|

Baýdak hakynda goşgy

Baýdak hakynda goşgy Togap edip alnymyza
Baş egip, hem dyz epýäris
Deňäp genji barymyza
Başymyza täç edýäris.

Baýdygmyza juda meňzeş
Bu ümmülmez ýaşyl meýdan
Göllerimden gözbaş alyp,
Pederleriň ýolun saýlan.

Pederleriň ykbalynda,
Buýsanç bolup tolkun atan.
Ösüp barýar günbe-günden,
Bedew batly eziz watan.

Başyň belent pasyrda sen,
Il-ýurdumyň yşky bolup.
Her bakamda ýaş kalbyma,
Joşgun berýäñ goşgy bolup.

04. 02. 2018

Gurban Geldiýew. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle