-dört gezek 150-200 müň manat möçberinde Maşatdan Allanuruň üsti bilen alyndy».
1932-nji ýylyň 26-njy fewralynda ol şeýle düşündiriş berýär:
«1929-njy ýylyň aýagynda ýada 1930-njy ýylyň başynda «Türkmen azatlygynyň« Aşgabat şäher guramasynyň döredilmegi bi len, Manyş obasynyň üsti bilen Maşatdaky iňlis konsullygyndan bäş ýüz müň manat alyndy. Pulyň ýaňy bilen Jepbarowyň direktiwasy bar eken. Onda bu pullaryň guramaçylyk işlerine – pagta möwsümine, sowhoz işlerine, aýratynam dowarçylyk sowhozlaryna garşy, nebit gözleg işlerine päsgel bermäge, balyk senagatyna garşy iş alyp barmakda sowet işgärlerini satyn almak üçin niýetlenmelidigi görkezilipdir.
Bäş ýüz müň manat alnandan soň, ýenede şu maksatlar üçin 150 müň manada ýakyn pul gowuşdy».
Onuň 22-23-nji fewraldaky düşündirişinden:
«Bekgi Berdiýew ikimiz Daşkentde Seýit Nasyr bilen bolan ýyg nakda programma hemde ustawy gutarnykly kabul edenimizden soň, 1922-nji ýylyň ahyrynda iňlisler bilen gatnaşygy ýola goýduk. Ony
Berdiýew ýola goýdy hemde şo döwürde iňlislerden alnan ähli pul serişdeleri B. Berdiýewiň garamagynda boldy. Bu hakda onuň özi doly gürrüň berer.
Meniň özüm B. Berdiýewden hamana söwdasatyg hökmünde guramanyň hajatlary üçin 510 müň manat altyn pul aldym…»
1925-1926-njy ýyllardaky işleri hakynda Bekgi Berdiýew öz eli bilen şeýle düşündiriş beripdir /1932nji ýylyň 3-nji iýuny/:
«GSU-yň başlygy hökmünde Türkmenistana işe gelenimden soň milli galkynyşyň tolkuny bilen öz garaşsyzlygymyzy gazanmagyň ugruna çykdym.
Magaryf halk komissarlygynda meniň garamagymdaky bölümiň maksady dürli taryhy we sosial sebäplere görä depelenen türkmen dili ni ösdürmekden ybaratdy. Dürli-dürli şiweleriň netijesinde bir bütewi döwlet dilini, ýagny edebi dili we amatly bolan ýazuwy döretmekdi…
Bu ýagdaý meniň pikirimçe, reformirlenen elipbiý hiç bir jähtden oňaýsyz bolup, ony başga bir elipbiýiň rus elipbiýiniň gysyp çykarmagy ähtimaldy. Bu gödek aýdylanda, güni ýaly bir zat bolardy. Bu meniň üçin ne syýasy, nede tehniki tarapyndan amatly, sebäp diýe niňde rus elipbiýi yzagalak hemem tehniki taýdanam gabsalanandyr. Şonuň üçinem men arap elipbiýiniň reformasyndan el çekip, başga täze hemde kämil elipbiýe geçmegi göwnemakul bildim.
Muny men özümize ýakyn halkyýetleriň ýazuwynyň, aýratynam türktatar ýazuwynyň esasynda reforma geçirmeli, şeýdibem milli medeniýetimize rus elipbiýiniň zor salmagyndan gorap bileris, hemem ruslaşdyrmagyň öňüni alarys diýen pikire geldim. Bu meseleler bilen gyzyklanýan aýryaýry adamlara öz gelen netijäm barada aýt dym.Türkmen konferensiýasynyň öňisyrasy men SAPS-yň çagyran
maslahatynda bu hakda öz tezislerim bilen çykyş etdim. Bu ýygnakda men Aşgabatda geçiriljek konferensiýa delegat saýlandym. Ýöne SAPSyň başlygy Tatybekow we Ananýew meniň bu konferensiýa gatnaşmasam gowy boljakdygyny (Hydyr Derýäýewiň üsti bilen) duýdurdylar».
1932-nji ýylyň 1-njy iýunyndaky soragyndan. Bekgi Berdiýew öz eli bilen şeýle düşündiriş berýär:
"… 1925-1929-njy ýyllardaky işlerimiň platformasy.
1. Sosialistik mazmunly Sowet häkimýetiniň buržuaz häsiýete geçmegi hakdaky tezis.
Işim – TSSR Magaryf halk komissarlygyndaky işlerim – A//türki tatarlar bilen düşünişmek ýagdaýynda syýasy konsepsiýa bilen latynlaşdyrmak hemde ruslaşdyrmagyň öňüni almak. edebi dili döretmegi çaltlandyrmak; türkmen ylmyedebi jemgyýeti döretmek;
2. Medeni gurluşygyň frontundaky işler – Orta Aziýa halklarynyň garaşsyzlygyny gazanmagyň ýollary bilen – Daşkent uniwersiteti. Işläp düzme, derňew, öz ugruňy saýhallamak:
Garahanow, Derýäýew, Torumow, Pereňliýew bilen gürrüňdeşlikler…..
2. Öz ugruňy başga respublikalara ýaýratmak.
…. Maksat – 1: Syýasy mümkinçilikler bilen bu halklar bilen me deni taýdan ýakynlaşmak.
3. Ruslaşdyrmagyň öňüni almak.
… Meniň dil gurluşygy baradaky öz proektime bolan gatnaşygym. Düýpli tankyt esasynda onuň ýalňyşdygyny subut edýänçäler, öz proýektimi goramaly:
a) onuň antiproletar mazmuny. antimarksistik metody.
… Öz ugrumy nähili alyp bardym:
Dil gurluşy bilen gyzyklanýan ýoldaşlarym bilen gürrüňdeşlikde (oturylyşyklary hasap edemok) öz ýagdaýymy barlap görýärdim we bu meseleler dogrusynda olar bilen pikir alyşýardyk. Garahanow, Bäşim Pereňliýew, Hydyr Derýäýew, Torumow, Abaýew we beýleki ler bilen bu meseleler dogrusynda biziň pikirimiz çapraz gelenokdy…
… Türkmen edebi diliniň döredilmeginiň syýasy mazmuna eýe digi özözünden düşnükli fakt diýip hasap edýärdim».
Bekgi Berdiýew görkezmesinden (1932-nji ýylyň 20-nji apreli):
«… Gizlin kružoklara gatnaşygym:
Gizlin kružoklara gatnaşamok. Ýöne türkmen ylmyedebi jemgyýetiniň tabşyrmagy bilen Magaryf halk komissarlygynyň ýanynda edebiýaty öwreniş kružogyny guramak baradaky synanyşygyma kä bir partiýa çlenleri gizlin iş hökmünde garajak boldular. Bu mesele çişirildi, ony TK/b/P MKnyň agitasiýa we propaganda bölüminiň wekili ýörite derňedi. Kružogy guramak işini men inprosyň mugal llymlary Torumow bilen Derýäýewe tabşyrdym».
B.Berdiýew özüne ýönkelýän günäleriň käbirini boýun alýar. Berdiýew öz dogany K.E.Berdiýewiň, G.Burunowyň, O.Şamyradowyň we beýlekileriň görkezmeleri netijesinde günäkärlenýär. Ýeri gelende aýtsak, olaryň özlerem jenaýatçy hökmünde 3 ýyldan 10 ýyla çenli möhlet bilen zähmet-düzediş lagerlerine iberilipdir.
OGPU-nyň 1933-nji ýylyň 1-nji maýyndaky kollegiýasynyň me jlisinde (näme üçin sudda däl? – A.Ç.) RSFSR Jenaýat kodeksiniň (näme üçin TSSR Jenaýat kodeksi däl A.Ç.) 5811 we 582 madda lary boýunça, ol zähmetdüzediş lagerinde jezasyny çekmek üçin 10 ýyl azatlykdan mahrum edilýär. Ol SSSR IIHK-nyň Uhtijenlagynda tussaglykdada bolýar. 1945-nji ýylyň 9-njy noýabrynda türmeden boşadylsada öz dogduk ülkesine iýberilmändir. Ýat ýerlerde watan ezýetini çekip, ýaşamaly bolupdyr.
SSSR Döwlet howpsuzlygy ministrliginiň we Soýuz Prokuraturasynyň N 66/241ss direktiwasyna laýyklykda, Komi ASSR-niň Döwlet howpsuzlygy ministrliginiň 1951-nji ýylyň 24-nji iýunyndaky düzen zaklýuçeniýesine görä, Bekgi Berdiýew Uhta şäherine spesdoseleniýe iberilmäge degişli eken. Bekgi Berdiýew bilen öňünden gürleşmek üçin, TSSR IIMniň işgäri podpolkownik Fedorenko Uhta gidýär. O ýere gitmezinden öň ol Moskwada SSSR IIMniň 2nji Baş uprawleniýesine bolup, Berdiýewiň Zaki Walidow bilen ýakyn gatnaşyklary hakyndaky materiallar bilen tanyş bolýar.
Sprawkaldan: 1. Zaki Walidow 1935-nji ýyla çenli Stambulda ýaşaýar. Şo ýerde uniwersitetiň professory bolup işleýär. Nemes razwedkasy bilen aragatnaşyk saklaýar. 1935-nji ýylda Mukden şäherine gidip, «IdealUral« at bilen geçirilen gurultaýa gatnaşýar.
Şo ýylam Yslam medeni jemgiýetiň delegaty hökmünde Wena da geçirilen birinji musulman kongresine gatnaşýar. 1939-njy ýylda Bonn uniwersiteti tarapyndan oňa «Hormatly professor« diýlen at berilýär.
Zaki Walidow 1941-nji ýylyň tomsunda tanyşlarynyň arasynda özüniň Milli Türküstan soýuzynyň MK-synyň çlenidigini, Germaniýanyň SSSR-e garşy urşy bilen baglanyşyklylykda nemesleriň konsultanty bolup işleýandigini mälim edipdir.
1950-nji we 1951-nji ýyllarda Zaki Walidow iňlis razwedkasynyň agenti hökmünde Günbatar Germaniýa barýar. Türküstan Ideal Ural komitetiniň ýolbaşçylary bilen gepleşik geçirýär. Şol gepleşikleriň netijesinde hem 1951-nji ýylda Milletçi komiteti döredenmiş»…. bu materiallar bilen baglanyşykly Bekgi Berdiýewiň Walidow bilen hiç hili gatnaşyklarynyň ýokdugy mälim bolýar. (Ýeri gelende aýtsak, Walidowyň aýaly Iskunina Walidowa Nafsa hanym 1943-nji ýyla çenli Buhara oblastynyň Şährizäp şäherinde ýaşapdyr).
1952nji ýylyň noýabrynda B.Berdiýew bilen gürrüň geçirilýar. Gürrüňdeş bolnanda, öz terjimehalynyň gapmagarşylykly ýerleriniň sebäbini şeýle düşündiripdir:
«Men gurply maşgalada doglan. Ýöne ýaman ada eýe boldum. Çünki 1917-1919-njy ýyllarda aklaryň Zakaspi frontunyň koman duýuşisi Oraz Serdar, onuň orunbasary Öwezbaýew bilen bilelikde Sowet häkimýetine garşy göreşe gatnaşdyk. Emma iňlis goşunlarynyň Zakaspi oblastyna okkupasiýasyny ýüregimden goldamaýardym… 1924-nji ýyldan başlap, men TSSR Magaryf halk komissarlygynda işledim. Rus dilinde okadylýan orta mekdepleri we ýokary okuw jaýlaryny açmak hakda iş alyp bardym. Şu maksat bilenem yl my-edebi jemgiýeti döretdim. Ýöne muňa respublikanyň partiýa ýolbaşçylarynyň talabyna dogry gelmeýän zat hökmünde nädogry düşündiler. Meni günäkärlediler, şonuň üçinem işimi taşlap, Özbegistana göçüp gaýtdym. 1932-nji ýylda haýsydyr bir gurama üçin tussag etdiler. Häzire çenlem Uhtada spesposeleniýede ýörün.
Zakaspiý awantýurasy ýatyrylandan soň, Batumide sagat satýan bir şweýsar komersantynyň elinde işledim. Şu maksat bilenem Türkiýä, Eýrana, Owganistana gitdim. O ýerlerde men kakamy gowy tanaýan türkmen emigrantlary bilen tanyşdym….»
Gürrüň edilende, Bekgi Berdiýew özüniň iňlis razwedkasy bilen, Zaki Walidow bilen gatnaşyklary hakda hiç zat aýtmandyr. Türkmen emigrantlarynyň adyny agzamandyr.
1951-nji ýylda gizlinlik bilen Daşkende barandygyny, o ýerde garyndaşy Akmammet Orazlyýew hemde Özbegistan SSR Ylymlar akademiýasynyň işgäri Walentina Wladimirowna Maşkowa bilen duşuşandygyny, 1925-1931-nji ýyllarda ýazan «Türkmenleriň taryhynyň oçerkleri« we «Rusça–türkmençe sözlük« ýaly işleriniň golýazmalarynyň şolarda saklanýandygyny aýdypdyr. Ol şondan öň, 1947-nji ýylda Aşgabada ogrynça gelip, öz garyndaşy, TDPI-niň dosenti Durdy Amanekowyň öýünde bolupdyr. (D. Amanekow 1952-nji ýylda milletçilikli işi üçin diýen galp töhmet bilen tussag edilýär – A.Ç.).
Sprawkadan: «Ol özüniň Moskwa gatnaşyklary we Wladimir oblastynda ýaşaýan Antonina Wasilýewna Turçanowa bilen alşan şubheli hatlary dogrusynda hiç zat aýtmady».
Bekgi Berdiýewiň düşündirişinden:
«… Men şol köne garaýyşlarymda galýan. Ýurdumuzda edilen we ediýän işler dogrusynda men teoretiki taýdan ýlalaşýan. Ýöne näme üçin Krym tatarlaryny Özbegistana sürgün etdiler. Men Aşgabatda boldum. Türkmenistanyň şäherlerinde ruslar, ermeni, azerbaýjan agdyklyk edýär. Emma häkimiýet organlarynda türkmenler barmak basyp sanaýmaly. Men özümiň Türkmenistana iberilmegime rugsat berilmegini haýyş etjek. Öň başlan golýazma işlerimi ýazyp gutarmakçy. Türkmenleriň arasynda ýaşamagym meniň ylmy işlerimi ýazmagyma uly goltgy bolardy. Bu meniň üçin gaty zerur.
Men hemişede bolşewikleriň tarapyndadym, häzirem şeýle. Men MK üçin uly bir material ýazmagy göwnüme düwdüm. Ýöne okaman, zat etmän, ony iberilen ýerine elin gowşurmagyňyzy Sizden haýyş edýärin. Men öz Watanyma Sowet Soýuzyna kömek etmek isleýärin. Has takygy, Eýran we Türkiýe halklarynyň SSSR-e ýakynlaşmagyny isleýän. Türkiýäniň daşary işler ministri Köprüli Zade Faut bilen men ýakyndan tanyş. Onuň bilen bu mesele dogrusynda gürleşip biljek. Sowady ýeterlik bolmasada, uly abraýy bar. 1926-njy ýylda biz onuň bilen türkologlaryň Bakuwda geçirilen kongresine gatnaşdyk. Ikiçäk duşuşan wagtlarymyz hem boldy. Ol meni gowy tanaýandyr…»
«Ol meni gowy tanaýandyr». Eýsemde bolsa, öz halkynyň garaşsyzlygy, diliniň arassalygy, medeniýetiniň, edebiýatynyň bütin dünýäde ykrar edilmegi ugrunda göreşen, halkym diýip öz şirin janyny pida eden Bekgi Berdiýewi öz ili bir gowy tanaýarmyka?
Bekgi Berdiýew ellinji ýyllaryň ortalarynda aklanylýar. Oňa uzak ýaşamak miýesser etmändir. Ol düwünme keselinden ýogalýar.
1990 ý.
Taryhy şahslar