|

Baýlyk hakynda

Baýlyk hakynda BAÝLYK HAKYNDA

Asmanymda Günüm, asmanymda Aý —
Men şeýle baý,
Örän uly bagtym bar.
Ýene şeýle bagtlylygym hakynda
Oýlanmaga birazajyk wagtym bar.

Taryhym şöhratly,
Ony gursakda
Göterip, guwanyp aýlanyp ýörün.
Bize şeýle baýlyk galdyryp giden
Atalar hakynda oýlanyp ýörün.

Öz ene dilim bar aýdym aýtsam,
Kalbymda ýañlanýar halkymyñ sazy.
Sähralam bar şäher dardyr öýtsem,
Heý onsoñam bolman bormy razy!

Gör ho-ol gyzy,
ýa-da salýar bahary.
Onuñ özi däl-de, ýylgyrşy meniñ.
Ýylgyran adamy gören mahalym,
Durlanaýýar meñ ýüzümiñ reñki.

Seret köçä çogup çykan märekä,
Onuñ barnyñ şatlygyna şärik men.
Ýürek tolgunýar-la, sebäp nämekä? —
Il-günümsiz gurap galan gämik men.

Orazmyrat GURDOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle