|

Basnýalar

Basnýalar BASNÝALAR

Basnýalar

• Mata bölejigi

— Meni reñkläñ? — diýip, mata bölejigi ýalbarýar. — Men eýýäm özüme baýdagyñ agajyny hem saýlap aldym. Indi meni diñe reñkläýmek galdy.
— Seni haýsy reñke boýaly — ýaşylamy, garamy, mämişämi?
— Meniñ reñklerden kän bir başymam çykanok — diýip, mata bölejigi ýygrylýar. — Ýöne meniñ baýdak bolasym gelýär.

• Düwürtik

Düwürtik keltejik adamyñ mañlaýynda oturan ýerinden uzynak adamlaryñ mañlaýyna gözi gidýär:
— Wah, şol ýerde ornaşyp bolsady!

• Deñsizlik

— Ertirden tä agşama çenli zähmet çekseñem, hiç hili sagbolsun alyp bolanok! — diýip, sagdyn diş zeýrenýär.
— Zaýa dişlere bir serediñ, altyndan don geýşip ýörler. Näme üçin beýle? Ýa olar zähmetde tapawutlanypmy?

Feliks KRIWIN.

Rusçadan terjime eden Nurmuhammet BERDIÝEW.

«Edebiýat we sungat» gazeti, 13.01.1968 ý. Sözler

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle