| |

Bakylyk

Bakylyk BAKYLYK

Bakylyk

Haýýamyñ ruhuna

— Sen mamla, eý şahyr, sen rast aýdýarsyň,
Seniň sözleriňe baky maýylam. 
Jahanda hiç bir zat baky däl, anyk 
Ynsanyň ruhuna perde saýylan 
Beden hem toprakda bolýar dagynyk.

Haýýam halklaň ýüreginde ýaşaýar, 
Setirleri bakylyga jaň ýaly. 
Ol ýüregni adamlara paýlady, 
Söze siňdi beýik şahyr ykbaly

Gaýtalaýar ony ähli asyrlar, 
Emelsizler näçe ýazsa, diýse-de, 
Kalbyňda şahyryň ruhy oýanýar, 
Pikirleri başga geýim geýse-de.

Onuň beýikligni onlap ýa ýüzläp, 
Adamlaň aýtmaga ýetmedi hetdi. 
Onuň beýikligni onlap hem ýüzläp, 
Ýumaga saralan ýyllar subut etdi.

▶ SEN — MENIŇ YLHAMDARYM

Seniň ruhuň, bedeniň bir şirin şygyr mysaly,
Men taýyn öz eserlerme salmaga seni sözme-söz. 
Sen sözden dörän bolmaly, syn eýlesem kamatyňa, 
Hyýalymda hemme zat sen, çar tarapa gözlesem.

Eý, haýsy perişdekä? – diýip, seni görüp soradym men, 
Jasmina – beýle çigildem güli kim bu ýerde döretdikä? 
Meni pagyş-para edýän bu gazaly kim ýazdyka? 
Täzeden dünýä getirýän bu gyzy kim döretdikä?

Goşgyma esas bolan – syratyň – sungat nusgasy, 
Çeşme deý timar saçyň saýradar şirwan tillerim.
Sözlerimiň sazlaşygy ogşap hoşroý jemalyňa,
Seniň rozy ruhsaryňdan ragbat alýar setirlerim.

Duýýaryn öz borjumy men bu beýik şygryň öňünde, 
Söýgüsiz dörän setirler – geçmişiňe ökünmekdir. 
Ant içýärin, eger bir gün galsa menden ýalňyz şygyr, 
Ynan, onuň her setiri seň keşbiňe öýkünmekdir.

Abdylkaýum MÄMMETJANOW,
täjik şahyry.

Terjime eden: Muhammet BEKGIÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle