|

Başarmadym

Başarmadym

BAŞARMADYM

Şol gün bir söz bilen: «Unut!» diýipdiň.
Hiç haçan sözüňden çykmanym üçin,
Hiç haçan raýyňy ýykmanym üçin,
Seni çynym bilen unutjak boldum.
Şeýdip bir ýagşylyk edäýjekdim men
Hem saňa, hem-de öz ykbalym üçin.

«Wagt geçer, köşeşersiň» diýipdiň,
Sen bilýän ekeniň,
Köşeşdim soň-soň.
Ýöne men näme üçin seni görýärkäm,
Dünýäm daryganda gözlermi ýumsam?

Sensizlige öwrenişmen öýdüpdim,
Hernä güýç hem sabyr berdi Biribar.
…Ah, şonda-da iňňäň ujy ýalyjak
Kalbyňda yz galýan eken barybir.

Şony başarmadym süpürip taşlap,
Boýun alsaň gowy,
Meni bagyşla!

Agageldi ITALMAZOW.

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle