|

Balygyň howsalasy

Balygyň howsalasy BALYGYŇ HOWSALASY

Balygyň howsalasy

Şor ummanda ýüzýär balyk,
Pikirleri alasarmyk…
Hasratdan doly gursagy,
Ätiýaçly her pursady,
Bilýär hile gurulýanyn,
Iki ýana urunýar ol
aldanmajak bolup hilä,
Ýogsa bilibem baranok,
Hile alyp gidýär nirä.
Pikir ýöredýär ol her hal,
Howsalasy artyp barha:
«Ahyr çeňňege düşer men,
Meger gazanda bişer men,
Gazanda bişsem owarram,
Şonluk bilen bolarn tamam.
Ýöne, eger saýlamakçy
bolup, meni bir balykçy
Alyp gitse ol giň ülkä,
«Bakylyk» diýen ertekä,
Şonda nähili bolarka?
Göz öňüme gelýär görnüş,
Süýji suwly ajap durmuş.
Bag-bakjaly, ir-iýmişli,
Dag-daşy dürli görnüşli,
Ne tory bar, ne böwedi,
Ýaşamalymyş ebedi,
Ýöne, beýle soňsuzlygyň,
Nämedekä ähmiýeti?..
Göz öňümde düýpsüz umman,
Soňuna çykmasy güman.
Göýä tükeniksiz gije,
Has hem düşüniksiz bije».
…Şor ummanda
ýüzýär balyk,
Pikirleri
alasarmyk.

08.04.2017

Resul ORAZOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle