Baýram han
Baýram han
BAÝRAM HAN
Goç ýigitler tyg götermez dogana,
Gaýtam togap eder dogan iline.
Kysmatyndan görer düşse ne güne,
Atlanansoň bedew atlaň biline.
Senem şolaň biri, batyr gardaşym,
Ýat illerden ykbalyňy gözlediň.
At ýaragyň mydam edip syrdaşyň,
Mundan gitdiň, doganyňa dözmediň.
Dawa-şerden, günä işden gaçdyň daş,
Ýurt üstünde bir-biregi çapmadyň.
Garyndaşa tyg götermez garyndaş,
Pähim etdiň, iýen duzuň depmediň.
Bagtyňy gözlediň ýat ülkelerde,
Çekinmediň howp-hatarly ýollardan.
Türkmeniň buýsanjyn göterip serde,
Kalbyňy beslediň ýagşy pällerden.
Şeýdip, alyslarda eýlediň mekan,
Ýagşy niýetlerden tapdyň bagtyňy.
Gujagyny saňa açdy Hindistan,
Hem ynandy şan-şöhratly tagtyny.
Öziliň deý muhabbetin eçildi,
Orun berip ýüreginiň töründen.
Ilki rowaç tapdy, güller açyldy,
Seniň pähimiňden, seniň zoruňdan.
Gündizlerne ýurdy edip edara,
Gijelerne kalbyň açdyň gazala.
Ýanyp-bişip, özüň kylyp set para,
Içiň dökdüň bir näzenin gözele.
Gylyja däl, galamyňa gol berip,
Ömür sürdiň gamly günde, hoş günde.
Ýaşamadyň duşmanyňa ýalbaryp,
Haramlyga ýol bermediň köşgüňde.
Döwran sürdüň, bolup hanlaryň hany,
Ýöne alyslarda galdyň ömürlik.
Bu gün dünýä meşhur edip Türkmeni,
Geldiň bu ýan şan-şöhrata öwrülip.
Agageldi ÝAZJUMAÝEW.
Goşgular