|

Bakyýet

Bakyýet BAKYÝET

Bakyýet

Men müň ýyl ýaşadym.
Ýok, ondan hem kän!
Bu gün ony hasap etmek hem çetin.
Men bardym Oguz han atam dirikä.
Uly-uly söweşleriň bir çeti
Maňa degip, saldy tenime ýara.
Eý, sen Parfiýanyň gyzgyn sährasy,
Ýadyňdamy gara başy goýara
Ýer peýlänim bir daş ülkäniň şasy
Üstümizi gapyl basan halaty?
Indi ýadym kütelişýär, kimdir ol
Şonda köňlümize baglan ganaty?
Hernä kyn pursatda galmandyk osal.
Kesip geçse Arabystan çölüni,
Menden nyşan tapar ýürekden idän.
Pygamberimiziň aljyran güni
Mekgeden ugrapdym men hem Medinä.
Maru-şahu-jahan ahu-jahana
Öwrülende ýandy köňlümiň peri.
Hiç goýmandy ýaşamaga bahana
Çingiz hanyň gana suwsan leşgeri.
Ýöne güle dönüp galdym men külden.
Aý, ýyldyzlar tutmadylar ýasymy.
Bakylygyň keşbin saklap köňülde
Durmuşa sarp etdim bar yhlasymy.
Göz öňüm müňlerçe wakadan doly.
Men kän ýyl ýaşadym, ýitdim ýitsem-de
Her gün agşam Günüň öçüşi ýaly
Görnüşe aldanýan göreçlerimde…

Orazgylyç ÇARYÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle