| |

Başlyk aga, bagyşla / intermediýa

Başlyk aga, bagyşla / intermediýa

BAŞLYK AGA, BAGYŞLA

(A.Çehowa öýkünme)

— Başlyk aga jan, mümkinmidir?!
— Mümkindir.
— Başlyk aga, meñ bilen deñ bolmaweriñ.
— Hä, näme boldy?
— Ýanyñyza ýörite ötünç soramaga geldim.
— Näme boldy diýýän-how?!
— Öten agşam, daña golaý…
— Kolhozyñ samanyny ogurladyñmy?
— Ýok.
— Onda näme ogurladyñ?
— Ogurlan zadym-a ýok, ýöne…
— Hä, o nämäñ "ýönesi"?
— Düýşümde bilmän kölegäñizi basaýypdyryn, edil garnyñyzyñ üstünden.
— Näme edäýipdirin?
— Walla, başlyk aga jan, gatyrganmasañyzlañ. Bilmän atanlykda basaýypdyryn.
— Nämäni basdyñ?
— Garnyñyzy. Kölegäñiziñ garnyny, nemedipdirindär-aý…
— Menlik başga işiñiz barmy?
— Başlyk jan, gatyrganmasañyzlañ.
— Gatyrganamok-how, başyña-gözüñe döneýin. Bar gitsene, öñem işim başymdan agdyk.
— Dogrymy aýdýan başlyk. Sögüp zad-a etmedim.
— (Gaharly). Sen maña gün berjekmi ýa-da ýok?
— Ýýak, başlyk aga, ömrümizde bir etmesi iş etdik welin, käýinmeseñizläñ.
— Sen meñ ýakamy goýberjekmi ýa-da ýok?
— Men ýakañyzdan tutmadym, öwülýä kessin, dogrymy aýdýan. Diñe kölegäñ garnyndan basdym.
— (Has gaharlanýar). Ah-ow, bendäñ çagasy, men senden bizar boldum, bar gitsene…
— Günämi geçiñ başlyk. Indi beýle zada ýol bermen.
— Sen meni halys ýykdyñ-la-how…
— Sizi ýykan men däl, orunbasaryñ ýykdy. Men ýöne bilmän garnyñyzdan basypdyryn, kölegäñiziñ garnyndan.
— Ugra şu ýerden, gözüme görünme… (çirkin gygyrýar).
— Baý başlygymyzam hyrsyz bolupdyr-aý. Sähel zat üçin gygyryp dur. Men seniñ garnyñdan basamok, how, kölegäñ garnyndan basdym. Aý, gowusy, aýalyna ýalbaraýyn-la. Garagy çykan ýaly şoñ diýenini-hä eder-dä (çykyp gidýär).

Täçmämmet JÜRDEKOW.

Satiriki hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle