Batbörek (Hekaýa)

Batbörek (Hekaýa)

Lu SIN,
hy­taý ýa­zy­jy­sy

Pekinde gyş paslydy, entek galyň gar küdeleri ýeri ýassanyp ýatyrdy, arassa asmanyň ýüzünde agaçlaryň ýalaňaç şahalary görünýärdi, men alyslarda gaýyp ýören batböreklere gynançdyr haýran galmak bilen esedýärdim.

Biziň ýurdumyzda baharyň ikinji aýy batbörekleriň uçurylýan möwsümidi. Seçekleriň şygyrdysy eşidilen badyna başyňy galdyrarsyň welin, uçup barýan garamtyl-çal leňňeje ýa-da mawy reňkli kyrkaýaga gözüň düşer. Bulardan başga çerepisa meňzeş sessiz uçýan batböreklerem bolýar. Olaryň seçegi ýok hemem gaty pesden uçurýarlar, şonuň üçinem olar ýekirilen ýaly gaty gözgyny görünýär. Ýylyň şol wagtlary leýlisaçlar pyntyklap, ir ýetişýän dag şetdalylary gül açýar, olar batbörekler bilen bezelen asmana ýaz aýynyň mähirli keşbini çaýýar.

Häzir daş-töweregimi gyşyň ýowuz aňzagy tutup dur, ýöne aňymdan bireýýäm hoşlaşan ýurdumyň gaýtaryp bolmajak bahary geçip barýar.

Men batbörek uçurmagy halamokdym, has dogrusy, bu pişäni ýigrenýärdim, ony kelesaň çagalaryň güýmenjesi hasaplaýardym. Ýöne inim muňa başgaça garardy. Ol şol wagtlar on ýaşyndady, keselbent, çepiksije bolany üçin onuň höwes edýän oýny batbörekdi. Onuň batbörek almaga puly ýokdy, onsoňam ony uçurmaga rugsat beremokdym. Ol kämahallar dünýäni unudardy-da, ep-esli salym asmana garap, uly şatlyk bilen agzyny öwelder durardy. Birdenkä asmanda gaýyp ýören leňňeç aşaklaýsa, inim gorkusyna çirkin sesini edip gygyrardy ýa-da biri-birine çolaşan çerepisalary düzedäýseler, ol şatlanyp bökjeklärdi. Ýöne bularyň bary meniň üçin gülkünç hemem manysyz bir zatdy.

Bir ýola men jigimiň bir zatlara güýmenýändigini aňdym. Ony soňky sapar bagda bambuk şahalaryny ýygnap ýörkä görüpdim. Onsoň aňyma bir zatlar gelen ýaly, köne-sana zatlardan doldurylan kiçijik otaga tarap ýumlukdym. Ol ýerde hiç kim bolmaýar diýen ýalydy. Gapyny açan badyma çaň basan paty-putylaryň arasynda, oturgyjyň üstünde oturan jigime gözüm düşdi. Ol meni görüp, gorkusyna ýerinden tarsa galdy. Ýüzi ak tam bolup, ýygrylyp bir gysym boldy. Onuň ýanynda bambukdan ýasalan kebelegiň şekili bardy, kagyzyny entek ýelmäp ýetişmändir. Stoluň üstünde göz ýerine iki sany kagyz gyýkyndysy durdy. Jigim olary gyzyl kagyzdan ýasapdyr hemem olar taýyn diýen ýalydy. Onuň bu zatlary menden ogrynça edýänine gaharym geldi. Onsoň batböregi garbap aldym-da, döwüşdirip ýere taşladym, soňam aýaklarym bilen basgyladym. Men ondan ullakan hemem güýçlüdim, şonuň üçinem ol päsgel berip bilmedi. Şondan soň ony otagda ýeke galdyryp, tekepbirlik bilen soňuny saýman çykyp gitdim.

Ýöne haklaşyk wagty hem gelip ýetdi. Bu birek-birekden aýra düşenimizden ençeme ýyldan soň boldy. Men eýýäm orta ýaşly adamdym. Bir gün elime çagalar barada ýazylan daşary ýurt kitaby düşdi. Men ondan çagalygyň özbaşyna dünýädigini, oýunjaklaryň bolsa olar üçin ullakan güýmenjedigini bildim. Ana, şonda gözümiň öňüne bir wagt unudan çagalyk ýyllarym, jigimi kemsiden günlerim geldi hemem ýüregim gaýgy-gussadan agralyp, sallanyp barýan ýaly boldy. Göýä, üzülip barýardy.

Men öz ýazygymy nädip ýuwmalydygymy bilýärdim: inime batbörek sowgat edip, ony bileje uçurmalydym. Ana, şonda biz alaýaz bolup ylgaşardyk, gülşerdik… Emma häzir ol özüm ýaly murty taban ýigitdi.

Men günämi ýuwmagyň ýene bir usulyny bilýärdim: ondan ötünç soramalydym. Onuň: «Men saňa jinnek ýalyjagam gahar edemok» diýen sözlerini eşitsem, ýüregimiň rahatlyk tapjagyny bilýärdim. Men şeýtmegi hem ýüregime düwdüm.

Ahyry biz duşuşdyk, ýöne indi biziň ýüzlerimiz durmuşyň hasratlaryndan ýaňa gasyn-gasyndy, ýüregimden bolsa daş asylan ýalydy. Biz uzakda galan çagalyk ýyllarymyz barada söz açdyk. Men oňa şol wakany ýatladyp, şonda samsyklyk edendigimi aýtdym. Men onuň: «Saňa birjigem gahar edemok» diýerine, meni bagyşlaryna, ýüregimiň rahatlyk taparyna garaşýardym.

— Eýsem, şeýle zat bolupmydy? — diýip, ol geň galmak bilen gülüp durşuna, keseki biri barada aýdylan ýaly sorady.

Ol ähli zady hakydasyndan çykaran eken, şonuň üçinem ondan ötünç sorap durmagyň geregi ýokdy. «Bagyşla» diýäýemde-de, ol ýalandan aýdylan ýaly boljakdy.

Indi näme etsemkäm? Ýüregim ozalkysy deý aslyşyp durdy.

Ynha, ýene öz ýurdumyň bahary, onuň demirgazyk howasy gaýdyp gelmejek çagalygymyň ýatlamalaryny getirip, kalbymy gam-gussadan doldurdy. Gyşyň bu aýazly howasynda ondan gizlenesim gelýärdi, ýöne onsuzam daş-töweregim aldajy gyşdy hemem aňzagyň sowuk howasy köwsarlaýardy.

Rusçadan terjime eden Kerim GOÇGULYÝEW

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle