|

Bäş tapawut

Bäş tapawut BÄŞ TAPAWUT

Bäş sany zat bäş zat bilen oñuşmaz:
Dostlyk hem Gedemlik.
Sypaýylyk — Gödeklik.
Zalymlykdan beýikligi agtarma,
Biri-biri bilen dogan boluşmaz.
Näçe ýalbarsa-a bir gysganç baýa,
Syrnyh ýeke teññe bermez gedaýa.
Ýalan kast edýändir Ynamdarlyga,
Şulary ýat bekläp, ogrudan gora.

* * *

Sen aýala mydam geçirimli bol,
Egri gapyrgadan ýasalandyr ol.
Hudaý hem bilmändir ony göneldip.
Sen göneltjek bolup,
egäýseñ eger,
Ol şarta döwler.
El degirmän ýörseñ, hasam egreler.
Adam, Hudaý eçilib-ä bilipdir,
bize şeýle hüýr-melegi beripdir.
Egme-de, döwme-de,
aýtjak sözüm şol,
Sen aýala mydam geçirimli bol!

Iogan Wolfgang GÝOTE.

Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle