Başlygyñ özi-dä / satiriki hekaýa
Başlygyñ özi-dä / satiriki hekaýa

— Hormatly oba zähmetkeşleri, häzir size «Mesirgän molla» diýen oýun görkezmekçi bolýarys.
— Kyýas han, men-ä şol mollanyñ rolunda oýnajak däl.
— Näme üçin?
— Ol-ä tüýs başyna giden how. Azypdyr. Mes.
— Ony nireden bilýäñ?
— Hol gün aýdylan janly edilende şol mollany ýörite apalap çagyryp getirdiler. Maña şonuñ eline suw akyt diýdiler. Akydyp durkam, ýañky mollasumak kündügi elimden kakyp aldy-da, hol mellegiñ içine oklap goýberdi. Aý, gaty erbet utandym-a. Ýer ýarylmady, men girmedim.
— Kündügi ýeke elde tutansyñ-da. Beýleki eliñ bilen çürründiginden tutmadyñ diýen bolýandyr.
— Wah, hawa-la. Aý, gaharyma bäs geljek bolup, tas ýarylypdym. Ikiçäk bolsañ zyýanam ýok weli, ähli gurama başlyklaram aý berşip durlar.
— Zat diýen bolmadymy?
— Wah, ählisi käýedi-le.
— Mollamy?
— Ýok-la, maña-la.
— Hany, komsomol guramasynyñ sekretary Gurt Ýazmyradow näme işleýä, señ tarapyñy çalman?
— Gurt-da şol ýerde mollanyñ ýuwunjak kündügini hozmagdan öz «Žigulisi» bilen elin getirip, üç gezek gyzgyn suwa çaýkan.
— A, profsoýuz komitetiniñ başlygy Arça Muhammedow näme üçin mollañ petigulysuny bermedi?
— Arça-da şol mollany üç günläp gözläp, ahyry tapyp getiren.
— Medeniýet orunbasary Gytja, näme, ýaşmaklymy?
— Gytja-da çagam bolanok diýip, şol molla özüni okatdyrýan.
— Hany ilkinji partiýa guramasynyñ sekretary ýoldaş Saryýew?
— Meni köp gepletme. Roluñy yzyna al. Men çekinýän. Guramalar işlänoklar.
— Obada iñ esasy adam — başlyk näme işleýä bu zatlar seretmän?
— Wah, başlyk-da şol aýdylan janlyny berýän. Oraşan düýş görenmiş.
Iş gowşak diýip, býuroda wezipeden boşadýarmyşlar.
— Mollañ roluny oýnamaly-ha borsuñ. Häzir ýaşulular hem geljekler. Ýolbaşçylaram şu ýere ýygnanjaklar.
— Eger gürrüñli bolsa, iñirdeselee, men-ä medeniýet köşgüniñ direktory Kyýas meni mejbur etdi diýip hökman aýdaryn. Şoña boýun bolsañ oýnaýyn.
— Be. Mesirgän mollañ roly-ha kyndyr-ow. Sen has gödegrägem oýnaýań. Men bir pikir edip göreýin. Kündük bilen birini heläk edäýmegiñ mümkin. Ägä bolmaly.
Gurbangylyç HYDYROW. Satiriki hekaýalar