|

Bazar / hekaýa

Bazar / hekaýa BAZAR

Bazar / hekaýa

Bazar. Köpçülik. Söwdagärler. Alyjylar. Haryt. Nyrh. Çekeleşik. Gymmat. Arzan. Bäsleşik. Howp. Hiçkim. Hemme. Duýanok. Görýärler. Ýöne… görenok. Gykylyk. Galmagal. Jemende. Tomaşa. Geleşik. Aldy! Näçä?! Kim? Ha-a-nha. Barýar. Op-baa… Jübi. Gapjyk. Pul. Näçe? Köp! Kimde? Kimden? Näme? Gapjyk. Gargyş. Sögünç. Ahmyr. Polisiýa. Sorag. Ideg. Hiçkim. Jogap. Bermek. Ýok. Howwa. Howsala. Howp. Aý-ý…
—Nätjek?!
—Nädeýin?
—Aý-ý..? Bähbit…-dirdä.
—Howwa. Şeýle…-mikä?
—Şeksiz.
Gargyş. Hezil. Gülki. Gargyş. Gaýtmak. Öý. Heleý. Igenç. Gahar. Igenç. Gazap. Igenç. Irden. Agşam. Düýş. Huş. Igenç. Çydam. Sabyr. Dolmak. Daşmak. Igenç. Galmagal. Ýarylmak… Gan. Ökünç. Agy. Gorky. Goñşular. Üýşmek. Üýşmeleñ.
Polisiýa.
—Geñ.
—Näme?
—Aý-ý… Ýör.
—Nirä?
Sorag. «Barmy?».
Jogap. «Ýok»…

15.02.2023 ý. Hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle