|

Başlyk hakynda ballada

Başlyk hakynda ballada BAŞLYK HAKYNDA BALLADA

Başlyk hakynda ballada

Başlygymyz ähli zatdan eý gördi,
Agyz diýen ýyrtyk gädijegini.
Ak sadap dişlerne altyn geýdirdi,
Bil baglap ynamy ödejegine.

Beýan edip, söýgüsini, yşgyny,
Gurdurdy ol Şasenemiň köşgüni.
«Gyzyl çaýyp» berdi gülüň keşbini,
Kyrk ýaşan aýalnyň dodajygyna.

Öten ýyl kurorta baryp geldi ol,
«Dynç alyp», köp ýeri görüp geldi ol.
Täzeje «Žiguli» sürüp geldi ol,
Hiňlenip ozalky kadajygyna.

Indi göz gyzaryp heserlenýärmiş,
Düýşünde gyz alyp, basyrganýarmyş.
Ýöne kanun oňa hödürleýärmiş,
Günäliň «dynç alýan» adajygyny.

Baýram AMANGYLYJOW.

«Tokmak» žurnaly, 1992 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle