Batyl bedew (He­ka­ýa)

Batyl bedew (He­ka­ýa)

To­ýuň şa­ga­la­ňy pa­ýaw­lap bar­ýar­dy. Öý­len­ýän ýi­git ta­rap­dan ge­len ýig­dek­çe­ler yzy­na gaýt­ma­ga hy­ýal­lan­ýar­dy­lar. Aýalgyz­lar gel­niň buk­ja­sy­ny how­lu­da ga­ra­şyp du­ran iki ti­gir­li paý­tu­na ýük­le­ýär­di­ler. Adam­lar ber­ba­şa­gaý­dy. Ala­be­der ha­ly­lar bi­len ara­ba be­ze­ýän­le­riňä be­gen­ji­niň çe­niça­ky ýok­dy. Hem­me­ler bir gyl­dan be­ze­nip­di­ler. Kä­bir aýal­lar aýak­ýa­la­ňaç­dy, ýö­ne hem­me­ler açyk reňk­li ala köý­nek­li­di…

Ýü­pek köý­nek­li, be­ýik ök­je­li kö­wüş­li, sy­rat­ly, kel­le­si gýan­jin ýag­lyk­ly gel­ni öý­den çy­kar­dy­larda, ke­je­bä­niň ýa­ny­na ge­tir­di­ler. Sa­zan­da­la­ryň öňün­de us­sat­lyk bi­len tans ed­ýän ga­ryn­daş aýal ýaş ça­tyn­ja­la­ra uzak hem bagt­ly dur­mu­şy ar­zuw­la­dy.

Be­giň özi bol­sa hool aňyr­da aga­ja ýap­la­nyp, as­sy­ryn­lyk bi­len gel­ne se­red­ýär­di. Ol öz ýa­ry­nyň ýü­zü­ni gö­rüp bi­le­nok­dy. Gyz üs­tü­ne aty­lan ör­tü­gi­niň aňyr­sy­na ha­sam bu­kul­ýar­dy. Onuň gök na­gyş­ly ak el­ýag­ly­gy tit­räp dur­dy.

How­lyň içi mä­re­ke­den ýa­ňa al­ma­ny gö­ge zyň­saň, ýe­re düş­jek däl­di. Adam­lar şat­lan­ýar­dy­lar, tans ed­ýär­di­ler. Ýö­ne gy­nan­sakda, bu je­le­ga­ýyň söý­gü­li oza­ny es­li wagt bä­ri bu­la­ryň ara­syn­da ýok­dy. Ol öz Wa­ta­ny­nyň aja­ýyp toý­la­ry bi­len bir­ma­hal hoş­la­şyp­dy, eý­ýäm ha­çan­dan bä­ri onuň bil­bil owaz­ly, gaý­ry il­le­riň ozan­la­ry­ny duz­la­ýan­ja şow­hun­ly aý­dym­la­ry ýaň­la­na­nok­dy. In­di toý­la­ry bag­şy­lar sow­ýar­dy. Sur­na­ýyň se­si ke­si­len ba­dy­na, bag­şy üç ki­riş­li saz gu­ra­ly­ny gur­sa­gy­na gys­dyda, özü­niň be­lent se­si bi­len bü­tin oba­ny ýaň­lan­dy­ryp, aý­dy­ma zow­lat­dy:

Beg, seň to­ýuň, gör, ne­neň ajap,
Her­nä, şeý­le toý­lar sa­hyp­la­rada,
Ne­sip et­sin, he­mem ýe­tir­sin her­nä!

Ol elin­dä­ki saz gu­ra­ly­ny us­sat­lyk bi­len ça­lyp, aý­dym aýd­ýar­dy, tans edip pyr­lan­ýar­dy. Soň how­la guý­ruk­la­ry berk bog­lan ça­puw at­la­ry­ny çy­kar­dy­lar. Ola­ryň kä­bir­le­ri buý­san­jaň baş­la­ry­ny be­lent tu­tup, toý­nak­la­ry­ny ýe­re ur­ýar­dy­lar, kä­te bol­sa çar­pa­ýa gal­ýar­dy­lar.

Oba to­ýy ta­mam­lan­dy…

Ýe­di gi­jegün­diz­läp dyn­man saz ça­lan sa­zan­da­lar goň­şy öýüň üçe­gi­ne çyk­ma­ga hä­zir­len­di­ler. Bu top­rak­lar­da «Gö­rog­ly» di­ýip at­lan­dy­ryl­ýan sö­weş­jeň saz dag­la­radüz­le­re ýaň sal­dy. Çarp urup du­ran be­dew­ler bu mu­ka­my eşi­dip, iriş­me­si­ni üze­re ge­tir­di­ler.

Hä diý­män be­giň aty­ny ge­tir­di­ler. Hem­me­le­riň na­za­ry oňa ba­kan gö­nük­di. Ba­tyl be­dew bu se­bit­ler­de ady bel­li­di. Ol owa­dan däl­di, ýö­ne onuň kel­le­si ki­çi­di, boý­ny in­çe­den uzyn­dy, ýü­zük­den ge­çäý­me­li bi­li, ber­daş­ly be­de­ni bar­dy. Be­de­wiň bir gö­zi kör­di. Üs­tü­ne aty­lan eýe­rem me­niň­ki bol­sun di­ýer ýa­ly däl­di. Kä­bir ki­şi­ler ba­tyl be­de­wi gö­ren­le­rin­de: «Mu­nuň nä­me­si­ni ar­syz ed­ýär­ler?! Ga­ty bet­ny­şanda bi ja­na­war» di­ýip, öz ­ýan­la­ryn­dan pi­kir öwür­ýär­di­ler. Ýö­ne ba­tyl be­dew ça­py­şyk­lar­da bi­rin­ji­li­gi hiç ki­me be­re­nok­dy. Adam­lar onuň Gö­rog­ly­nyň şöh­rat­ly Gy­ra­ty­nyň nes­lin­den­di­gi­ni aýd­ýar­dy­lar.

Beg aty­nyň ýa­ny­na ge­lip, ýa­ly­ny sy­pa­dy, es­bap­la­ry­ny bar­laş­dyr­dy. Üzeň­ňi­si­ni dü­ze­dip, bir­ki ýo­la ger­şi­ne kak­dy. At eýe­sin­den azkem daş­laş­dyda, sö­weş­jeň mu­ka­ma jo­şup, du­ran ýe­rin­de oý­nak­la­ma­ga baş­la­dy. Ol kä çar­pa­ýa gal­ýar­dy, kä ba­şy­ny eg­ýär­di, kä­te bol­sa art­ky aýak­la­ry­na ga­lyp, tans ed­ýär­di. Bu tans es­li wagt­lap do­wam et­di. Hem­me­ler be­dew­den gö­zü­ni aýyr­man, onuň he­re­ket­le­rin­den lez­zet al­dy­lar.

Be­dew oý­nak­lap keýp­den çy­kan­soň, eýe­si­niň ýa­ny­na gel­di. Beg onuň ýa­ly­ny sy­pa­dy, toý­nak­la­ry­ny sü­pü­riş­dir­di. In­di ol ça­pu­wa do­ly taý­ýar­dy. Ba­tyl be­dew şeý­le­räk­di…

Bi­ziň hä­li­den bä­ri beg di­ýip at­lan­dyr­ýan ýi­gi­di­miz, as­lyn­da, be­gem däl­di. Oňa di­ňe öz to­ýy gü­ni beg diý­di­ler. To­ýuň er­te­si ol ýe­ne aza­ly­na ýa­py­şarda, ýer sü­rer ýada baý adam­la­ryň ga­py­syn­da bat­rak­çy­lyk eder.

Bi­ziň be­gi­mi­ziň ady Ke­rem­di. Ol «As­lyKe­rem­dä­ki» Ke­re­mede, hoş­ni­ýet­li ga­rak­çy Ke­re­mede meň­zä­nok­dy. Ol ýö­ne bir pu­ka­ra oba og­la­ny­dy. Onuň ka­ka­sy be­giň at­ba­ka­ry­dy. Ka­ka­sy ýo­ga­lan­da og­lu­na bir gö­zi ba­tyl ar­ryk taý­ça­nak­dan baş­ga hiç zat mi­ras gal­dyr­man­dy. Şol hor hem bet­ny­şan taý­ça­nak aja­ýyp be­dew bo­lup ýe­ti­şer di­ýip, adam og­lu­nyň oýu­nakü­ýü­ne düş­jek zat däl­di. Ka­ka­sy ara­dan çy­kan­dan soň, Ke­rem ço­pan­çy­lyk et­di, em­ma taý­ça­na­gy ýa­by sü­rü­sin­den al­man­dy. Ol taý­ça­na­gy­ny ja­nyte­ni bi­len söý­ýär­di. Ka­ka­sy ara­dan çyk­man­ka: «Og­lum, bu aty gö­züň gö­re­ji deý go­ra, ol tüýs ji­gi­de my­na­syp at­dyr!» di­ýip­di.

Bir­nä­çe ýyl ge­çen­soň, Ke­rem taý­ça­na­gy­ny sü­rü­den alyp, oňa baş öw­re­dip baş­la­dy. Ho­ja­ýy­ny­nyň iş ha­ky üçin tö­län do­war­la­ry­nyň bir­nä­çe­si­ni sa­typ, aty­na çer­kes eýe­ri­ni sa­tyn al­dy.

At ulal­dy­gy­sa­ýy Ke­re­mi­ňem buý­san­jy art­ýar­dy.

Ýyl­lar ker­wen gu­rap, ge­çip dur­dy. Ke­rem bir gy­za aşyk bol­dy. Te­lim ýy­lyň do­wa­myn­da der dö­küp ga­za­nan do­war­la­ry­nyň hem­me­si­ni sa­typ, ol ýe­di gi­jegün­diz­läp toý tut­dy.

Ine, şu sow­lup bar­ýan to­ýam şo­nuň to­ýu­dy…

Ol edil şu wagt geý­di­ri­len ak çer­kes do­nu­nyň syý­ny­ny gal­dyr­dyp, kü­müş­söw ke­me­ri­ne gys­dyr­dyda, tel­pe­gi­ni çep gu­la­gy­na ba­kan süý­şür­di. Çer­kes don oňa diý­seň go­wy gel­şip­di. Sa­hyp­la­ryň sow­gat be­ren gam­çy­sy gu­şa­gy­na gys­dy­ryl­gy­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, ýö­rän­de onuň ýum­şak ädik­le­ri­ne deg­ýär­di.

Ol atyň uýa­nyn­dan tu­tup dur­şu­na, öz ­ýa­nyn­dan: «Bil­ýäň­mi, bu gün me­niň to­ýum. Dog­ry, baý­ra­gy meň özüm al­sam gel­şik­siz bor. Ýö­ne sen, ba­ry­bir, ýü­zü­mi ýe­re sal­ma­ly däl­siň. Sü­leý­man beg tä­ze at alyp­dyr, ol bi­rin­ji gel­jek bo­lup özün­den gi­der. Em­ma on­dada, sen on­dan oz­ma­saň, biz gaý­dyp dost däl­di­ris!» diý­di.

Ke­rem ýyl­gy­ryp ba­tyl be­de­wi­ne bak­dyda, ýe­ne bir ýo­la onuň boý­nu­ny sy­pa­dy. Kä­bir adam­lar gel­şik­siz be­de­we haý­ran gal­mak­dan ýa­ňa kib­ti­ni gy­syp: «Gö­züň gi­der ýa­ly ata däl we­lin, ýö­ne şon­dada ýi­gi­diň­ki şo­wu­na» di­ýip pi­kir öwür­ýär­di­ler.

Ýaş ýi­git­ler at­la­ra ba­kan ýü­wür­di­ler. Edil şu wagt olar hut Gö­rog­ly­dan hem gaý­duw­syz­dy­lar. Olara bir ba­kyňa, kü­müş sap­ly ga­ma­la­ry diý­jek­mi, şat­lyk bi­len uç­ga­nak­la­ýan ma­wy göz­le­ri diý­jek­mi, ýe­ser­lik bi­len geý­len tel­pek­le­ri diý­jek­mi, se­ret­di­giň­çe se­re­de­siň gel­ýär­di.

Ke­re­mem aty­na ba­kan ýelk ýa­sa­dy. Ol la­çyn ýa­ly bo­lup, öňe ok­du­ryl­dy.

Pag­sa jaý­la­ryň üçe­gi­ne çy­kan daý­han­lar Ke­rem­den göz­le­ri­ni aýyr­man, öza­ra gür­rüň ed­ýär­di­ler:

— Ba­tyl be­dew en­tek ýe­ke ge­ze­gem gam­çy iýen däl­dir.

— Se­ret, Ke­rem as­la aýa­gy­nam gy­myl­da­da­nok. Ha­ky­ky ça­pyk­su­warda.

— Baýbuw, ba­ty­ly deb­si­läý­di­giň, göw­nü­ne deg­di­giň­dir.

— Ha­wa, her­nä, ga­za­ba mün­mä­wer­sin! Ga­za­ba mün­dü­gi, öňün­de döw dur­sun…

— Bu gün ba­ty­lyň horho­ry ýat­sa ge­rek. Sü­leý­man be­giň Ga­ra gar­ga­sy bi­len gi­diş­mä­ni go­wy bo­laý­ma­sa. Beg onuň üçin dört at be­rip­dir. At gur­dog­lu­nyň nes­lin­den­miş… Ha­wa, Ke­re­miň özem oz­jak bo­lup dur­ma­sa ge­rek. Ol öz to­ýu­nyň baý­ra­gy­ny al­jak bo­lup dur­maza?

— O diý­ýä­ni­ňem dog­ry. Ýö­ne ba­tyl be­dew en­tek ýe­ke ge­ze­gem baý­rak­dan bi­ne­sip bo­lup gö­re­noga.

Gel­niň ga­ryn­daş­la­ry­ny sa­zan­da­la­ryň ara­ba­sy­na or­naş­dyr­dy­lar. Ýe­nede sö­weş­jeň mu­ka­myň owa­zy adam­la­ryň se­si­ni ba­syp, dag­la­ry, düz­le­ri sars­dyr­dy.

Üç ara­ba tir­ke­şip, ýo­la düş­di.

At ça­py­şy­gy baş­lan­dy. Özem nä­hi­li ça­py­şyk diý­se­ne! Ha­ma­la, ýüz sa­ny peý­kam bir dem­de ýaý­dan sy­pan ýa­ly­dy.

Ke­rem öz aty­ny Sü­leý­man be­giň aty­nyň ýa­nyn­dan haý­da­dyp bar­ýar­dy. At­ly­lar göz açypýu­ma­sy sa­lym­da oba­dan çyk­dy­larda, giň meý­dan­da dum­lydu­şa ýaý­ra­dy­lar.

Jaý­la­ryň de­pe­sin­de du­ran adam­lar dem­le­ri­ni al­man di­ýen ýa­ly, ýa­ý­lyp ýa­tan meý­da­na se­red­ýär­di­ler. Olar beý­le­ki­ler­den es­li ara­ny açyp, ýyl­dy­rym çalt­ly­gyn­da süý­nüp bar­ýan ba­tyl be­dew­den göz­le­ri­ni aý­ra­nok­dy­lar. Ke­rem atyň boý­nu­na gys­myl­jy­ra­ýar­dy. Ol hiç hi­li he­re­ket ede­nok­dy, se­si­nem çy­ka­ra­nok­dy. Dog­ru­sy, mu­ňa ze­rur­ly­gam ýok­dy. At öz et­me­li işi­ni bil­ýär­di. Ol ga­myş gu­lak­la­ry­ny ýa­py­ryp, öňün­den çyk­ýan päs­gel­çi­lik­le­riň höt­de­sin­den aň­sat­lyk bi­len gel­ýär­di, edil ýel ýa­ly uç­ýar­dy.

Bir­de­nem to­ma­şa edip du­ran adam­lar ýer­liýer­den gy­gy­ryş­dy­lar:

— Sü­leý­man beg öňe düş­di!

— Ozup geç­di!

Olar rast aýd­ýar­dy­lar. Sü­leý­man beg Ke­re­mi ozup ge­çip­di. Ýö­ne pel­le­ha­na çen­li en­tek es­li men­zil bar­dy. On­so­ňam Ke­rem öz aty­nyň gy­ly­gy­na be­let­di. Ol be­de­wi­niň ger­şi­ne ça­la­ja ka­kyp goý­ber­di. Ba­tyl at kel­le­si­ni egip, gu­lak­la­ry­ny ke­ýert­dide, öňe ba­kan ok­du­ryl­dy.

At­ly­lar göz­den ýit­di­ler.

Jan­kö­ýer­lik ed­ýän­le­riň ara­syn­da ga­zap­ly je­del gid­ýär­di:

— Ba­tyl yza ga­lar.

— Menä beý­le pi­kir ede­mok.

— Menä ga­lar diý­ýän.

— Se­ret, se­ret, gör­ýäň­mi, Sü­leý­man beg öň­de. Ýe­ri ba­ka­ly, in­dihä ba­tyl ko­wup ýe­tip bil­me­se ge­rek.

— Ähä, gör­düň­mi? Ba­tyl oňa gö­zü­ni aç­ma­gada maý ber­me­se ge­rek. Ol at dälde, ot!..

Ine, bir­de­nem dum­lydu­şy go­wur­dy gap­lap al­dy. To­ma­şa­çy­lar aky­lyn­dan aza­şa­na dön­dü­ler — olar dyr­nak­la­ry bi­len ýüz­le­ri­ni dyr­na­ýar­dy­lar, saç­la­ry­ny üt­ýär­di­ler, hy­k­lap zor­dan dem al­ýar­dy­lar. Edil ýa­ňy­ja hem şat­lyk­dan uç­ga­nak­la­ýan göz­ler ga­zap­dyr ýig­renç­den dol­dy.

Ke­rem eýer­den agyp, gap­dal­lyk­gan ýy­kyl­dy. Onuň aýak­la­ry üzeň­ňi­den sal­la­nyp dur­dy, gan­ja­ran kel­le­si bol­sa da­şa urul­ýar­dy.

Hem­me­ler Sü­leý­man be­ge ýig­renç bi­len se­red­ýär­di­ler. Bu ba­hyl adam hem­me­le­riň gö­zü­niň al­nyn­da Ke­re­mi itek­läp, eýer­den ag­dar­dy. Ol bu at üçin dört be­de­wi ýö­ne ýe­re ber­män­di ahy­ry.

Ba­tyl be­dew sak­ga dur­dy. Onuň uýa­nyn­dan berk tut­du­lar. Ke­re­mi at­dan dü­şü­rip ýer­de ýa­tyr­dy­lar. Ke­re­miň eje­si ýa­ka ýyr­typ, og­lu­na ba­kan ok­du­ryl­dy.

Ba­tyl be­dew eýe­si­niň ýa­ny­na ge­lip, tö­we­re­gi sars­dy­ryp kiş­ňe­di. Toý gu­tar­dy.

Ke­re­miň bir­je aty bar­dy. Em­ma kä­bir ki­şi­ler şo­nam oňa ju­da köp gö­ren bo­la­ra çe­me­li.

Rus­ça­dan ter­ji­me eden Dur­sun TE­KÄ­ÝE­WA
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle