Başdan başla
Başdan başla
Başdan başla, başdan başla başarsaň,
Hiç zat bolanok diý, hiç zat bolanok.
Çagalygyň ylgap gelýär daşardan,
Heniz egnimdäki geýmim solanok.
Söýýän diýen sözem ýat maňa, saňa
Özümem ynanjak bolup jan çekdim.
Meni ýekeje zat gorkuzýar diňe –
Tabydyň içinde irkilen şekliň.
Bolanok diý, bolanok diý, bu gije
Aň dumanly, göýä ak maýaň ýoly.
Söýgi hem ýigrenje atylan bije,
Mukaddeslik bilen sowaldan doly.
Al ganyň adyndan,
Aýyň agyndan
Başga şygyr ýazmaň taparyn tärin.
Bagtyň humaryndan,
Hasrat dagyndan
Dörän bu goşgudan el göterýärin.
[AÝNA ÝALKABOWA,
8-nji synp okuwçysy, Murgap etraby. Goşgular