|

Başgyrt pähimleri

Başgyrt pähimleri BAŞGYRT PÄHIMLERI

Sowuk söz ýürege ýetinçä buza döner.

* * *
Akylla aýtma — özi biler, ýagşydan dileme — özi berer.

* * *
Perzent üçin enäniñ ýüregi agyrar, atanyñ — bili.

* * *
Akylla maslahat berseñ — minnetdar bolar. Akmaga maslahat berseñ — gülküsi tutar.

* * *
Ýigit ýarasyz bolmaz.

* * *
Nähoş bir sapar öler, akmak her gün.

* * *
Ýylan bilen dost boldugyñ — sokar.

* * *
Myhman az bolar, köp görer.

* * *
Işleýäne — çörek, işlemeýäne — uky.

* * *
Ýigit bir sözi iki sapar aýtdyrmaz.

* * *
Asylly kişi maksadyna ýeter.

* * *
Barmak bilen barmak deñ däl, ynsan bilen — ynsan.

* * *
Agyz egri bolsa-da, sözi düz bolsun.

* * *
Çaga atadan ýetim galanok, eneden ýetim galýar.

* * *
Boýuñ bilen däl, akylyñ bilen öwün.

* * *
Öte ätiýaçly bolmagam gorkulydyr.

* * *
Ýylanyñ guýrugyna basma, başyna bas.

* * *
Söze bakma — işe bak.

* * *
Ýöremäni bilmeýän ýoly horlaýar, geplemäni bilmeýän sözi.

* * *
Hassalyk put-putlap geler, mysgal-mysgallabam gider.

«Watan» gazeti, 1995 ý. Sözler

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle