|

Batbörek

Batbörek BATBÖREK

Batbörek

Týan-Şan.
Başsaka.
Diwana Jeýhun.
Aral,
Iñ soñky dem,
Ölüm pillesi.
Bahry-Hazar,
Arasynda gomlaryñ
Ortaýer deñziniñ asmanyn boýlap
Garba sary uçup giden batbörek.
Şondan soñ hemme zat ugrun üýtgedip,
Uzak gözýetimde boldy janserek.
A men orta ýolda tekeri sypyp
Çöpe-çöre uran awtoulag ýaly
Uly ýollañ kenarynda oturyp,
Timisgenip süzme satýan daýza dek
Her geçenden señ gepiñi yzladym.
Sordum soñky döwür tozgasy artyp
Sensiñ öýdüp hapalanan howany.
Iriñ tutan öýkenimi mynçgalap
Näçe jüwlünsem-de rehimsiz pelek
Hoşlasynlar diýip iñ soñky gezek
Getirmedi ne seni,
                               ne zamany.
Hernä, janym itiñ jany ýalymyş,
Garşa eşdilse-de däl diýip çakda
Yşkyñ wirusyna ýolugyp, soñam
Içini pos tutup, ölýänler hakda.
Men-ä öläýmedim.
Gaýtam garaşdym
Ýene dolanjagña umyt bildirip.
Gelipsiñ
Tañ etdiñ
Indi bir gitme.
Bardy-geldi bir gün gitjegem bolsañ
Koronawirus dek ýokan badyña
Git sen öldürip…

Has TÜRKMEN. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle