|

Bäsdeşlik

Bäsdeşlik BÄSDEŞLIK

Bäsdeşlik

Unaş iýip bolup, boýumyz deňläp,
«Kim has uzyn» ýaryşardyk, bäsdeşdik.
Şonda seniň boýuň uzyn çykaýsa
Has köp iýip, öserdim men, basdaşdyk.

Ejem seni gujaklasa gabanyp
Aglap, ol gujagy eýelärdim men.
Iş başynda artyk işlän mahalyň
Senden ozjak bolup «gyýalardym» men.

Käte oglan eşiklerini geýnip,
Seň ýöreýşiň gaýtalap kän ýörärdim.
Goýun baksaň, sygyr bakyp ýermizde
Senden ozmak üçin, saňa garardym.

Sen palçykdan kiçi gala salaňda,
Men has ulusyny salardym hyklap.
Hat ýazmagy ilki öwreneninde
Menem öwrenipdim galdapdan jyklap.

Harby lybas geýip, esger bolaňda
Ejemiň guwanjaň ýüregin guçduň.
Menem harby lybas kalbymda besläp
Hukuk fakultetiň gapysyn açdym.

Görsem, jigilerim bizden galyşman
Hersi öz ykbalyn saýlady munda.
Yzkylaryň azaşmazlygy üçin
Mert durna uçarmyş hatar öňünde.

Watan serhedine başyňy goýup
Gulluga başladyň, arman-ýadaman.
Asyl, dogry ýoly öwrenmek üçin
Aga berilýändir bagtly adama.

Bäsdeşlik ösüşi döredýär eken
Sen utup gelipsiň, başdan herzaman.
Jigiler utulyp, Hak yol tapsalar
Bu seniň ýeňşiñdir bäsdeş agamjan!

Bibigül ÝAGŞYMÄDOWA. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle