Batgalykda bolan waka (Hekaýa)

Batgalykda bolan waka (Hekaýa)

Ru­do MO­RIS,
slo­wak ýa­zy­jy­sy

Iýun aýynyň Güni ýakyp-ýandyryp barýardy. Andreý Gregor pionerleriň ýygnanyşygyndan gaýdyp gelýärdi. Onuň keýpi çagdy. Ol yssydan ýaňa endiräp duran howada ýöremän, edil uçup barýan ýalydy. Onuň keýpden çykýança Gün şöhlesiniň astynda bolup, soňra bolsa arça tokaýlygyna edil guş ýaly uçup barasy gelýärdi. Oglan howlukman, demir ýoluň gum düşeginiň ýakasy bilen barýardy, haçan-da, oba yzda galanda, ol tokaýa tarap öwrüldi. Näbelet adamyň bu jelegaýlarda heläkçilige uçramagam mümkin: göräýmäge, hiç hili howp ýok ýaly — otlaryň üstünde kebelekler ganat kakyp, gaýmalaşyp ýör, ýek-tük ýerde ýalňyz olha ýa-da osina somalyp dur, käbir ýerlerde topbak ösen gyrymsy agaçlar gök salyp otyr; ýöne bular aldawçy batgalyk ýerlerdi. Birnäçe ädimden soň, Andreýiň aýaklarynyň astynda şalpyldy eşidildi, çüýrän, ýassyk şekilli topbak otlaryň aralaryndaky yşgalaňlarda goýy, zeňli, kerepli suw ýalpyldap göründi.

Andreý hemişe batgalygyň gyrasyndan ýörärdi. Geçen güýzde mekdebe barýarka, bu ýerde gölejigiň batga batany onuň ýadyndady. Çopanyň gykylygyna adamlar gelýänçä, janawar gark bolupdy.

Ine, şu zatlar sebäpli Andreý bu ýerlerden sowlup geçýärdi. Ynha, birdenkä… Bu nämekä? Ýa oň gulagyna eşidildimikä? Batgalykdan «Kö-mek edi-iň!» diýen ses eşidildi. Ses edil adam iň soňky deminde gygyrýan dek kä batlyrak, käte-de pessaýrak gelip ýetýärdi.

Andreý aýak çekdi. Onuň enesiniň şunuň ýaly ýerlerde adamlary aldawa salýan, ot basan batgalyklar, batgalyk otlary we ýalpyldaýan tomzajyklar baradaky aýdan gürrüňleri ýyldyrym çaltlygynda ýadyna düşdi. Ol «bu zatlaryň ählisi erteki! — diýip oýlandy. — Bu taýda kömek gerek! Näme etmeli? Kimdir birini kömege çagyrmak üçin ylgap gitmelimi ýa-da özüň synanyşmalymy…».

Batgalykdan ýene-de ses eşidildi. Göýä, çaga gyryk ses bilen gygyrýan ýalydy. Andreýiň dyzlary sandyrady. Kellesi güwläp başlady. Iň gowusy — ylgawyňy ýazdyrman, oba gitmeli-de, adamlara habar bermeli. Birden wagtynda gelip ýetişmeseler näme?

Ýok, nähili edeňde dogry boljakdygyna

Andreýiň özi göz ýetirmeli, soňra nähili alaç tapmalydygynam oň özi çözmeli.

Ol seresaplylyk bilen pişik basyşyny edip, batga girdi. Birdenkä aýagynyň astynda şalpyldy eşidildi… Andreýiň endamy tikenekläp gitdi. Oň juda yzyna dolanasy geldi, emma özüne döz gelip, öňe tarap ýöneldi. Zeňli suw oň topugyna çykdy. Ýene iki ädim ädäýse, Andreý dyzyna çenli batga batjakdy. «Agaç çogdamlaryna çenli baryp ýetmek gerek — diýip, ol oýlandy — şonda aňsadrak bolar!».

Andreý kynlyk bilen şol ýere ýakynlaşdy. Oňa taýak gerekdi, şonda ol özüni ynamlyrak duýjakdy. Oglan ulanar ýaly şahany saýlamak üçin töweregine göz aýlady.

Ýöne edil şo pursat agy sesi eşidildi:

— Kömek ediň!

Andreýiň kömege çagyrýana haýpy gelýärdi. Ol güýjünde baryny edip gygyrdy:

— Eý! O taýda kim bar?

— Tizräk bärik geliň! Kömek ediň! — diýip, batgadan gelýän ses jogap gaýtardy.

Andreý gyssanmaç halda, çemeli şahany gözläp durşuna, gaty ses bilen:

— Barýa-an — diýip gygyrdy.

Ahyry onuň gözleri ýogyn egri şahada eglendi. Şüý-ä ony batmakdan aman saklar. Oglan onuň üstüne mündi, ýöne ol döwülmedi-de, biraz egildi. Andreý gaýta-gaýta şahanyň üstüne münüp, omurjak boldy. Onuň köküniň ýanynda nämedir bir zat şatyrdady. Ýene biraz salymdan şaha jaýryldy. Andreý maňlaýynyň derini syldy-da, ýene oňa ýapyşdy.

Oglan gyssanmaç ýagdaýda işledi, adama kyn pursatlarynda gelýän güýç arkaly ol şahany silkip çekýärdi. Wah, haýsydyr bir gaty zadyň üstünde durup bolaýsady, aýaklar häli-şindi typýardy-da, ot basan batgalyga batýardy. Ýöne şaha islese-islemese oglana boýun bolaýmalydy! Ynha, şaha birden duýdansyz şatyrt etdi-de ýolundy.

Andreý juda haýal hereket edýändirin öýtdi. Şeýle-de bolsa, seresaplylyk bilen öňe süýşmelidi. Eger edýän hereketinden bir dem ünsi sowlaýsa, onda ol dyzyndan geçip duran batga batjakdy.

Ses niredendir bir ýerden, has ýakyndan eşidildi. Ol çaga sesidi.

Andreý:

— Saklanjak bol! — diýip, çagany ruhlandyrmaga synanyşdy.

Ahyry Andreýiň oňa gözi düşdi we doňup galdy: Ýoze!

Ol Andreýden iki ýaş kiçi, goňşy obanyň oglanydy. Bu ýüzjagazy meneklije, maňlaý saçy hemişe hüžžerip duran oglanjygy tanamaýan ýokdy. Galdaw oglanjyk. Ýoze elmydama nämädir bir zada gatyşyp, hokga çykarar ýörerdi.

Şeýle bolsa-da, edil şu mahal welin, ol biline çenli ot basan batgalygyň içinde, ýokarda uzagrak saklanmak üçin, ellerini iki tarapa ýazyşyna, sömelip durdy.

Näme etmeli? Ýoze çogdam agaçlardan uzagrakdady. Ol Andreýi gören badyna gygyrdy:

— Andreý, kömek et!

Andreý bir ädim ätdi, ýene bir ädim, soňra ýene-de bir… ol assa-assadan, emma birsyhly aşaklygyna çöküp başlady. Ol elindäki şaha daýanyp, derrew ol ýerden yzyna dolandy. Ýok, bu başartjak däl! Ýüpjagaz bolaýsa!.. Ony şaha daňardym, ana, şonda Ýozeni çekip çykarmak ýeňil düşerdi. Andreý jübülerini barlaşdyrdy, ýöne bir bölejik sapagam tapmady. Ol, köplenç, tutuş kelepleri ýany bilen götererdi ahbetin…

— Andreýka, tizräk bolsana!.. Sen nämä garaşýaň? — diýip, zeýrenen Ýoze batgadan çykmak üçin dyzap başlady.

Andreý dodaklaryny berk ýumup, assaja ses bilen:

— Seň ýanyňa baryp bilemok… — diýdi. Ol lapykeç haldady.

— Bir alajyny tap-da.

Andreý duýdansyz bir karara geldi. Ol şahany oklamaly. Şonda Ýoze birsellem saklanyp biler, özi bolsa kömek çagyrmaga ýumlugar.

Andreý şu zatlary aýdansoň, Ýoze gaty ses bilen:

— Gitme! ― diýip gygyrdy.

— Gitmek gerek…Tut!..

Andreý synanyp görensoň, şahany bat bilen Ýozä tarap oklady-da… ýeňillik bilen dem aldy. Şaha pagşyldap Ýozeniň ýanyna düşdi.

Oglan şahany garbap alansoň, ol:

— Saklaýarmy? — diýip sorady.

— Saklaýa… Birneme saklaýa özä — diýip, Ýoze dişlerini gyjyrdadyp gürledi.

— Häzir gelýän. Ýoze, ýene biraz gaýrat et! — diýip, Andreý ynamly ses bilen gygyrdy-da, gyrymsy agaçlaryň arasy bilen eýýäm yzyna çykyp gitdi.

Ýozeniň ahy-nalasy onuň arkasyndan itekleýän ýalydy — tizräk, tizräk! Indi topugyňa çenlimi ýa-da dyzyňa çenli batýaňmy tapawudy ýok. Çaltrak gaty ýere çykmaly-da, ýüzin salyp gidibermeli, gidibermeli… Andreý soňky gezek yzyna gaňryldy-da gygyrdy:

— Gorkma gelerin!

Indi obanyň alysdadygyna göz ýetirensoň, ol ýüreginiň gyýlyp gidenini duýdy. «Ýüwrüp ýetibilmen… Ýüwrüp ýetip bolmaz…» — gulagy şaňlady, oglany gorky basmarlady. Her niçik-de bolsa, Ýoze heläk bolmaly däl!

Andreý güýjünde baryny edip, ylgawyny ýazdyrman hem uzakdaky obadan gözüni aýyrman barýardy. Ýöne obanyň öýjagazlary ozalkysy dek kiçijik bolup görünýärdi. Hatda oba onuň öňünden edil daşlaşýan ýalydy. Daş-töwerekde bolsa yns-jyns ýokdy. Andreý yssylady, ol ýüwrüp barşyna, pioner boýunbagyny çözdi we köýneginiň iliklerini ýazdyrdy. Pessaýja şemal onuň kükregini ýelpänsoň, ylgamak biraz ýeňilleşdi. Birdenkä zoguň gyryk sesi asuda howany böwsüp geçdi. Otly! Andreý üsti relsli, demirýoluň beýik gum düşegine nazar saldy. Sähelçe salymdan onuň üstünden şakyrdap otly geçer. Ýolagçy otlusymy ýa-da ýük otlusy?.. Barybir, parhy ýok: Ikisinde-de adamlar bar ahyryn! Adamlar bolsa — Ýoze üçin kömek ahbetin!

Andreý birden demirýoluň gum düşegine tarap öwrüldi. Oba tarapdan gök tüssä gabsalyp, otly golaýlap gelýärdi.

Oglan dik eňňitden ýokarlygyna ylgap çykdy-da, ýaldyrap duran relsleriň arasynda sägindi. Onuň elinde pioner boýunbagy galgaýardy.

Otly heniz uzakdady, ýöne relsler ses edip, ýoluň gum düşegi-de titreýärdi. Şakyrdy barha güýjeýärdi. Otly göründi. Bu bulut ýaly tüssäniň içinden sogrulyp gelýän äpet otludy. Andreý gyzyl boýunbagyny ýokaryk galdyran mahaly «Göräýsediler, göräýsediler…» — diýen pikir onuň serinde at salýardy. Ol şu ýerde, eger ony görmeseler nähili boljakdygyna düşündi. Onuň demir ýoluň gum düşeginden aşaklygyna gaty togalanyp gaýdasy geldi, emma birdenkä otlynyň üstünde ak ýumak ýaly bug göründi-de, şol bada zoguň sesi eşidildi. Adamlar ony görüpdirler! Andreý dyzlarynyň sandyraýandygyny duýdy, ýöne duran ýerinden butnamady-da, diňe boýunbagyny iki ýana galgatdy. Onuň çekgelerindäki gan, göýä, damarlaryna sygman, daşyna çykaýjak bolýan ýalydy.

Birden sürüji otlyny togtatmasa? Ýa-da duruzyp bilmese! Ýoze batga batyp galar…

Otly batly öňe okdurylyp gelýärdi, zok bolsa edil gazaba münen ýyrtyjy kimin üznüksiz zoguldaýardy. Andreýiň gözleriniň öňünde gara halkalar peýda boldy…

Ol diňe gaharly sürüji ýüzüne bakyp gygyranda özüne geldi:

— Näme boldy? Seret, men seni ýenjäýmäýin! Otlyny saklamagyň nähili işdigine düşünýäňmi beri?

— Gark bolýa!.. Hol ýerde, şo taýda… gark bolýa! — diýip, ol samyrdady.

— Kim gark bolýa? — diýip soran, ýag degen geýimli kişi düşünmedi, her niçik-de bolsa, oglanyň görkezen tarapyna seretdi.

Emma uzakda tokaý gögerip görünýärdi-de, hiç bir ýerde suw görnenokdy.

— Aýtsana, oglan, kim gark bolýa! — diýip, ol Andreýiň egnine kakdy.

Andreý indi özüne geldi-de, üzlem-saplam gepläp, Ýozeniň nirededigini we oňa näme bolandygyny aýtdy. Sürüji hyrra yzyna öwrüldi-de, otla tarap ýumlukdy. Ol sähelçe wagtdan bir eli berk ýüpli yzyna dolanyp geldi. Ol beýleki elinde ilkinji eline ilen guýgujy saklap durdy. Otlynyň peç ýakyjysyna buggazanyň buguny öçürmän sakla diýip gygyrdy-da, Andreýiň elinden tutdy:

— Ylgaly, oglan!.. — Ol Andreýiň elindäki gyzyl boýunbagy gören badyna: — Sen pionermi? — diýip sorady. Megerem, ol özüniň gyzmalyk edenini nähilidir bir ýol bilen ýuwmakçy bolan bolsa gerek.

— Hawa, hawa, ýüwreli, daýy!

Olar batgalygyň golaýyna geldiler. Bu ýerde ümsümlik höküm sürýärdi.

Andreý galpyldap başlady. Oglan oňa garaşýarmyka ýa-da eýýäm onuň üstünde suw aýlaw edip durmyka? Ol elini agzyna ýetirdi-de, güýjünde baryny edip, bogazyna sygdygyndan gygyrdy:

— Ýo-ze!

— Sen dirimi ýa ýokmy?

Şobada gyrymsy agaçlaryň aňyrsyndan gykylyk däl-de, iňňildi eşidildi:

— An-dreý-ka!..

— Biz barýas, Ýoze!.. Biz barýas! — diýip, gygyran Andreýiň bokurdagy doldy.

Ol yranyp, kä ýagjymak zeňli suwa ýykylyp, ýöne dessine, tarsa turup, kynlyk bilen öňe okdurylýardy. Sürüji jalbarynyň öl-myžžyk bolanyny, aýakgabynyň goýy batgadan dolandygynam duýman, onuň yzyndan giň-giň ädimläp barýardy.

Ahyry olar gyrymsy agaçlaryň jeňňelligini böwsüp geçdiler. Ýoze eýýäm egnine çenli suwuň içindedi. Ol sandyrap durşuna, aman galmaga özüne ýardam eden şahany pugta gysymlap durdy. Andreýka gijä galmady…

Sürüji çakganlyk bilen guýgujy ýüpüň ujuna berkitdi-de, gygyryp:

— Ýapyş, oglan! — diýdi-de, zyňdy.

Ýozeniň golaýyna düşen guýguç onuň ýüzüni hapa läbikden doldurdy. Ýoze ýüpe ýapyşdy, sürüji hem çekip başlady. Andreýem kömekleşmekçi boldy, emma sürüji ony itip goýberdi:

— Hökman däl, ýeke özüm çeksem gowy bolar!

Ýoze ýuwaş-ýuwaşdan ot basan batgalykdan çykdy. Ol ýöremäge synanyşdy, ýöne aýaklary diýen etmedi. Ýüp öz işini bitirdi.

Ýoze öz halasgärleriniň ýanyna golaýlanda, olar onuň goltugyndan göterip batgalykdan çykardylar. Onuň üst-başyndan jorlap suw akýardy, suwotularyň, kerepleriň bölekleri gaçýardy. Sowukdan, belkem, başyndan geçiren gorkusyndan ýaňadyr, dişleri şakyrdaýardy. Olar Ýozeni demirýoluň gum düşegine çenli eltdiler we ýyly otlaryň üstünde ýatyrdylar. Gün oňa ýaşaýşy gaýtaryp berdi.

Sürüji Andreýiň ýanyna bardy-da, oňa ýag degen elini uzatdy.

Ol boguk ses bilen: — Bagyşlaweri, ilkibaşda saňa gödek söz aýdypdyryn. Seň adyň näme? — diýip, oglanyň ýaňagyndan sypalady. —

Andreý, sen gahryman! Her kes ýetip gelýän otlynyň öňünde şeýle uzak wagtlap durmagy başarmaz. Andreýiň kalbyny şatlyk gaplap aldy. Haýsydyr bir nämälim güýç ony tijendirdi we birdenkä, onuň eňegi sandyrap başlady.

— Bolýa, sag bol! — diýdi-de, sürüji otla tarap ýöneldi.

Ol iň soňky basgançakda ýene bir ýola yzyna garady-da, Andreýe Ýozeni nähoşlaýmaz ýaly, tizräk öýüne eltmelidigini ýatlatdy.

— Ol biziň obamyzdan däl — diýip, Andreý ýaýdanjaň jogap gaýtardy.

Ýozeniň nirelidigini bilensoň, sürüji şadyýanlyk bilen gygyrdy:

— Biz seniň obaň ýanynda säginip geçeris! Hany gel bärik, ezilen towuk ýaly bolup durma-da, öýüňe elteýin! Ynha, gazanyň ýanynda ýylanarsyň.

Bu sözler Andreýe gyjalat ýaly bolup eşidildi. Ine, saňa gerek bolsa! Sürüjiniň ýanynda oturyp ýol aşmak! Ol nämedir bir zat aýtmakçydy, ýöne otlyň zogy eşidildi-de, ol tizligini artdyryp başlady. Otly kerweni öwrümiň aňyrsynda gözden ýitensoň hem Andreý onuň yzyndan garap durşuna, elini galgadýardy. Ol hyýalynda otla münüp giden Ýozä gözi gidýärdi.

Imisalalyk aralaşansoň, Andreý ýene bir salym eglendi-de, obasyna tarap ýöneldi. Ol indi tokaý tarapa gitmedi. Ol ýolboýy ezilen Ýozeniň her hili tigirjikleri, tutawaçlary, saplary elleşdirip görýändigini göz öňüne getirdi. Sürüji açykgöwünli. Ol Ýozä otlyň zoguny işletmäge-de ygtyýar berer.

Andreýka hem zogulda meňzeş ses çykarjak boldy, ýöne başarmady.

***

1.  Olha — gaýyň agajynyň maşgalasyna degişli ýaprakly uly ýa-da gyrymsy agaç.

2.  Osina — söwütler maşgalasyndan bolan agaç.

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle