Bäşim Nuraly
Bäşim Nuraly

Söýýän Bäşim Nuralynyň işlerin..
Söýýän sadalygyn.
Ýönekeýligin.
Ine, sähra gyzlarynyň döşleri
Ýaryp barýar gül keteni köýnegin.
Ine, çopan goşy.
Ine-de, bagşy
Ýüzün göge tutup, zowladyp otyr.
Tamdyrda nan bişýär, ýagşydan ýagşy,
Gapdalda ak köpek meýmiräp ýatyr.
Göze dürbi dakyp, ediberiň syn:
Adamlaň ýüzleri,
Tamdyrdaky ot,
Şeýle bir, şeýle bir ýürege ýakyn,
Nädip aýtjagyňam bilip bolanok.
Ýöne söýüp, ogşap dury asmany,
Biz bilen bir ýurtda alyp ýörkä dem,
Barka aramyzda çyn Pirosmani,
Bu zatlary duýmandyk biz sähelem.
Gaýta, hondan bäri, akyllysyrap,
Onuň täsinligne gülýärdik çala.
Ol bolsa, elmydam ot deý syçyrap,
Gümra bolup ýördi öz işi bile.
Ýyllar geçip barýar
ulgam-da ulgam.
Örän täsin seçip ejizdir merdi.
Bu kesel adama öňden ýolugan:
Dirikä adama düşmezlik derdi.
Adam ýaşap, ýanyp berilen ýyllar.
Öçensoň şöhlesi ýetýärmi bize?
Eýsem, subut etmelimi geniler,
Geniligin bir-täk ölümi bile?! Goşgular