Bedewiň edebi (hekaýa)

Bedewiň edebi (hekaýa)

Ýaryşyň baş baýragyny almaga çapyşyga goşuljak atlaryň arasynda Garlawaçdyr Kepderiniň bolmagy Seýis agany iňkise goýdy.

— Be, bularyň bu näme etdigikä? Hersi bir obanyň aty bolany bilenem ikisinem taýçanaklygyndan başlap, özüm seýisledim ahyry. Ynha, indem uly ýaryşda baş baýrak diýip ikisini-de bile goşýarlar. Beýle zat bolup bilmez. Dawa başy bolaýmagy ähtimal.

Çaý içip oturan Artyk aga sakgaldaşynyň janykmagyna pitiwa-da etmedi:

— Atlaryň baýrak aljagyna gaty ynamyň bar-ow, sakgaldaş. Näme paýlaşyp bilmezler öýdýäňmi?

Seýis aga onuň bu sözleri oýunlyga salyp aýdýanlygyna gözi ýetip dursa-da, çyny bilen janykdy:

— Baýraksyzam men iki obanyň atyny, onda-da bir seýsiň seýislän atyny ýaryşdyrmaga ýol bermejek bolaryn.

— Ýak, senem-aý. Goý ýaryşsynlar, ýaşlar isleýämi, bize näme?

— Mundan gep bolmaz. Seýsi başga bolan bolsa, menem «hä» diýsemem diýerdim. Ikisi-de öz elimden çykan atlar. Birini öwüp, beýlekisini syndyryp bilmen. Beýtsem, onsoň…

— Onsoňy bolmaz oň. Ýyndamy baýrak alar, çamany galyberer, tozana. Özüň aýdýadyň-a «Göreşde ataňam bolsa ýyk» diýip.

— Düşünmedik bolmasana sakgaldaş. Bu ýerde başga gep bar. Bardy-geldi Garlawaç ozaýsa, ol obanyň adamlary maňa teýeneli sözlerini ýetirmezler öýdýäňmi? Baý, ýetirerler-ä. «Bilgeşleýin edýä», «El egrisi özüne-dä» diýerler-ä.

— Kepderi ozaýsa näme?

— Onda ondanam mojugyny taparlar. «Öz obasynyň atynyň şöhratyna bahylçylyk edipdir» diýerler.

— Aý, onda biz-ä bilmedig-ow.

— Bilmeseň, bilip goý, şu ediljek bolunýan zada pisindim oturanok. Onsoň muny her etmeli, hesip etmeli üýtgetdirjek bolmaly. Juda bolmanda: «Bu atlary aýry-aýrylykda çapar ýaly ediň» diýmeli, garaz, şu ýagdaýda-ha goýmaly däl.

— Sen ony nädip üýtgetdirjek?! Bararsyň welin, «Ýaşuly, ynha, çapyljak atlaryň sanawy, edip biljek zadymyz ýok» diýerler.

— Beýle başdansowma jogap oglan-oglanjyga berilýändir, sakgaldaş!

— Saňa-da şu bolup durşuňa şondan gowy jogap bolmaz. Bararsyň welin, owadan söz bilen gelen yzyňy ýel çalmanka nädersiň yzyňa ýegdekledäýseler.

— Her niçigem bolsa, ýatyp galandan…

— Äl-aýt, sakgaldaş, bir depen ýeriňi depdiň durduň-aý. Seýis özüň, seýislän özüň. «Ynha, şulary ýaryşa goşuberiň» diýip, hödürlän özüň. Indem baryp ýaryşa goşmaň diýjekmi?

— Sen maňa ýoldaş bolasyň gelmese oturyber. Bir käse çaýdan aýrylyşyp bilmeýäne meňzeýä bolşuň. Ine, men-ä gitdim.

Seýis aga ýerinden turdy. Agar çäkmeniň ýakasyndan penjeläp, egnine atdy. Ýerinden turanda ezýaka köýneginiň etegini guşagynyň aşagyndan çekişdirdi. Sakgaldaşynyň ýüzüne ýene bir gezek tiňkesini dikdi. Onuň çynydygyna göz ýetiren Artyk aga:

— Seni «söweşe» ýeke goýbersek, biziňem namartladygymyz bolar, ýör bäri — diýip, ol hem Seýis aga bilen egnini deňläp ýöräp ugrady.

Aýlawda uly çapyşyga taýýarlyk işleri gidýärdi. Daş-töwerek baýramçylyk görnüşine getirilipdir. Kim çapuw ýodalaryny gözden geçirýärdi, kim tomaşaçylaryň oturjak ýerlerine serenjam berýärdi.

Çapyşygyň beýemçisi ýaşululary ýitirip tapan ýaly garşylady. Ol demi-demine ýetmän çalt-çalt gürleýärdi:

— Hakyky seýis, at çapyşygynyň janköýerleri siz ýaly bolmaly. Geliň, geliň, ynjalman geleniňizi bilýän. Taýýarlygy görüň, kemi bolsa aýdarsyňyz, gaty tiz düzederis.

Onuň bu sözleri Seýis aga üçin gyzyksyzdy, nägileligi ýüzünden bildirip durdy. Muňa ünsem bermedik beýemçi ýaşululary ýolbaşçysynyň jaýyna alyp bardy. Jaýyň içinde 3-4 sany ýigit garabaşlaryna gaý bolup, çapyljak atlaryň häsiýetnamalaryny taýýarlaýardylar. Olar bilen salamlaşyp, hal-ahwal soraşdylar. Seýis aga olara göz aýlady-da, uludan demini aldy. Ýaşulynyň bolşundan bir zatlar syzan ýigit Seýis aga ýüzlendi:

— Näme, Seýis aga, aladaly görünýäňiz. Atlaryň kemçilik tapany barmy?

— Atlar-a ýyldyza toýnak salýar, inim! Ýöne bu ýerde başga bir gep bar.

Bu ýerdäkiler Seýis aganyň sözüniň soňuny eşitjek bolup üşerilişdiler.

— Neme, inim, ýaryş gowy zat. Ýöne baş baýraga dalaş etjek atlaryň arasynda Garlawaçdyr Kepderiniň bolmagy meni iňkise goýýar.

Ýaşuly yzyny aýtman sägindi. Oturanlar onuň näme diýjek bolýanyna düşünmediler-de, biri-birleriniň ýüzlerine seredip, eginlerini gysdylar. Seýis aga:

— Şu ýaryşyňyz iki obanyň arasynda agzalalyk döretmese-de biri — diýdi.

Bu sözler oturanlarda oňaýsyzlyk döretdi. Seýis aga sözüni dowam etdi:

— Şu atlaryň ikisiniň bir ýaryşa goşulmagy meň üçin uly alada. Men atlaryň birini öwüp, beýlekisini syndyryp biljek däl. ikisine-de yhlasymy gaýgyrmadym. Ikisem gowy at bolup ýetişdi. Her oba öz atyna guwanýar. Bedewleriň baýrak aljagyna-da ynanýarlar. Bardy-geldi şu atlaryň biri ozaýsa, beýleki obanyň adamlary maňa näme diýerler?! Bütin ömrüme halal iýip, halal işlän halyma haýsy hem bolsa iki obanyň biriniň öňünde ýüzügara bolaýmagym ahmal. Ýaryşdyr, biri ozar, biri galar, oňa söz ýok. Ýöne edil şu ýagdaýda welin, men-ä bilmedim.

— Ýaşuly, haýsy atyň, haýsy toparda çapjagy eýýäm belli edildi — diýip, oturanlaryň tokarragy dillendi. Seýis aga oňa hoşamaýlyk bilen nägileligini bildirdi:

— Gepem şonda-da, inim!

Seýis aga soň geplemedi, dymdy. Ýaşyna görä has dogumly, ýeňil hereket edýändigi bildirip dursa-da, bu pursat onuň üçin ýeňil däldi. Göwnüne bolmasa, bütin endamy goram-gowşak bolup, sandyrap duran ýalydy.

Ýaşuly seýsiň sazanaklap durşuna dözmedik ýigit oňa göwünlik bermek isledi:

— «Almany göge zyň, ýere düşýänçä ýa pelek», Seýis aga. Entek gaçara-kowara maý bar. Belki, atlary çalşyryp ýetişeris.

— Ýok, beýle zat bolmaz. Eýýäm bu çapyşyk hakda obalarymyzyň ikisi-de bilýär. Ony ýaryşdan goýaýsak iliň öňünde durma-da gerekdir — diýip, hälki ýigit, ýüzüni kese-kese sowdy. Seýis aga onuň bolşuny halamady. Her niçigem bolsa, ýene-de sypaýyçylygy elden bermedi.

— Bu ýaşdan soň obada biziňem ile ryswa bolasymyz gelenok, inim. Bolýan bolsa gaýrat ediň!

Ol beterine tutdy:

— Ryswa etjek bolup duran barmy, ýaşuly sizi? At çapar, baýragy ýeňen alar-da. Entek siziň atlaryňyzyň baýrak aljagy hem gümana.

Onuň bu sözleri Seýis aganyň gaharyny getirerli bolsa-da, ýaşuly ýene-de saklandy. Sesini çykarman, gözlerini bir nokada dikip duruberdi. Rejäniň geň däldigini aňan ýigit Seýis aga ýapjalyk edip başlady:

— Seýis aga, atlaryň haýsy birini ýaryşdan goýuň diýip aýdyp biljek. Hiç haýsyna beýle diýip bilmersiňiz. Häzir pylan obanyň pylan aty ýaryşdan galdyrylypdyr diýip eşitseler, onsoň görersiň, öýke-kinäni.

Seýis aga pikirlendi. Öz-özi içini gepletdi:

— Beh, şu ýaşlar köp bilýär-ow. Şunuň aýdýanynyň hem jany ýok däl. Indi sakgalyňy sallap, «Ony ýaryşdan galdyryň, muny goşuň» diýip ýörseňem-ä, oňa dogry düşünjek tapylarmyka? Oňa-muňa arz edip, atlaryň birini galdyrdyňam-da, oba adamlary «oňarypsyň» diýerlermi saňa?

Şeýle oý-pikirlere gümra bolan Seýis aga esli salym dymyp oturdy. Sözüniň ýol almajagyna gözi ýetensoň, şeýtdimi ýa-da başga bir pikir oňa ynjalyk berdimi, garaz, gaýdyp geplemedi. Köp manyly ýylgyrdy.

Iki goja aýlawdan çykanda iňrik mazaly garalypdy. Olaryň ikisiniňem gepläsi gelenokdy. Ýolboýy hiç birinden ses çykmady. Diňe öýlerine sowulýan ýoljagaza gelende Seýis aga sakgaldaşyna ýüzlendi:

— Artyk, sakgaldaş, bagyşlaweri, senem bimaza etdim, azara goýdum.

— Wah, sakgaldaş, men azara seniň sözüň ýer almandygy üçin galdym diýäýmesem, başga näme azar gördüm. Kündä goşulan garry öküz ýaly bolup gapdalyňda bile gidip geldim diýäýmesem, dilem ýarmadym-la men.

* * *

Şol günüň ertesi Seýis aga aýlawa at çapyşygynyň başlanjak wagtyndan has ir bardy. Özem ýeke bardy. Artyk aganyň: «Menem goýma ýanyňdan, bile gideli» diýeninem kiçi dilden bärde aýdandyr hasap edip, sakgaldaşyna ýör diýmedi. Jylawy gaňtarylgy duran atlaryň içinden Garlawaç bilen Kepderini aňsatlyk bilen tapdy. At janawarlar Seýsi görüp hokranyşdylar. Kirpikmen, ullakan gözlerini süzüp, özlerine iň ýakyn, iň mähriban adamyň ýüzüni-gözüni, elini ysgaşdyrdylar. Atlaryň bu bolşy enesinden azaşyp, soň tapyşan çaga çalym edýärdi. Seýis atlar bilen «gürleşýärdi».

— Wah, dilsiz-agyzsyz, ynsan gylykly janawarlarym. Men nädeýin?! Elimde bolsa, hem ikiňizi bir baýrak üçin ýaryşdyrjakmy? Siziň hiç biriňiziň asgyn däldigiňizi bilýän. Eger siziň ikiňizem bir obadan bolan bolsaňyz, ýaryşsaňyz guwanardym. Arman, siziň bu ýaryşyňyz… Ol maňa gymmat düşjek. Ikiňizem meň üçin eziz. Haýsy biriňiz ozup, şöhrat gazanyp bilseňiz, meniň üçin parhy ýok. Ýöne il-gün, oba, töwerek bar. Aý, hawa-da. Hiç kim hiç zat diýenogam, belki, diýmezem. Şeýle-de bolsa, meniň yhlasymdan bir obanyň adamlary begenip, beýleki obanyň adamlary alarylyp seredäýjek ýaly, men şoňa razy däl. Belki, beýle bolmasynda. Ozanyňyzy kem göremok. Kim atynyň çykanyny halamaz. Siz, güýç gaýgyrmaň, çapyň! Ýöne adamlara goja seýsiňize gyýa göz bilen bakdyrmaň! Piriňize döneýin, janawarlarym, Alla ýaryňyz bolsun!

Seýis aga atlaryň maňlaýyndan öpdi, olaryň ýalyny, sagrysyny taýly gezek sypalap, gidibermekçi boldy. Atlaryň ikisi iki ýerden Seýis agany gallap, goýbermediler. Biri kanagatlanma bildirýän ýaly, başyny taýly gezek atsa, beýlekisi göýä goja seýse tagzym edýän ýaly, bir aýagyny epip, dyzyny ýere diräp esli durdy. Seýis aga töwerekde gaýmalaşyk köpelip ugransoň bir çete çekildi. Özüne iň hormatly ýerde oturyp, at çapyşygyna syn etmek üçin berlen çakylyk hatynyň ýüzüne-de seretmän, hol bir çetde, hiç kimiň üns bermeýän ýerine geçip oturdy…

* * *

Atlar yzly-yzyna ýaryşa goýberilýärdi. Aýlawyň içi edil gaýnap duran gazany ýada salýardy. «Berekella! Gaýrat et! Goýber jylawy» diýen ýaly sesler eşidilýärdi. Ine, birdenem:

— Ýaryşyň iň aýgytlaýjy pursady — baş baýragy almak ugrunda saýlama bedewleriň arasyndaky çapyşyk başlanýar — diýen ses bütin töweregi gaplap aldy. «Galkynyş obasynyň Garlawaç diýen bedewi seýsi pylany, çapyksuwary pylany, Görelde obasynyň Kepderi diýen aty, onuňam seýsi pylany, çapyksuwary…» diýen sözler ýaňlandy. Olardan başga-da ýaryşa goşulan beýleki atlar hakynda habar berdiler. Ýöne olary Seýis aga eşitmeýän ýalydy. Ýyldyrym ýaly süýnüp barýan atlar ikinji öwrümden göni ýola düşenlerinde gowur has-da köpeldi. «Berekella, Garlawaç, ýerläp uç», «Berekella Kepderi, ganatyňa döneýin», «Gaýrat et Garlawaç» ýaly sözler üýn alyşdyrmaýardy. Atlaryň ikinji öwrümden göni ýola düşenini gören Seýis aga seredip oturyp bilmedi. Ol gözlerini pugta ýumdy. Ol diňe şowhuny, galmagaly eşidýärdi. Ýöne haýsy atyň öňdedigini, haýsy atyň yzdadygyny aňşyryp bilmeýärdi. Iň soňunda alyp baryjy:

— Iň soňky aýgytly, çekeleşikli ýaryş tamamlandy. Berekella, oglanlar! Pellehana Garlawaç hem-de Kepderi diýen atlar des-deň geldiler — diýip, uly joşgun bilen habar berdi. «Ýeňiş gutly bolsun! Baýrak düşümli bolsun!» diýşip, iki obanyň adamlary biri-birlerini mübärekleýärdiler.

Seýis aga-da buýsanç bilen ýerinden turdy, elini çarpjagynam, begenç gözýaşlaryny süpürjeginem bilmän aljyrap durşuna ýuwaşja pyşyrdady.

— Piriňize döneýin, janawarlarym!

Edil şol pursat, goja seýsi mübärekleýän ýaly Garlawaçdyr Kepderi ses goşup, owadan kişňediler.

Nowruz GURBANMYRADOW
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle